Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Dynç alşy nähili geçirmeli?
Dynç alşy nähili geçirmeli?
312 |
23 Iýun 2026 ý.

Okuw ýyly tamamlanandan soňra, tomusky dynç alyş möwsümini dogry guramak çagalar üçin uly ähmiýete eýedir. Bu möwsüm çagalara akyl we beden taýdan dynç almaga, täze tejribe toplamaga we geljekki maksatlarynda ünsüni jemlemäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, bu döwürde ata-enelere çagalara adatdakydan has köp üns bermek, olar bilen dürli oýunlary oýnamak, bilelikde gezelençlere gitmek maslahat berilýär. Dynç alşyň guralyşy çaganyň geljekki okuw ýylyna taýýarlanmagyna uly täsir edýär. Şonuň üçin çaganyň gezelenje gitjek ýerleri, meşgullanjak işleri bilen bagly sanaw döredilmeli. Biz hem şu ýazgymyzda tomusky dynç alşyň çagalara peýdaly bolmagy hem-de ýatdan çykmajak täsirlere beslenmegi üçin berilýän maslahatlary paýlaşýarys.

Adaty uky wagtlary. Dynç alyş möwsümidigine garamazdan, çagalaryň ýatýan we ukudan oýanýan wagtlaryna üns berilmelidir. Munuň üçin ýörite gün tertibi düzülip, belli bir wagtda ýatmagyň we oýanmagyň kesgitlenmegi çaganyň uky endigini saklamagyna kömek edýär.

Elektron enjamlary ulanmagyň wagtyny çäklendirmek. Edil okuw döwründe bolşy ýaly, dynç alyş günlerinde hem çaganyň elektron enjamlary bilen geçirýän wagtyny belli bir derejede çäklendirmelidir. Telewizor, kompýuter, telefon bilen aşa köp wagt geçirmek çagada gaharjaňlyk, ünssüzlik ýaly endikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Kitap okamak. Dynç alyş möwsümidigine garamazdan, tomus aýlarynda çagalaryň kitap bilen arasynyň üzülmezligini gazanmak örän möhümdir. Çaganyň okamaga bolan höwesini artdyrmak üçin onuň ýaşyna we gyzyklanýan ugruna baglylykda başdan geçirmeler, hekaýalar ýa-da ertekili kitaplar saýlanyp alynmaly. Günüň dowamynda kesgitli wagtda çagalara kitap okap bermek ýa-da olar bilen bilelikde okamak — olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrýar, täze zatlary öwrenmäge höwes döredýär.

Sowal-jogap alyşmak. Okuw döwründe geçilen dersler, okalan kitaplar boýunça sowal-jogap alyşmak çagalaryň ýatkeşligini, bilesigelijiligini, pikirleniş ukyplaryny güýçlendirýär.

Gezelençleri guramak. Maşgala agzalary bilen bilelikde dynç alşa gitmek üçin, tomus paslyndan gowy möwsüm ýok bolsa gerek. Çagalara şeýle gezelençler, dynç alyşlar has-da täsirli bolýar. Çagalar maşgala agzalarynyň ýanynda özlerini has arkaýyn we howpsuz duýýarlar.

Muzeýlere we taryhy ýerlere gitmek. Gadymy ýerlere, muzeýlere baryp görmek çagalara taryh we medeniýet barada köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Toparlaýyn gezelençler. Dynç alyş merkezlerine topar bolup gitmek çagalaryň wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmegine kömek edýär. Çünki olar bu ýerde täze deň-duşlary bilen dostlaşýarlar we dürli işleri özbaşdak ýerine ýetirmegi öwrenýärler.

Obada dynç almak. Tomus pasly miwedir gök-bakja önümlerine baý bolýar. Ter azyk önümlerini özüň ýygyp iýmegiň hem olaryň bol hasylyny synlamagyň aýratyn lezzeti bar. Bu bolsa çagalarda ýaşlykdan zähmet terbiýesiniň kemala gelmegine itergi berýär.

Täze güýmenjeleri edinmek. Welosiped sürmek, suwda ýüzmek, futbol, tennis, basketbol ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri bilen bir hatarda, olaryň beden taýdan sagdyn bolmaklary üçin zerurdyr.

Aýdym-saz we tans sungaty. Çagany haýsydyr bir saz guralyny çalmaga ýa-da tansyň bir görnüşi bilen meşgullanmaga ugrukdyrmak döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakda peýdalydyr. Saza we tansa güýmenmek beýniň dynç almagyna kömek edýär.

Surat çekmek. Çagalar üçin öz pikirlerini, dünýägaraýşyny beýan etmegiň iň gowy usuly surat çekmekdir. Dürli reňkleri ulanmak arkaly surat çekmek gözüň dynç almagy üçin hem peýdalydyr.

Özbaşdak işler. Bu döwürde çagalaryň käbir işleri ýekelikde ýerine ýetirmegine rugsat bermelidir. Mysal üçin, öz otagyny arassalamak ýa-da ýönekeý tagamlary özbaşdak taýýarlamak ýaly işler çaganyň jogapkärçilik duýgusyny güýçlendirýär.

Dynç alyş möwsüminde çagalaryň isleglerini kanagatlandyrmak, olaryň pikirlerini diňlemek hem-de wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini gazanmak möhümdir. Çünki çaganyň geljegi onuň şu gününe baglydyr.

Mährijemal ÇARYÝEWA,

«Watan».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.