
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýlup, olary aýawly saklamakda, öwrenmekde we şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň sanawyndan orun almagy biziň her birimizi buýsandyrýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.
Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde bedew atlar aýratyn orna eýedir. Ol milli baýlygyň, ösüş tizliginiň hem-de döwletimiziň okgunly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Häzirki döwürde bedew batly ösüşler ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görünýär. Şunda şanly ýylymyzyň şygarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň goşa mukaddeslik hökmünde şöhlelenmegi çuňňur mazmuna eýedir. Şöhratly bedewlerimiziň dünýä derejesinde giňden ykrar edilip, türkmen bedewleriniň gadymy mekanynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzda we dünýäde atçylyk sungatynyň ösdürilmegine möhüm goşantdyr. Bu ugurda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi möhüm taryhy waka boldy. Şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň, «At — myrat» okuw merkeziniň döredilmegi ýaş nesilleri milli atşynaslyk sungatyna ugrukdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyz: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!» diýip belleýär. Şu jähetden, atçylyk sungaty halkymyzyň ýaşaýyş filosofiýasynyň, döwletlilik däpleriniň möhüm bölegidir. «At — myrat» diýen pähim hem bedewiň türkmen durmuşyndaky aýratyn ornuny aýdyň görkezýär. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly gymmatly eserleri bolsa türkmen bedewlerini öwrenmekde baý mazmuna eýedir. Şeýle hem hormatly Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda halkymyzyň bedew atyna bolan sarpasy we çuňňur söýgüsi uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserlerde diňe bir halkymyzyň seýisçilik sungatynyň ösüşi, kemala gelşi, milletimiziň bedew atyna bolan buýsanjy beýan edilmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň bedew atlarymyza bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikdigine, ýaş nesiller üçin nusgalykdygyna göz ýetirýäris.
Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanynda Berdimuhamet mugallymyň Dagarman atly atynyň bolandygy, oňa edil çaga sereden ýaly seredendigi, maşgala agzalarynyň bedewe bolan söýgüsi çeper beýan edilýär. Şeýle hem kitapda Aba Annaýewiň ussat atşynas, ökde seýis bolandygy baradaky arhiw maglumatlaryna üns çekilýär. Eserde Berdimuhamet mugallymyň Watan goragyna gideninde atyny obadaşy — eseriň gahrymany Berkeli aga berende, onuň bilen hoşlaşygy şeýle suratlandyrylýar: «Berdimuhamet aty bilen hoşlaşdy, oňa özüniň obada bolmajakdygyny, gelýänçä Berkeli aga hyzmat etmelidigini aýtdy. Dagarman eýesiniň sözüne intipis edip, gussaly bakdy». Eserde: «Dagarman eýesiniň sözüne ýa düşünmändir ýa-da düşünse-de, sargyda tabyn bolmak islemändir, ertesi Dagarman öňküje ýerinde durdy» diýen jümleleri getirmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewiniň eýesine, saklanan ojagyna wepalylyk häsiýetini hem çeper beýan edýär.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna nazar aýlanyňda, merdana pederlerimiziň bedewlere aýratyn hormat goýandygyny görmek bolýar. Häzirki wagtda hem ýurdumyzda köňüllerimize joşgun, döredijiligimize ylham berýän bedew atlarymyzy ösdürip ýetişdirýän ussat atşynaslarymyz hakynda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» ýaly hormatly atlar dakylýar. Bu bolsa olary arassa ganly tohum atlarymyzy ýetişdirmekde ruhubelent we yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär.
Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen we halkymyzyň buýsanjyna öwrülen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň abraýly sirk sungaty festiwallaryna gatnaşyp, ençeme gezek ýeňiş gazandy. Şunda 2026-njy ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy ählimizi buýsandyrdy.
Görnüşi ýaly, bedew batly ösüşlerimiz hem-de gazanýan uly üstünliklerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şol beýik ösüşler bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeldip, behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň ajaýyp miwesidir. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Bedew atlarymyz gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr».
Gülnar ANNAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.




