
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze orta we ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar. Bu bolsa sanly bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak ýokary derejä eýedir. Bilim ojaklarynda sanly bilim ulgamynyň üpjün edilmegi, elektron bilimiň serişdeleriniň ösdürilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter, multimedia tehnologiýalarynyň, internet torlarynyň oturdylmagy ýaşlara sanly ulgam arkaly bilim berilmegine döredilýän mümkinçiliklerdir. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän aýdyň görkezijilerdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Eziz Watanymyz parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Bu günki gün halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä ýaýylýandygyna tüýs ýürekden buýsanýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatsöýüjiligiň, umumadamzadyň bähbitlerini ileri tutýan ýörelgeleriň gözbaşy bolup durýar. Şonuň üçin hemişelik Bitaraplyk bütin dünýäde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Muňa ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda bilim işgärleri bolup guwanýarys, buýsanýarys.
Tirkiş REJEPOW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.





