Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Mekdep bazarlary okuwçylary begendirýär
Mekdep bazarlary okuwçylary begendirýär
222 |
8 Awgust 2026 ý.

Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlap, mekdep bazarlary öz işine başlady. Ata-eneler çagalary üçin bu söwda nokatlarynda dürli görnüşli esbaplary, okuw egin-eşikleri, sumkalardyr talyp portfelleri, kanselýariýa önümleri bolan kitap-depderleri, kartalary, dürli galamlary, surat we çyzuw albomlary hem-de beýleki zerur harytlaryny satyn alyp bilýärler.

 Mälim bolşy ýaly, 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň möhümdigini nygtap, anyk tabşyryklary berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyndan ugur alnyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 1-nji awgustyndan başlap, paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy. Bu ugurda ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ata-eneleriň we okuwçylaryň täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini has-da ýeňilleşdirýär.

Paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, welaýat merkezleriniň hem-de beýleki ilatly ýerleriň iri söwda merkezleriniň ýanynda okuwçylardyr talyplar hem-de mugallymlar üçin ähli gerekli bolan harytlary özünde jemleýän göçme söwda nokatlary döredildi. Olar dürli ýaşdaky okuwçylaryň isleglerine laýyk gelýän önümleriň giň toplumyny özünde jemleýär. Söwda nokatlarynda müşderilere edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle amatly şertler ata-enelere ähli zerur okuw esbaplaryny bir ýerden elýeterli bahadan saýlap almaga mümkinçilik döredýär. Söwda nokatlarynda häzirki zaman sanly ulgam hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy hem alyjylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär. Nagt däl töleg ulgamlarynyň giňden ulanylmagy, harytlary internet arkaly sargyt etmek mümkinçilikleriniň döredilmegi söwda işleriniň has-da ýeňilleşmegine ýardam berýär.

 Bazarlarda aýratyn orun eýeleýän mekdep lybaslary ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilýän egin-eşikler tebigy pagtadan taýýarlanylmagy, ýokary hili, amatlylygy we owadan görnüşi bilen tapawutlanýar. Gyzlar üçin dürli öwüşginli köýnekler, ýakalar, oglanlara niýetlenen penjekler, ak köýnekler, köwüşler we beýleki lybaslar milli ýörelgelerimiz bilen häzirki zaman dizaýnyny özünde şöhlelendirýär.

— Men bu gün ejem bilen täze okuw ýyly üçin gerekli esbaplary satyn almaga geldim. Men surat çekmegi gowy görýän, şonuň üçin hem mekdep bazaryndan, ilki bilen, dürli reňkli galamlary, surat albomlaryny satyn aldyk. Ejem maňa bu ýerde owadan bedew atlarymyzyň şekilleri ýerleşdirilen sport lybasyny hem alyp berdi. Men täze okuw ýylyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn — diýip, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Çaryýar Durdyýew öz ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Ýurdumyzda täze okuw ýylyna taýýarlyk döwründe döredilýän şeýle şertlerdir giň mümkinçilikler ýaş nesle bolan uly ünsüň we aladanyň netijesidir. Biz hem ähli okuwçylary, talyplary hem-de mugallymlary täze 2026-2027-nji okuw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlap, ylym-bilim ýolunda uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetmeklerini arzuw edýäris!

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,

«Nesil».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.