
Ahalteke bedewleri dünýäde iň gadymy hem-de owadan atlar hökmünde ykrar edilýär. Taryhçylaryň tassyklamagyna görä, behişdi bedewlerimiz gözbaşyny biziň eýýamymyzdan öňki IV-III asyrlardan alyp gaýdýar. Häzir Ýer ýüzünde atlaryň 250-den gowrak tohumy bar. Şolaryň iň naýbaşylarynyň biri bolsa ahalteke bedewleridir.
Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň eýeleýän sepgitlerinde bedew badynyň äşgär duýulýandygyny aňladýar. Çünki ahalteke bedewlerine okgunlylyk, batly depgin mahsus. Bu türkmen bedewleriniň şejeresiniň häzirki bar bolan on ýedi nesil ugrunyň wekillerine kybap gelýän häsiýetdir.
Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýen kitabynda: «Arassa ganly ahalteke bedewleriniň şejeresi on ýedi ugurdan gaýdýar» diýip belleýär. Şol on ýedi ugruň on dördüsiniň Boýnaw atly şöhratly bedewden gaýdýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ady rowaýata öwrülen bu bedewiň nesilleriniň örän önümli atlar bolandygyny äşgär edýär. Şu ýerde ýene bir ýagdaýy aýratyn nygtamaly, ol hem häzir dünýäde bar bolan ahalteke bedewleriniň gözbaşynda Gutlysakar atly bedewiň bolandygy bilen bagly. Gutlysakardan iki ugur gaýdýar: Garamça, onuň nesli Läläniň çepi, onsoň Boýnaw. Beýleki ugur: Jully towy, Gökpişik, Kömek Çerkezli. Şu iki ugurdanam ahalteke bedewleri ýaýrapdyr.
Ahalteke bedewleriniň döwlet tohumçylyk kitabynda Boýnawdan hem-de Sluçaýdan gözbaş alýan bedewler bellige alnyp başlanýar. Boýnaw atly şöhratly bedew Taňryguly diýen baý adama degişli bolupdyr. Ol hojalygy ýöretmegiň pugta düzgünini ugur edinipdir. Bir çözgüt kabul etdimi, hiç bir ýagdaýda-da ony üýtgetmändir, sözünden dagy dänjek gümany bolmandyr. Şonuň üçinem oba adamlary onuň adynyň yzyna «gaty» lakamyny goýupdyrlar. Şeýlelik bilen, ol Taňryguly gaty ady bilen belli bolupdyr. Şeýle hem ol ussat seýis eken.
Taňryguly seýsiň atbakary täze taýyň dünýä inendigini habar berip, baý bilen taýa at dakmak meselesini maslahatlaşypdyr. Şonda Taňryguly baý täze dogan taýçanagy uzak wagtlap synlap, onuň boýnunyň ýognaslygyny nazara alyp, atbakara taýçanagy Boýnaw diýip atlandyrmagy maslahat beripdir. 1885-nji ýylda doglan Boýnaw tä 1900-nji ýyla çenli Taňryguly seýsiň elinde bolýar. Şol döwürde Boýnaw Zakaspi oblastynyň guramagynda geçirilýän çapyşyklara gatnaşyp, ýeňiş yzyna ýeňiş gazanypdyr, toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülipdir. Boýnaw çapyşykdan galansoň, baý ony höwre goýýar. Il içinde abraý eýesi bolan bedewiň köp sanly nesilleri kemala gelýär. 1900-nji ýylda bolsa Boýnaw Zakaspi oblast atçylyk edarasynda höwür at hökmünde saklanylýar. Soň bolsa ol şöhratly bedewi Muhammetguly han atly köşüli bir baý adam satyn alýar.
XIX asyryň aýaklarynda, XX asyryň başlarynda ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmalar artyp başlaýar. Şol döwrüň gazet-žurnallarynyň sahypalarynda buýsançly başyny dik tutup duran ahalteke bedewleriniň suratlaryna uly orun berilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň yhlasyndan dörän ahalteke tohum atlarynyň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende göterýär. Şol döwürde Firsow, Brauner, Kowalewskiý, Afanasýew, Witt, Lipping, Salihow, Belonogow ýaly atşynaslyk bilen meşgullanýan alym-ippologlar ýurdumyza gelip, ahalteke bedewleriniň gelip çykyşyny, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny, reňk öwüşginlerini ylmy esasda öwrenipdirler. M.I.Belonogow bolsa ýurdumyzda köp wagtlap işläpdir. Ol Boýnawyň nesil ugurlaryna degişli atlaryň özboluşlylygyna aýratyn üns beripdir.
Atçylyk ulgamynda zootehnika ylmyny esaslandyryjylaryň biri hasaplanylýan W.O.Witt hem ahalteke bedewleriniň genetikasyny ylmy esasda öwrenipdir. Ol: «Dünýäniň islendik tohumyndaky atyň tohumy ýitäýse, ony ahalteke bedewiniň gatnaşmagynda dikeldip bolar, ýöne ahalteke bedewiniň tohumy ýitäýse welin, ony dünýäniň ähli tohumdaky atlarynyň gatnaşmagynda dikeldip bolmaz» diýip, ahalteke bedewlerine örän ýokary baha beripdir. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň: «Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr» diýen sözleri hem doly tassyklaýar.
Umuman, türkmen atçylygynda Boýnawyň nesillerine aýratyn orun degişlidir diýip, gypynçsyz aýtsa bolar. Behişdi bedewlerimize belent sarpa goýulýan häzirki döwürde ahalteke atlarymyzy öwrenmäge, olary dünýäde giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa bedewlerimiziň dünýä gymmatlygy hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrýar.
Gylyçmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.




