
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň gelmegi bilen, ýurdumyzyň çar künjeginden gelen körpeleriň söýgüli we şatlykly mekanlarynyň biri hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň iň gözel ýerinde ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezidir. Bu döwrebap merkez çagalaryň diňe bir fiziki taýdan saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, zehinlerini açmak we ýatdan çykmajak dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin hakyky bagtyýarlyk mekanyna öwrüldi. Häzir bu ýerde dynç alşyň ikinji tapgyry dowam edýär.
«Daýanç» sagaldyş merkezine gadam basan pursadyňdan başlap, çagalaryň bagtyýar durmuşy, rahatlygy we howpsuzlygy üçin döredilen iň ýokary halkara standartlaryna gabat gelýän şertleri görmek bolýar. Merkeziň binalar toplumy, ýagty hem-de giň ýatylýan otaglar, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna we saglyk talaplaryna laýyklykda taýýarlanylýan witaminlere baý, tagamly iýmitler bilen üpjün edilen naharhana ýokary derejede hyzmatlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Deňiz kenarynyň şypaly we arassa howasy, Hazaryň dermanlyk häsiýetli suwy çagalaryň bedenini taplamak, immun ulgamyny berkitmek üçin iň uly tebigy emdir. Şonuň bilen birlikde, merkezde işleýän ýokary hünärli lukmanlar çagalaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edip, dürli sport we sagaldyş işleriniň meýilnama laýyk geçirilmegini gazanýarlar.
Bu merkezde tomus paslynyň şatlykly we mazmunly geçmeginde zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň hem-de terbiýeçileriň orny örän uludyr. Öz işlerine söýgi we sabyrlylyk bilen çemeleşýän mugallymlardyr terbiýeçiler her bir çaganyň häsiýetini, ukybyny we gyzyklanmasyny öwrenýärler. Olaryň esasy maksady merkeze gelen ilkinji günlerinden başlap, çagalaryň arasynda agzybirligi, özara kömekleşmegi, birek-birege hormat goýmagy kemala getirmekdir.
Terbiýeçiler çagalaryň dynç alşyny diňe bir güýmenjä öwürmän, eýsem, ony terbiýeçilik ähmiýetli çäreler bilen baýlaşdyrýarlar. Guralýan her bir ahlak, watansöýüjilik we özüňi medeniýetli alyp barmak baradaky çäreler çagalaryň dünýägaraýşynyň ösmegine uly ýardam edýär. Terbiýeçiler medeni çärelere çagalary doly çekmek bilen, olaryň sahnalarda çekinmän çykyş etmeklerini we özlerine bolan ynamynyň artmagyny gazanýarlar.
«Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň her bir güni gyzykly wakalara hem-de täze açyşlara baýdyr. Çagalaryň boş wagtlaryny mazmunly guramak maksady bilen, merkezde köp sanly gurnaklar, sport ýaryşlary we intellektual oýunlar yzygiderli geçirilýär.
Merkeziň häzirki zaman sport meýdançalarynda futbol, woleýbol, basketbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça toparlaýyn ýaryşlar guralýar. Şeýle hem ýörite dizaýn edilen suw meýdançalaryndaky ýüzüş bäsleşiklerine çagalar höwes bilen gatnaşýarlar. Küşt, şaşka, zehin bäsleşikleri, dürli logiki tapmaçalar we taryhy-geografik oýunlar körpeleriň çalt we dogry pikirlenmek ukybyny ösdürmäge ýardam berýär. Surat çekmek, el işleri, aýdym-saz hem-de tans gurnaklary arkaly okuwçylar özleriniň sungata bolan höwesini we zehinini görkezip bilýärler. Çagalaryň tomus aýlarynda dilleri öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny goldamak üçin aňsat, gysga we gyzykly iňlis dilinde dürli oýunlar, aýdymlar hem-de goşgular arkaly sapaklar guralýar.
Hazaryň kenarynda guralýan oýunlar, gyzykly gezelençler, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky ajaýyp attraksionlara edilýän gezelençler we gämili syýahatlar çagalaryň kalbynda buýsandyryjy ýatlamalary galdyrýar. Merkezde guralýan dürli agşamky dabaralar, konsertler we «tans meýdançasy» ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen çagalaryň täze dostlar bilen tanyşmaklaryna şert döredýär.
«Daýanç» sagaldyş merkezi — bu ýöne bir tomusky dynç alyş däl-de, eýsem, biziň geljegimiz bolan ýaş nesliň kalbynda bagtly çagalygyň aýdymy bolup ýaňlanýar. Bu ýerde taplanan we gowy dynç alan çagalar täze okuw ýylyna uly ruhubelentlik, güýç-gaýrat we höwes bilen gadam basarlar.
Hatyja TAGYÝEWA,
«Daýanç» sagaldyş merkeziniň terbiýeçilik we guramaçylyk işleri boýunça orunbasary.




