Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Paýhasa ýugrulan pentler
Paýhasa ýugrulan pentler
335 |
22 Iýun 2026 ý.

Ol mugallymdy. Bu adyň nähili täsirli ýaňlanýandygyny işi, göreldesi bilen ile ýaýradanlaryň biridi. Şeýle dereje her kime miýesser etmeýär. Munuň üçin, ilki bilen, belent adamkärçilikli, pespäl bolmaly. Belki-de, mugallyma pentleri ýazmaga ylham beren esasy zat, onuň Döwletmämmet Azadynyň eserlerine sygnyp, Magtymgulynyň şygyrlaryna uýup ýaşandygyndandyr. Öz okuwçylaryňa, şägirtleriňe aýdara hoş sözüň, pentleriň bolmaly. Haýdar mugallymda şularyň ählisi bardy. Onuň çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelipdi. Ol döwrüň çagalarynyň horluk görmedigi az-azdyr. Ýekeje mysal, Haýdar Muhyýew özüniň «Ogullaryma pent» ady bilen 1997-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çapdan çykan kitabynda şol ýyllarda «alwanjyk» atly oty hem iýendiklerini ýazýar. Ol hakda «Alwan» diýen at bilen gazetimizde zehinli žurnalist Seýitguly Geldiýewiň ýazan makalasyny hem okapdyk. Haýdar mugallym ony «alwanjyk» diýip alypdyr. Bu, megerem, söýgülilik, ezizlemek, halasgär manysyndaky goşulma goşulyp alnandyr.

Haýdar mugallymy tanamaýan ýok diýen ýalydy. Köpler ony gowy mugallym, oňat ýoldaş hökmünde tanasa, kimler ony ýazan kitaplary boýunça tanaýardylar. Şu makalanyň ýazylmagyna Haýdar mugallymyň gyzy Sona bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik hemem ýaşap ýörende şu ýyl doglan gününe 95 ýyl dolýan alymyň «Ogullaryma pent» atly kitaby sebäp boldy. Kitaby okanymyzdan soň, Haýdar mugallyma durmuşyň alymy diýesimiz gelýär. Synçylygy, inçeden yzarlamagy başarandygy üçin alymyň sözleri durmuşyň jümmüşinden, gadymyýetden gelýän ýazgylary ýadyňa salýar. Kitapda agzybir bolmak, tygşytlylyk ýaly durmuşyň özenini düzýän zatlar hakda gürrüň edilýär.

Biz Haýdar Muhyýewiň özüni görüpdik. Şeýle ylym adamlaryny birje gezek göreniňde hem ýakymly täsir galdyrýar. Sebäbi olaryň ruhy dünýäsi baý bolýar. Bellemeli zatlaryň biri-de halypanyň okumyşlygydyr. Dünýä ägirtleriniň eserlerini okap, öz ýoluňy tapmak, özüňçe pikir öwürmek, beýan etmek ylymda ilkinji zeruryýetlikdir. Dogrudan-da, zehinliniň, ezber ussanyň elinden çykan işler ýyl geçdigiçe barha reňk açýar, geljekki dörediljek işlere-de nusga, ölçeg ýaly bolup dur.

Haýdar Muhyýewiň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň halypa mugallymlarynyň biri bolandygyny köpler bilýändir. Şeýle abraýly kişiniň, mugallymçylyk ýaly asylly käriň eýesiniň öz pentlerinde «...iň ýakyn maslahatçyňyz, geňeşdaryňyz mugallymyňyz bolsun!» diýmegi hem pentleriň naýbaşysydyr. Şony bütin manyly ömrüni mugallymçylyk işine bagyşlan kişiniň aýtmagy aýratyn täsir galdyrýar. Aýdylyşy ýaly, mugallym mähribanlyk hazynasydyr. Ol, ilki bilen, okuwçysynyň hossary bolýar, ýöne şony özüňde duýmak, ýaşlara pent etmek uly mertebeden nyşan. Haýdar mugallymyň kitapda Magtymguly Pyragydan, «Görogludan» getirýän mysallarynda halkymyzyň ýörelgelik ýoly, görüm-göreldesi aýdyň görünýär.

Haýdar Muhyýewiň çagalygy gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ol 1931-nji ýylda Garrygala etrabynyň (häzirki Magtymguly) Akkel obasynda dünýä inýär. Aşgabatdaky iki ýyllyk mugallymçylyk institutynyň ikinji ýyllygynda okap ýörkä bolup geçen ýertitremede oňa bilim berýän mugallymlarynyň, talyp ýoldaşlarynyň ençemesi kesegiň aşagynda galyp, wepat bolýar. Soňra ol okuwyny häzirki Türkmenabat şäherindäki mugallymçylyk institutynda dowam etdirýär. Ilki sowat öwrenen ýeri bolan häzirki Magtymguly etrabynyň 1-nji orta mekdebinde zähmet ýoluna başlaýar. 1952-nji ýylda Aşgabatdaky pedagogik institutyň gaýybana bölümini tamamlaýar.

Haýdar Muhyýew dilçi alym hökmünde sözüň manysyny inçeden yzarlamagyň, deňeşdirip açmagyň hem ussadydyr. Ol belli sözlükçileriň hem biridir. «Ogullaryma pent» atly kitabynda ol diňe «ruh» sözüniň manysyny açmaklyga birnäçe sahypany bagyşlapdyr. Munuň üçin türkmen alymlarynyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň düzen sözlüklerine ýüzlenipdir. Özem alym «ruh», «iman» ýaly halkymyzyň aýratyn üşükli bolmagy, inçeden duýgurlygy, guýmagursaklygy talap edýän sözlerine ýüzlenýär. Alymyň kitabynda «ruh» sözüniň düşündirişini özboluşly ylmy açyş diýseňem boljak. Munuň üçin ol ençeme gözlegleriň üsti bilen seljerme işini hem geçiripdir. Alym «iman» sözüniň «ynam» diýmegi aňladýandygyny nygtaýar.

