
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri rowaçlanýar, döwrebap mümkinçilikler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bilimiň iň döwrebap mümkinçilikleri, ýaşlaryň bilim öwrenmeklerinde ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynyň ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy babatda zerur şertleri döretmekde ýokary netijeleri gazanandygynyň ykrarnamasy boldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary, şol sanda halkara guramalar bilen hoşniýetli gatnaşyklar ýola goýulýar. Ynha, ylym-bilimde gazanylýan üstünlikler hem buýsandyryjydyr. Käbir maglumatlara ýüzlensek, 2013-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça şäherleriň 425-sini özünde jemleýän bu bütindünýä tory täze agza şäherleriň ähli ýaşdaky adamlaryň bilimleri özleşdirmekleri üçin ýerli derejede degişli işleri durmuşa geçirmek ugrunda aýratyn tagallalaryna hem-de ygrarlylygyna ýokary baha berýär. Oňa täze agzalaryň kabul edilmegi bilen, öwreniji şäherleriň sany 91 ýurtdan 425 şähere çenli artdy. Bu şäherler, takmynan, 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy babatda zerur şertleri üpjün edýärler. Aşgabat şäheri Porto-Nowo, Kair, Ankara, Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres ýaly şäherler bilen birlikde, şu ýyl bu tora kabul edilen 11 sany paýtagt şäheriň hataryna girdi. ÝUNESKO şu ýyl bu tora 12 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem ilkinji gezek kabul edilendigini habar berdi. Bu buýsandyryjy maglumatlar paýtagtymyzyň ylym-bilim mümkinçilikleriniň ýokarydygynyň, dünýä derejesinde ykrarnama eýe bolýandygynyň beýanydyr.
Häzirki döwürde bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, okatmagyň we bilim öwretmegiň iň kämil, döwrebap usullarynyň peýdalanýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Innowasion tehnologiýalar bilim ulgamyna işjeň ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde internet programmalaryň üsti bilen kitaphanalaryň, muzeýleriň maglumatlaryny, ylmy kitaplaryny öwrenmäge mümkinçilikler döredildi. Elektron kitaphanalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, bilimiň iň döwrebap usullaryny ösdürmek iň ýokary şertlerden habar berýär. Bularyň ählisi bilim özgertmeleriniň belent üstünligidir.
Ylym-bilimi dünýä derejede ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jennet MUHAMMETGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
okuw bölüminiň hünärmeni.





