
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp ösdürýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, täze binalar, şäherler, önümçilik desgalary gurulýar. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgerişleriň gözbaşynda halkymyzyň röwşen geljegi, ýagty ertirleri bardyr.
Bu gün, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilime döwlet derejesinde berilýän ünsüň uludygy hemmämize mälimdir. Ýurtda bu ulgamy düýpli ösdürmek meselesiniň öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan alyp gaýdýandygy bizi diýseň guwandyrýar. Bilimi düýpli ösdürmek işinde ýurtda bimöçber işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakyndaky aladasynyň netijesinde gurulýan çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň iň döwrebap mümkinçiliklere eýedigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu gün ýaşlarymyz döwrebap bilim alyp, dürli hünärleriň eýesi bolýarlar. Mahlasy, bilim we hünär almak üçin ähli şertler döredilendir.
Milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda senagatyň durnukly ösüşi, döwrebap önümleriň öndürilmegi — bularyň ählisi öz wagtynda netijeli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli, başarnykly ylmy işgärleri taýýarlamaga, ylmy-barlag institutlarynyň işlerini düýpli kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy maslahatlar bolsa, bu ugurda öňde goýlan maksatlary durmuşa ornaşdyrmagyň ýolunda özboluşly ädimdir. Şonuň üçin hem ýokary okuw mekdeplerinde halypa-şägirtlik ýörelgesi pugtalandyrylýar, dürli ylmy maslahatlar geçirilip durulýar. Özi hem bu maslahatlarda sanly ulgam arkaly dünýä alymlary, görnükli ylmy işgärler öz ylmy garaýyşlaryny beýan edýärler. Şeýle hem, dünýä derejesinde geçirilýän onlaýn bäsleşiklere, bilim ugrundaky bäsleşiklere ýaşlarymyz işjeň gatnaşyp durýar. Bu bäsleşiklerde türkmen ýaşlary mynasyp orunlary eýeläp, öz başarnyklaryny, zehinlerini görkezýärler.
Ylym ulgamynda gazanylýan üstünlikler bilen birlikde, ýurdumyz üçin zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak möhüm ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň bilim öwrenmekleri, ylym dünýäsine oňat düşünmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Halypa mugallymlar ylmy işleri alyp barmagyň, ylmy gözlegleri amala aşyrmagyň ugurlaryny ussatlyk bilen öwredýärler. Bu bolsa ýaşlaryň ylma çekilmegine, olaryň dünýägaraýşynyň has-da ösdürilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem ýaşlar ylmy edebiýatlary, kitaplary, elektron maglumatlary nazaryýetde özleşdirýärler we tejribe sapaklarda ylmy garaýyşlaryň durmuşa geçirilişini öwrenýärler.
Ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak meselesi ýurdumyzyň ylym-bilim pudagyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegiň ýolunda esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky durmuşa geçirýän işleri döwletiň ylym we bilim pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýokary düşünjeli ýaş nesilleriň kemala getirilmegine mümkinçilik döredýär.
Kämilligiň we bagtyň aýdyň ýoly bolan ylym-bilim aňyrsyna göz ýetmeýän giňişlikdir. Şol giňişlikde ýaş nesillerimiziň bagty bar. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ylym-bilim özgertmeleri halkymyzda buýsanç döredýär. Şeýle buýsanja beslenýän ilimiz hemişe «Ylym — bagtyň gözbaşy» diýen parasatly pähime ýüregi bilen uýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri, olaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ýaşlar dünýäniň ylmy gazananlaryny özleşdirýärler, dünýä dillerindäki ylmy maglumatlardan yzygider habarly bolýarlar. Bu hem ylmyň täze belentliklere ýetirilmegine önjeýli goşant goşýar.
Biz ýaşlara berilýän terbiýäni we bilimi mundan beýläk-de sazlaşykly alyp bararys. Ýaşlar Watanyň, halkyň geljegi. Ylym-bilimiň ilkinji basgançagy bolsa, bilim ojaklaryndan başlanýar. Biz — mugallymlar Watanyň, halkyň geljegi, daýanjy bolan ýaşlary terbiýeläp we ösdürip ýetişdirmekde bilimimizi, zehinimizi, başarnygymyzy gaýgyrmarys. Häzirki ajaýyp döwrümizde biz — bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülzira NARBAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.





