Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri
Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri
294 |
23 Iýun 2026 ý.

Ýurdumyzyň ähli künjegindäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri bagtyýar çagalar üçin gujagyny giňden açdy. Daşoguz welaýatynyň merkezinden gaty bir uzakda bolmadyk, tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hem körpejeleriň tomusky dynç alyş möwsümi şadyýanlyga, ruhubelentlige beslenýär.

Merkeziň salkyn saýaly goýnunda bagtyýar nesilleriň dynç alyş möwsüminiň her bir pursady aýratyn many-mazmunlylygy, täsirliligi bilen ýatda galýar. Çagalaryň sport meýdançalaryndaky şadyýan oýunlaryny, dabaralar zalynda guraýan şowhunly çykyşlaryny, döredijilik, hünär gurnaklarynda olaryň işe, zähmete bolan höweslerini synlanyňda, gezelenç ýodalarynda, saýaly baglaryň arasynda eşidilýän bagtyýar gülkülerini eşideniňde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren ajaýyp döwrüne buýsanç duýgusy kalbyňy gaplaýar.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda bu ýerde welaýatyň obadyr şäherlerinden gelen çagalaryň 300-si oňat dynç alýar. Merkeziň çäginde suw howuzlary, sport meýdançalary, kitaphana, okalga zaly, amfiteatr, kompýuter oýun attraksionlary ýaş nesilleriň tomusky dynç alyş möwsüminiň şowhunly geçmegini üpjün edýär. Dynç alyş merkeziniň döwrebap naharhanasy çaga dünýäsine mahsus bolan reňkler bilen bezelip, olaryň rahat iýmitlenmegi üçin şertler döredilipdir. Çagalaryň iýmitlenmegi üçin gündelik tagamnamalar düzülende, olaryň kadaly beden ösüşleri göz öňünde tutulýar.

Dynç alyş möwsüminiň dowamynda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna, seýilgählere, çagalar üçin niýetlenen oýun-dynç alyş merkezlerine täsirli gezelençler guralýar. Taryhy ýadygärliklere guralýan gezelençler hem çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň ýaly-da, çagalaryň bilim-düşünjelerini artdyrýan zehin bäsleşikleri, çeper okaýyş, surat çekmek ýaly döredijilik bäsleşikleri hem yzygiderli guralýar. Merkezde guralýan çäreler çagalaryň kitap okamaga, hünär öwrenmäge, surat çekmäge, sport bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmalaryny, döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Sapaly dynç alşyň gyzykly sport çäreleri bilen utgaşdyrylmagy çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde örän ähmiýetlidir. Muňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň guramagynda tanap çekmek, kiçi futbol, şaşka boýunça geçirilen ýaryşlara merkezde dynç alýan çagalaryň uly höwes bilen gatnaşmaklary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Daş-töweregi bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga beslenen merkeziň salkyn saýaly, sapaly goýnunda dynç alýan bagtyýar çagalar ajaýyp döwrümize guwanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar.

Gurban GURBANOW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Allanur SAPAROW.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.