Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi
Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi
213 |
8 Awgust 2026 ý.

Taryh bize ýalňyşlyklary sapak edinmegi, beýik işlerden bolsa nusga almagy öwretdi. Adamzat nesli ýaşaýyş medeniýetiniň ewolýusiýasy esasynda köp asyrlaryň dowamynda gazanylan tejribäni özleşdirip, diplomatiýanyň usullaryny, görnüşlerini we gurallaryny, şeýle hem bitaraplyk institutynyň ýörelgelerini kämilleşdirdi. Şeýdibem, diplomatiýanyň we halkara hukugyň irki gözbaşlary türkmen topragynda — Gadymy Parfiýa döwletinde öz aýdyň beýanyny tapyp, Mesopotamiýada Hammurapiniň ýazgylary, Gadymy Hindistanda Manunyň kanunlary, Günbatarda Rim hukugy ýaly çeşmeler arkaly ösüş ýoluny geçdi. Häzirki zaman dünýäsinde bolsa halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara gatnaşyklarda esasy ölçegdir.

XXI asyryň çylşyrymly halkara giňişliginde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň durnuklylygy we netijeliligi, ilkinji nobatda, halkara hukugyň ýörelgelerine ygrarlylyga, özara hormata we ynanyşmaga esaslanýar. Häzirki döwürde halkara hukuk döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän möhüm gural, şol sanda-da, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň berk binýady hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni hukuk ýörelgeleriniň ähmiýetine çekmekde, halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmakda taryhy wakadyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynda üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dialog medeniýetiniň nusgasy hökmünde giňden ykrar edilýär. Bitaraplyk syýasatynyň esasy mazmuny bolsa halkara meseleleri diňe parahatçylykly ýol, özara düşünişmek we hukuk ýörelgeleri esasynda çözmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň öňe süren bu başlangyjyna hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň logiki dowamy diýsek juda dogry bolar. Bu başlangyç dünýä döwletlerine halkara hukugyň mümkinçiliklerini has giňden ulanmak, özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, geljek nesiller üçin has adalatly we howpsuz dünýäni gurmak babatda möhüm pikir alyşmalar üçin ähmiýetli meýdança bolup hyzmat eder.

Gahryman Arkadagymyzyň goşgusyndaky: «Halklar — bir jebis maşgala. // Ýaşasyn parahat durmuş!» diýen aýdyma öwrülen ajaýyp setirler «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgelerine pugta eýerýän halkymyzyň, agzybir milletimiziň, ähli nesillerimiziň Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklaryny — parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak baradaky arzuwlarynyň çeper beýanydyr. Dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, döwletleriň arasynda ynamyň pugtalandyrylmagy, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bolsa halkara hukugyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň berjaý edilişine baglydyr. Çünki hukuk — adalatyň, deňligiň, jogapkärçiligiň we özara hormatyň esasy binýady. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu başlangyç häzirki zaman dünýäsinde hukuk esasly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýaş nesillerde hukuk düşünjesiniň we hukuk medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam eder.

Hukuk medeniýeti diňe bir döwlet edaralarynyň işi bilen çäklenmeýär. Ol her bir raýatyň kanuna hormat goýmagynda, öz hukuklaryny we borçlaryny bilmeginde, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagynda ýüze çykýar. Şu jähetden, «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama ýurdumyzyň içerki hukuk ösüşi bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Çünki Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň kämilleşdirilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek möhüm ähmiýete eýe bolup, şunda halkara we milli derejede birnäçe möhüm işler alnyp barlar. Olaryň hatarynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, bu boýunça pudagara iş toparyny döretmek, Milli konsepsiýany taýýarlamak we ony Milletler Bileleşiginiň resminamasy hökmünde BMG-ä agza döwletleriň arasynda ýaýratmak, degişli ugurda sebit we halkara maslahatlary, duşuşyklary geçirmek, şeýle hem 2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň howandarlygynda halkara hukuk boýunça ýokary derejeli bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek ýaly birnäçe wezipeler toplumy bar.

Ýeri gelende, häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara hukugy ugrundan hünärmen, bakalawr maksatnamalary esasynda geljekki halkara hukukçylaryň hem taýýarlanylýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem taýýarlygyň magistratura ugry boýunça halkara jemagat hukugy, halkara hususy hukugy, halkara arbitraž we işewürlik hukugy hünärleri boýunça magistrler taýýarlanylýar. Institutda «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagy hereket edip, onuň çäklerinde talyplaryň halkara hukuk ugrundan ylmy-barlag endiklerini ösdürmek boýunça birnäçe işler amala aşyrylýar. Täze Kararnamadan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, institutyň binýadynda «Halkara hukuk» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek meýilleşdirilýär. Ol bu ugurda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança hökmünde hyzmat edip, halkara hukukçylaryň döwrebap bilim-tejribeleri özleşdirmegine ýardam berer.

Şeýlelikde, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri halkara hukugyň hökmürowanlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şunda ýurdumyzyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly başlangyjy döwletleriň arasynda özara ynamy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we hukuk medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen möhüm ädim bolup, halkara hukugyň häzirki zaman dünýäsindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Dünýäde ähli halklaryň, döwletleriň agzybir, ylalaşykly ýaşaýşynyň netijesinde parahatçylyk goralýar. Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz hemişe parahatçylykly ideýalara ygrarly bolmagynda galar».

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.