Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Ylmy kitaphana we sanly ulgamyň mümkinçilikleri
Ylmy kitaphana we sanly ulgamyň mümkinçilikleri
87 |
11 Awgust 2026 ý.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde, medeniýetiň asyl nusgasyny özünde jemleýän kitaphanalaryň işine hem uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Tehnologiýalaryň örän tiz ösýän şertlerinde ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmeklerini, internetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Bu ugurda kitaphanalary, metbugat neşirlerini sanlylaşdyrmak ugrunda alyp barýan işlerimize-de uly orun degişlidir. Häzirki wagtda elektron görnüşdäki kitaplar ýaşlara elýeterli edilýär» diýip nygtaýar.

Ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmekde, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmakda bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Alymlaryň, ylmy işgärleriň, mugallymlaryň, döredijilik işgärleriniň, hünärmenleriň ylmy, amaly işleri, döredijilik ugurly taslamalary boýunça zerur çeşmelerden dessin peýdalanmaklary kitaphana işini sanlylaşdyrmak ugrunda möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy şahsyýet kämilligini kemala getirmegiň, jemgyýetçilik aňynyň we ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň ýokary göterilmeginiň, netijeli çözgütleri gazanmagyň esasy ylmy ojaklarynyň hataryndadyr. Kitaphanamyzyň esasy maksady we wezipesi onuň hazynasyndaky baý mazmunly ylmy kitaplar bilen okyjylara ýokary derejede medeniýetli hyzmat etmekden, hazynadaky we täze gelip gowuşýan ähli metbugat neşirleriniň ygtybarly, ýitgisiz, aýawly goralyp saklanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Hazynada ylmyň dürli pudaklaryna degişli bolan metbugat eserleriniň dürli görnüşleri toplanylýar we saklanýar. Kitaphananyň gaznasynda saklanýan metbugat neşirlerinden okyjylar islendik wagtda peýdalanyp bilýärler. Halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlara, milli baýramçylyklara, belli şahsyýetlere, görnükli alymlara, halk hojalygynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan edebiýatlaryň giň gerimli kitap sergileri yzygiderli guralýar. Kitaphananyň baý edebi mirasy aspirantlar, doktorantlar, dalaşgärler we ylmy işgärler üçin aýratyn ähmiýetlidir. Kitaphananyň hazynasyna ylmyň ähli pudaklary boýunça gelip gowuşýan gazet-žurnallaryň doly toplanylmagy we aýawly saklanmagy okyjylara islendik ugra degişli ylmy makalalary tapmaga ýardam edýär. Merkezi ylmy kitaphananyň hazynasy özünde ýurdumyzyň çäklerinde we daşary ýurtlarda neşir edilýän Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly aýratynlyklaryna degişli dürli dillerdäki seýrek duş gelýän we gymmatly kitaplary, golýazmalarydyr dissertasiýalary hem jemleýär.

Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler kitaphananyň hazynasyndaky seýrek duşýan gymmatly kitaplaryň nusgalaryny skanirleýärler. Bu bolsa ol eserleri okyjylara islendik wagtda okamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ylym ojagy ýeke-täk ylmy-bibliografik merkez bolmak bilen, ýurdumyzda kitapşynaslyk, bibliografiýaşynaslyk we kitaphanaşynaslyk meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Netijede, ylmyň derwaýys meselelerine degişli retrospektiw, şahsy we tematiki bibliografik görkezijileri düzmek we neşir etmek işi dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda ýurdumyzyň innowasion ösüşlerini, ylmy açyşlary, täze tehnologiýalaryň döwrüň öňegidişlikleri bilen deň gadam urmagyny nazarlaýan döwrebaplaşdyrmak işi dowam etdirilýär. Ol kitaphananyň sanly mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, seýrek we gymmatly neşirleriň saklanmagynyň derejesini üpjün etmäge, milli hem-de halkara derejede kitaphanalaryň arasynda tejribe alyşmagy ýola goýmaga gönükdirilendir. Aýratyn-da, okyjylara döwrebap hyzmat etmek maksady bilen, kitaphana täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär we onuň kitap hazynasyny elektron görnüşine doly geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Häzir kitaplaryň elektron görnüşlerini giňden ýaýradyp, jemagat kitaphanalarynda, ylmy kitaphanalarda elektron kitaplaryň bitewi ulgamyny döretmek işi netijeli dowam etdirilýär. Bu günki günde ýurdumyzyň kitaphanalary sanly resminamalaryň we maglumatlaryň köp toplanan ýerine öwrülýär. Okyjylaryň arasynda internet ulgamynyň üsti bilen elektron kitaphanalardan peýdalanmak ýörgünli bolsa-da, ýurdumyzda hereket edýän adaty kitaphanalaryň ähmiýeti kemelmeýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi Merkezi ylmy kitaphanany has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Elektron kitaphana ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de onuň habarlara hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna köpugurly çemeleşmäge mümkinçilik berýändigidir. Elektron kitaplaryň köpçülikleýin ýaýramagy bilen, olary belli bir maglumat binýadynda saklamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Maglumat binýadynyň döredilmegi okyjylar üçin amatly bolup, olar islendik kitaby gysga wagtyň içinde tapmaga mümkinçilik alýarlar. Netijede, elektron kitaplaryň sanynyň barha artmagy kitaphana ulgamynda okyjylara hyzmat etmek işini döwrebaplaşdyrýar.

Ylmy kitaphana dürli ugurlar boýunça ylma gözükdirmäniň we netijeli ylmy çözgütleri gazanmagyň kämil taýýarlygyny üpjün edýän ulgam bolup, onda ylmy kitaplaryň ummasyz gory jemlenendir. Ol gymmatly kitaplar her bir ulgamda netijeli ylmy gözlegleri alyp barmak babatda ylmy çeşme bolup hyzmat edýär.

«Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda bellenen Merkezi ylmy kitaphanada elektron hyzmatynyň işini döwrebap kämilleşdirmek wezipesi esasynda Merkezi ylmy kitaphananyň kitap hazynasynda elektron neşirleriň sanyny artdyrmak işi dowam etdirilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym bilen meşgullanmaga köpçülikleýin höwes döretmekde, ylma elýeterliligi ýokarlandyrmakda hem uly ähmiýete eýedir.

Doýduk SAPARBAÝEWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň direktory.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.