Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Milli tokaý maksatnamasy — durnukly ösüşiň kepili
Milli tokaý maksatnamasy — durnukly ösüşiň kepili
337 |
22 Iýun 2026 ý.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz syýasy, ykdysady we durmuş taýdan dünýä nusgalyk uly sepgitlere ýetmek bilen bir hatarda, ekologiýa diplomatiýasynda hem öňdebaryjylaryň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we geljekki nesillere arassa, gözel tebigaty miras galdyrmak baradaky döwlet syýasaty halkara jemgyýetçiligi, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giňden goldanylýar. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan yzygiderli işleri diňe bir milli bähbitleri däl-de, eýsem, tutuş adamzat ähmiýetli ekologik meseleleriň oňyn çözülmegine hem ägirt uly goşant goşmak bilen, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki durnuklylygy üpjün etmäge uly itergi berýär.

Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasynda diňe bir halkara konwensiýalara goşulmak bilen çäklenmeýär, eýsem, ählumumy derejede ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin anyk teklipleri öňe sürýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, Türkmenistanyň Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar baradaky Sebit merkezini açmak baradaky başlangyjyny, şeýle-de Aral deňziniň sebitdäki ekologik ýagdaýy gowulandyrmak ugrundaky yzygiderli tagallalaryny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen degişli Karara gol çekmegi ýurdumyzyň «ýaşyl» ösüş ýolundaky täze sepgitlere düýpli itergi berdi.

Soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi, çölleşme hadysalarynyň güýçlenmegi, howanyň hapalanmagy we tebigy baýlyklaryň azalmagy ýaly ekologik meseleler dünýä derejesinde, şol sanda ýurdumyzda hem möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şu sebäpli tebigaty goramak, ýaşyl zolaklary giňeltmek we geljek nesiller üçin durnukly ýaşaýyş gurşawyny döretmek maksady bilen, «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnama ýurduň ähli welaýatlarynda tokaýlary köpeltmek, bar bolan tebigy baýlyklary goramak we ekologik deňagramlylygy üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Täze bäşýyllyk meýilnamany öz içine alýan bu maksatnama, ozal kabul edilen «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň» logiki dowamy bolup durýar. Şeýle hem maksatnama Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň hem-de «Daşky gurşawy goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryny iş ýüzünde durnukly amala aşyrmagyň kämil hukuk guralydyr.

Bu strategik maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi doly ylmy-innowasion esaslara daýanýar. Damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň, gurakçylyga durnukly agaç görnüşleriniň ulanylmagy, şeýle hem dronlar arkaly ekologik gözegçiligiň, GIS we emeli hemra arkaly sanly monitoringiň ýola goýulmagy serişdeleri tygşytlamak bilen bir hatarda, tokaýlaryň ösüşiniň durnuklylygyny üpjün edýär. Şunuň bilen birlikde, Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi karbon zyňyndylarynyň möçberiniň azaldylmagy we ekologik maýa goýumlarynyň ösdürilmegi ýaly «ýaşyl» ýörelgeleri öňe sürüp, ekologik we ykdysady ösüşiň sazlaşygyny emele getirýär.

Milli tokaý maksatnamasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde, aýratyn-da, Garagumuň çetki zolaklarynda, Hazar deňziniň kenarýakalarynda we şäherleriň daş-töwereginde täze tokaýlyklary döretmek, öňden bar bolan ýaşyl meýdançalary gorap saklamak we olaryň biologik köpdürlüligini baýlaşdyrmak ugrunda täze innowasion usullary ulanmakda uly ähmiýete eýedir. Damjalaýyn suwaryş tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy suw serişdelerini ortaça 30-40 göterim tygşytlamaga we her bir oturdylan nahalyň kök urup, sagdyn ösmegine şert döredýär. Ýerli howa şertlerine we toprak aýratynlyklaryna kybap gelýän, gurakçylyga durnukly bag nahallaryny saýlap oturtmak tejribesine aýratyn üns berilmegi oňyn netijeler bilen häsiýetlenýär. Bu giň göwrümli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe bir tebigatyň gözelleşmegine däl-de, eýsem, ekologik medeniýetiň has-da ýokarlanmagyna we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady durnuklylygyna täsir edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan «Ýer hazyna — suw göwher», «Atasyndan bag galsa, ogly miwesini iýer» ýaly parasatly pähimlere eýerýän halkymyz üçin bag ekmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek asylly ýörelgä öwrüldi. Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Döredilýän täze tokaý zolaklary, emeli tokaýlyklar we gök guşaklar howanyň tämiz bolmagyny üpjün edýän, çäge süýşmeleriniň we tozanly şemallaryň öňüni alýan iň ygtybarly ekologik galkandyr.

Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň kabul edýän her bir taryhy Karary hem-de tassyklanýan döwlet maksatnamalary adamzadyň bähbidini, halkyň arassa gurşawda bagtyýar ýaşamagyny we bütin halkyň durnukly geljegi üçin zerur bolan ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» ýurdumyzyň «ýaşyl» ösüş taryhynda täze şanly sahypany açyp, mukaddes Watanymyzyň ösüşlerini täze sepgitlere tarap alyp gider. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, halkymyzyň sagdyn gurşawda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä nusgalyk tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Maksat ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.