Haýdar mugallymyň her meselä öz çemeleşişi bar. Mysal üçin, «Iň erbet adam kim?» diýlen soraga meniň jogabym: öz bilýän zatlaryny özgelere öwretmeýän adam» diýip belleýär. Ine, şu ýerdenem mugallymyň öz kitabyny näme üçin «Ogullaryma pent» diýip atlandyrandygynyň manysy düşnükli bolýar. Şu ýerde halypanyň ýene bir aýdan sözüne ünsüňizi çekmek isleýäris. Bu jümleler biri-biri bilen berk baglanyşykly. «Ägirt kişiler mydama-da ägirtliginde galýar. Olar biziň mahabatlandyrmalarymyza juda bir mätäçlik hem çekip duranoklar. Ýöne olary ýatlap, hoş söz aýtmak biziň borjumyz».

Ene dilimize uly söýgi bilen garamak asly käri dilçi bolan alymdan öwrenmeli zatlarymyzyň esasylarynyň biri bolsa gerek. Belki, şondandyr, Haýdar mugallymyň «Genji-hazyna dost däl, dostuň — genji-hazyna», «Durmuş seni taplap hem biler, aýnadyp hem biler. Ýöne aýnadandan taplany has gowudyr» diýen sözleri ýandepderçäňe göçürip alaýmaly sözlerden.

Aslynda, «pent» sözi dört harpdan ybarat bolsa-da, onuň ömre deň manysy bar. Ylaýta-da, şol pentler ömri manyly ýaşamaga hyzmat edende has-da şeýledir. Haýdar mugallymyň pentlerini okan okyjylary, şägirtleri bagtly adamlardyr. Kitap möçberi boýunça uly däl, bir ýüz on sahypa, ýöne onda ynsana gerekli, biri-birinden möhüm häsiýetlerden söz açylýar. Elbetde, biziň bu kitaba syn-seljerme bermek niýetimiz ýok. Biz diňe onuň bilen bagly kalbymyza jaý pikirleri paýlaşmak isledik. Halypa kitabynda ýürek bilen bagly pikirlere-de uly orun beripdir. Olaryň käbirini şu ýerde siziň dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildik. «Durmuşda buýruk köp: başlygyň buýrugy, öý bikesiniň buýrugy, ýene-ýeneki buýruklar. Ýöne iň esasy buýruk — ýüregiň buýrugy», «Demir ýol salmagam, daş ýol salmagam kyndyr-la welin, ýöne ýürege ýol salmak has kyn bolaýmasa». Şeýle ýürege ýakyn pentleriň arasynda ata-enäni, ýaşululary hormatlamak, ýagşylyk etmek hakynda aýdylanlar hem ýürege nagyş bolup çekilýär.

Ynsan hökmünde durmuşy, alym hökmünde ylmy gowy bilýän Haýdar mugallym olaryň sazlaşygyndan özboluşly netije çykarypdyr. Ol durmuşda berjaý edilmeli pentleri beýan edende dürli sözleriň asyl manysyny hem düşündirip geçýär. Meselem, ýagşylyk etmek bilen bagly gürrüň edende onuň «ýagşy» sözündendigini nygtaýar.

Pentleriň arasynda dostluk, dosta wepalylyk hem aýratyn orunda durýar. Çünki aýdymda hem aýdylyşy ýaly, dostluk ýüregimiziň hem baýlygydyr. Bularyň hemmesi ýaşlykdan berilýän terbiýä bagly. Terbiýede bolsa ownuk zat ýok. Çaga at dakylyşyna çenli şoňa girýär. Aýdylýan pentleriň, tymsallaryň, rowaýatlaryň Magtymguly atamyzyň şygyrlarynyň, «Kowusnamadan» parçalaryň üsti bilen berilmegi olaryň ähmiýetini has hem artdyrýar. Gözbaşlar dury bolanda, şu gün hem geljek hem owadan, dury bolýar. Iň esasy zat bolsa şol pentleri ösdürmegi, ýatlatmagy özüne borç edinen halypa mugallyma bolan sarpany öňküden hem beýgeldýär. Pentleriň birinjisinde belleýşi ýaly, alym çaga terbiýesinde ata-enelere çagalaryny hünäre ugrukdyrmagy ündeýär.

Alym Haýdar Muhyýew haýwanlardan hem öwrenmeli zatlaryň kändigini nygtaýar. «Meselem, ýolbarsdan batyrlygy, horazdan jomartlygy, durnadan badyhowalygy, bürgütden duýgurlygy, inerden mertligi, itden sabyrlylygy, aýydan daýawlygy, bedewden tämizligi, goýundan mähirliligi, garynjadan zähmetsöýerligi öwrenip bolsa, oňa ýetesi zat ýok» diýip, mugallym öz kitabynda ýazýar.

Haýdar mugallymyň žurnalistika bilen poeziýany deňeşdirip aýdanlary uly täsir galdyrdy: «Žurnalistika hakyky poeziýanyň derejesine ýeten pursadynda biziň duýgularymyza täsir edip biler...». Alymyň bu aýdanlary onuň söz sungatynyň şalygynda köptaraply pikir öwrüp bilýän, ylmy durmuşda adamlara peýdaly bolar derejede düşündirip bilen, bütin ömrüni söze bagyş eden kişileriň biridigini açyk-aýdyň görkezip dur.

Aýjemal OMAROWA.

«Türkmenistan».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.