Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Mekdep harytlarynyň bolçulygy
Mekdep harytlarynyň bolçulygy
11 |
12 Awgust 2026 ý.

Bilim ulgamyndaky jogapkärli möwsüme — täze okuw ýylyna Ahal welaýatynda hem ählitaraplaýyn taýýarlykly barylýar. Şonuň çäginde okuwçy we talyp ýaşlary zerur bolan harytlardyr esbaplar bilen üpjün etmek işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Welaýatda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyna giň gerim berilmeginiň bu babatda ähmiýeti uludyr. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan onuň çägindäki bazarlaryň we dükanlaryň ýanynda guralan göçme söwda nokatlary — mekdep bazarlary bu gün ildeşlerimiziň hyzmatynda. Olarda okuwçy we talyp ýaşlara mekdep harytlarynyň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew şäherindäki «Ak bugdaý» bazarynda bolanymyzda, ol ýerde mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlarynyň işiniň ýokary derejede ýola goýlandygyna göz ýetirdik. Bu ýeriň mähellesi ýetik. Ata-eneleri, doganlary, ýakynlary bilen bazara gelen mekdep ýaşyndaky çagalaryň ýüzündäki şatlyk-begenç alamatlaryna şaýat bolmak has-da ýakymly. Okuwçy ýaşlar, bir tarapdan, täze okuw ýylynyň başlanjakdygyna, ak mekdeplere gadam basjakdyklaryna begense, ýene bir tarapdan, söwda nokatlaryndaky haryt bolçulygy olaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

 Begenmezçe, şatlanmazça hem däl. Göçme söwda nokatlarynda mekdep okuwçylaryna zerur harytlaryň ählisi bar. Özi hem harytlar köp görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa okuwçy oglan-gyzlara okuw harytlarynyň, şol sanda okuw esbaplarynyň içinden göwün islänini saýlap almaga amatlyklary döredýär. Bu ýerde alyjylara hödürlenýän okuw depderleri, gündelikler, surat çekmäge niýetlenen albomlar, reňkli kagyzlar, dürli kitapçalar, okuw esbaplarynyň beýleki görnüşleri, şeýle-de okuwda ulanylýan gollanmalar hiliniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Olar öz ýurdumyzda öndürilen harytlardyr. Bu harytlaryň uly höwes bilen satyn alynmagy hem hil derejesi babatdaky aýratynlygydyr. Mekdep torbasy, depderdir galam ýaly okuw esbaplary-da geçginli harytlaryň hatarynda.

Ýokary hilli nah matalardan tikilen okuwçy lybaslary göçme söwda nokatlarynyň özboluşly bezegidir. Ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň we tikin kärhanalarynyň bu önümleri, ylaýta-da, dürli ýaşly okuwçy oglanlara niýetlenen penjek-jalbarlar, köýnekler, okuwçy gyzlara niýetlenen öňlükler, sport lybaslary we beýleki dokma önümleri uly gyzyklanma eýe bolýar. Bu ýerde sünnälenip gaýalan tahýalar, şeýle-de dürli ölçegdäki aýakgaplar hem amatly bahadan alyjylara ýetirilýär.

Welaýatyň çägindäki mekdep bazarlarynyň — göçme söwda nokatlarynyň ählisinde-de medeniýetli söwda-satuw hyzmatlary amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, ildeşlerimiz olaryň işinden göwnühoş bolýarlar.

Aýdo ŞEKEROW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.