Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Tygşytlylyk ýörelgesi ýa-da çaga terbiýesinde üns berilmeli endikler
Tygşytlylyk ýörelgesi ýa-da çaga terbiýesinde üns berilmeli endikler
77 |
11 Awgust 2026 ý.

Çaga ýüregi ak kagyz ýaly. Oňa ýazylan her bir söz, görkezilen her bir görelde geljekde onuň durmuş ýoluna öwrülýär. Kiçijik eller bilen tutulýan ilkinji närse, ilkinji saýlaw, ilkinji «Gerekmi ýa gerek däl?» diýen sowal — bularyň ählisi çaganyň içki dünýäsi bilen birlikde, onuň geljegini hem şekillendirýär. Çagalar söz bilen däl, esasan, gören zatlary, hereketleri arkaly öwrenýärler. Alymlar hem çaganyň ösüşinde ata-enäniň göreldesiniň esasy orny eýeleýändigini nygtaýarlar.

Çaga, ilkinji nobatda, wagty we puly tygşytly saklamagy öwretmek zerur bolup durýar. Çünki tygşytlylyk diňe wagty we puly dolandyrmaklyk bolman, ol paýhasly ýaşamagyň, sabyrly bolmagyň, bar zadyň gadyryny bilmegiň başlangyjydyr. Degişli hünärmenleriň bellemeklerine görä, kiçilikden tygşytlylygy öwrenen çagalar jogapkärli şahsyýet bolup ýetişýärler.

Çagalara tygşytlylygy öwretmekde iň täsirli ýollaryň biri «oýunlardyr» ýa-da gündelik gaýtalanýan ýagdaýlar. Mysal üçin, «Dükana barýarys» oýny çaga pul paýlamagy öwretse, «Näme gerek, näme gerek däl?» oýny saýlamagy öwredýär. Köne zatlardan täze zat ýasamak bolsa döredijiligi ösdürýär. Eger-de ata-ene bu usullary çaga «oýun» hökmünde kabul etdirip bilse, onda onuň uly utuş gazandygy bolar. Çünki bu «oýunlar» diňe öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, çaganyň pikirleniş ukybyny hem ösdürýär.

Çaga puluň gymmatyny bilmeli. Munuň üçin her bir ata-ene çagasyna ownuk çykdajy üçin az mukdarda pul bermeli, tygşytlan puly üçin kiçijik sylag berip, höweslendirmeli, arzuw edýän zadyny özüniň pul ýygnap almagy üçin sabyrlylygy öwretmeli. Şeýle edilen ýagdaýynda çaga «Hemme zat derrew bolmaly däl» diýen düşünjä eýerýär.

Tygşytlylygy diňe pul bilen çäklendirmeli däl. Şol bir wagtyň özünde çaga suwy biderek akdyrmazlygy, elektrik toguny öçürmegi, iýmiti zyňmazlygy öwretmek hem örän möhümdir. Şeýle endikler daşky gurşawy goramaga hem kömek edýär. Çaga bu zatlary öwretmek yzygiderli düşündirişi, sabyrlylygy, goldawy talap edýär. Şonuň üçin ata-ene çaga ýalňyşan mahaly ony ýazgarmaly däl-de, näme etmelidigini we näme üçindigini düşündirmeli.

Psihologlaryň bellemeklerine görä, çaganyň 3 — 7 ýaş aralygy endikleriň we häsiýetleriň kemala gelýän iň möhüm döwrüdir. Bu döwürde öwrenilen zatlar onuň aňynda uzak wagtlap saklanýar. Maliýe sowatlylygy boýunça geçirilen birnäçe halkara barlaglaryň netijesinde, kiçilikden tygşytlylyga endik eden çagalaryň ulalanda puly dolandyrmaga has ukyply bolýandyklary anyklanyldy.

Mundan başga-da, alymlar çagalaryň garaşmak ukybynyň (sabyrlylygyň) olaryň geljekdäki üstünlikleri bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Muny amerikaly psiholog Walter Mişeliň geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda meşhurlyk gazanan «Marşmallow synagy» hem tassyklaýar. Şol synagda sabyr edip, sylagyny soň almagy saýlan çagalar ulalanda has üstünlikli, maksada okgunly we öz-özüni dolandyryp bilýän adamlar bolup ýetişipdirler.

Häzirki wagtda çagalar sanly dünýäde ösýärler. Telefonlar, planşetler we kompýuterler olaryň gündelik durmuşynyň bir bölegi boldy. Şonuň üçin tygşytlylygy diňe pul bilen däl-de, wagt bilen hem bagly öwretmek zerurdyr. Çaga ekran wagtyny çäklendirmegi, wagtyny okuw, oýun we dynç alyş arasynda paýlamagy öwrenmeli. Ata-eneler çagalary bilen bilelikde «Gün tertibini» düzmeli, bu olaryň wagty tygşytly ulanmagyna kömek edýär. Mysal üçin, 1 sagat okuw, 1 sagat oýun, 30 minut kitap okamak, soňra dynç almak. Şeýle tertip çaga diňe bir wagty tygşytlamagy däl, eýsem, tertip-düzgüni hem öwredýär.

Umuman aýdanyňda, tygşytlylyk — çaga terbiýesinde onuň geljegine goýlan iň gymmatly maýa goýumlaryň biri. Bu endik çaganyň geljekde akylly, jogapkärli, üstünlikli şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ähmiýetlidir. Sabyrly bolmagy, islendik zadyň gymmatyny bilmegi kiçilikden öwrenen çaga geljekde ýokary netijeler gazanmagy we jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagy başarar.

Jahantäç GURBANGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.