
Ýakynda Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdar nesilleri» atly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda ýangyn söndürmek boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa bu ýerdäki sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde wagtyny hoş geçirýän çagalaryň ençemesi gatnaşdy.
Bäsleşik 10 — 14 ýaş aralygyndaky çagalary bir ýere jemlemek bilen, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam berdi. 5 tapgyrdan ybarat bäsleşikde çagalar özleriniň çalasynlygyny we ýangyna garşy göreşmekdäki ukyplaryny görkezdiler. Olar ýangyn howpunyň öňüni almak, şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda ilkinji etmeli hereketler baradaky bilim-düşünjelerini hem artdyrdylar. Munuň özi ýaş nesilleriň heniz mekdep okuwçysy döwründen tebigatyň goragyny üpjün etmek bilen bagly işleri öwrenmeginde ähmiýetlidir.
Bäsdeşler agaç päsgelçiliklerden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküjisini suw geçirijä çalt birikdirip aýyrmak, ylgawy dowam etdirmek, pökgüleri nyşana düşürmek hem-de degişli guraly dogry ulanyp, emeli ýangyny çalt söndürmek boýunça özara ýaryşdylar.
Eminleriň gelen netijelerine görä, bäsleşikde 1-nji orna Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky, 2-nji orna «Çynar», 3-nji orna «Nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ýaş ýangyn söndürijileri mynasyp boldular. Ýeňijiler, şeýle hem ýaryşa işjeň gatnaşan çalasyn türgenler çäräni guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
1-nji orny eýelän Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň toparyna bäsleşigiň göçme kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýaş nesilleriň tebigata bolan söýgüsini artdyrmakda, ony goramak bilen bagly ukyplarydyr jogapkärçiligini berkitmekde örän ähmiýetlidir.
(Ýörite habarçymyz).




