
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine eýe bolýar. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işlerde bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş hünärmenleri ylmy taýdan taýýarlamak bilen baglanyşykly tagallalar aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy garaýyşlaryny kämilleşdirmek, ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri rowaçlanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Orta mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň dünýä dillerini suwara bilmegi, sanly ulgama oňat düşünmekleri aýratyn buýsandyryjydyr. Elbetde, döwür bilen deň gadam urmak üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki tehniki ösüşiň gazananlaryndan baş çykaryp bilýän hünärmen bolup ýetişmek her bir ýaş nesliň arzuwydyr. Bu asylly maksatlar üçin ýaşlar bilim öwrenmekde giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.
Döwletiň esasy sütüni bolan ylymly-bilimli ýaşlaryň kemala gelmeginde ata Watanyň ertirleriniň has aýdyňdygyny görmek bolýar. Ylymly-bilimli, kuwwatly döwletiň ösüşi kämildir hem-de berkdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň gözbaşynda ýaşlar baradaky aladanyň durandygyny görýäris. Ylaýta-da, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş alyp çykmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän çuňňur bilim öwrenmeklerine niýetlenen, ähli amatlyklary bolan orta we ýokary okuw mekdepleriniň köp sanlysynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi-de muny aýdyň beýan edýär.
Aýlar GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.





