
Tomus paslynyň ahyrky aýynda her bir bagtyýar maşgalada süýji alada we şatlykly duýgy peýda bolýar. Çünki ene-atalara-da, ýaş nesle, söwda ulgamynda zähmet çekýänler üçin-de iň bir jogapkärli hem-de gyzykly bolan günleri öz içine alýan mekdep bazary möwsümi başlanýar.
Täze okuw ýylynyň ýakynlaşmagy bilen bazarlarda, söwda merkezlerinde we ýörite guralan nokatlarda mekdep esbaplaryna bolan isleg artýar. Şu mynasybetli Aşgabat hem Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda ýörite söwda nokatlary döredildi. Çagalar üçin bu ýerler diňe bir zerur okuw esbaplarynyň satyn alynýan ýerleri bolman, eýsem, jadyly dünýäniň bir bölegidir. Täze okuw torbasyny arkasyna alyp, onuň owadanlygyna haýran galýan çaganyň ýüzündäki ýylgyryş ýa-da mekdebe ilkinji gezek gadam urmaly oglanjygyň ýa-da gyzjagazyň öz halan reňkli galamyna ýa-da enaýyja galamgaba gözi düşüp, begenjinden ene-atasynyň elinden çekmäge howlugýan pursady her bir maşgala unudylmajak şadyýanlygy peşgeş berýär.
Söwda nokatlaryndaky ene-atalaryňdyr çagalaryň hyjuwly hereketleri mekdep bazaryna aýratyn bir öwüşgin çaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde hödürlenýän harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Häzirki wagtda harytlaryň diňe bir mukdary däl, eýsem, olaryň ýokary hilliligi, döwrebaplygy we göze ýakymlylygy ünsüňi özüne çekýär. Ýerli öndürijilerimiziň hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň çagalaryň saglygyna zeper ýetirmeýän, tebigy matalardan taýýarlanan döwrebap mekdep lybaslary, dürli dizaýndaky okuw torbalary söwda tekjelerinde mynasyp orun eýeleýär. Okuw esbaplarynyň dürlüligi — her hili reňkde we görnüşde taýýarlanan ýokary hilli depderler, owadan we amatly gurallar, mahlasy, okuw esbaplary çagalaryň okamaga bolan höwesini has-da artdyrýar. Bu bolçulyk her bir maşgala öz islegine görä zerur harytlary bökdençsiz saýlap almaga giň mümkinçilik döredýär.
Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
«Watan».




