
Bilim işgärleriniň 2026—2027-nji okuw ýylynyň awgust usuly-amaly okuwlarynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri we mugallymlary üçin «Matematika ugruna ýöriteleşdirilen çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmagyň aýratynlyklary», «Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde halk döredijiliginiň orny we ähmiýeti», matematika dersini okadýan mugallymlar üçin «Okuwçylarda sözleýiş medeniýetini terbiýelemegiň ýollary» atly temalaryň bolmagy hem bu wezipeleriň wajypdygyny görkezýär.
Sanlar bilen baglanyşykly halk döredijiliginiň sanawaçlar we ýaňyltmaçlar ýaly görnüşleri, bir tarapdan, kiçi ýaşly çagalaryň sözlük goruny baýlaşdyrsa, beýleki tarapdan, çagalaryň türkmen dilinde sesleri dogry aýdyşyny, sözleýşiniň grammatik gurluşyny kämilleşdirýär.
Halk döredijiliginiň görnüşlerini matematika sapaklarynda wagt düşünjeleri, 1-den 10-a çenli sanlar, olaryň yzygiderliligi, düzümi öwredilende peýdalanmak bolýar. Mysal üçin, «Ýedigenim ýedi ýyldyz, ýedi göçer, ýedi gonar...» diýen sanawaç, «Ýedi ölçe, bir kes», «Ýedi göçüp, ýedi gonup ýörme» ýaly jümleler çagalaryň 7-lik sany dogry aýdyp bilmegine ýardam edýär.
Nakyllar, atalar sözi, matallar özüniň janlylygy, obrazlylygy, gysgalygy we aňlatmalaryň çeperligi bilen çagalaryň sözleýşini baýlaşdyrýar.
Çagalara mekdebe çenli döwürde sözüň düzümindäki sesleri aýyl-saýyl etmek, olary dogry aýdyp bilmek, sözi bogunlara bölmek, sözleri anyk we aýdyň aýdyp bilmek, olaryň manysyna düşünmek, sözlerden sözlem düzmek, gepleşige gatnaşyp bilmek, logiki yzygiderlilikde pikiri beýan edip bilmek, harplary tanamak, kesme harplardan söz düzmek öwredilýär.
Çaganyň mekdebe çenli döwründe sözleýşiniň ösdürilmegi olaryň orta mekdeplerde okuwyny üstünlikli dowam etmegine mümkinçilikleri açýar.
Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň matematiki sözleýiş babatda mekdebe taýýarlykly gelmeklerini üpjün etmek maksady bilen, mekdebe çenli çagalar edaralary bilen umumybilim berýän orta mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy maksadalaýykdyr.
Okuwçylarda matematiki sözleýşi ösdürmek I — XII synplarda dowam etdirilýär.
I — IV synplaryň matematika sapaklarynda okuwçylaryň okamak, ýazmak, hasaplamak endiklerini kemala getirmek, döredijilikli pikirlenmek endiklerini ösdürmek, V — XII synplarda bolsa, öz pikirini beýan etmek we düşündirmek ukybyny ösdürmek ýaly işler geçirilýär.
Mugallymlar okuwçylardan takyk we dogry sözlemegi talap etmelidir. Şeýle talaby ýerine ýetirmek üçin okuwçynyň söz baýlygy ýeterlik bolmalydyr. Sözlemde sözler ýerli-ýerinde, belli bir tertipde getirilmelidir. Artykmaç sözleriň sözlemiň manysyna ýaramaz täsir edýänligi üçin olardan gaça durmaly. Meselem: «neme», «ýaňky» ýaly artykmaç sözler sowatly sözleýşe zyýan ýetirýär, sözleýişde düşnüksizligi ýüze çykarýar, sözlemleriň çeperçilik gymmatyny peseldýär.
Okuwçynyň sözleýşi okuw maglumatlaryny dogry, tygşytly beýan etmegi, adalgalary dogry okap, ýazyp bilmegi bilen hem baglanyşyklydyr.
Matematiki adalgalaryň dogry aýdylmagyna hemişe gözegçilik edip durmalydyr. Okuwçy jogap berýän wagtynda multimedia tagtada ýazylan ýazgylary özüniň dilden düşündirişleri, esaslandyrmalary bilen aýtmalydyr. Mugallym okuwçynyň diňe zerur zatlary aýtmagyna we köp sözli bolmazlygyna gözegçilik etmelidir. Multimedia tagtada ýazylýan ýazgylar hökman dilden düşündirilmelidir. Okuwçylara meseleleriň çözülişiniň barşyny jikme-jik ýazman, dilden beýan etmegi hem öwretmelidir.
Okuwçylaryň matematiki sözleýşini ösdürmekde aňlatmalary, formulalary okamagy öwretmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Okuwçylar ýazylan aňlatmalary okamagy, dilden aýdylanda bolsa aňlatmalary ýazmagy başarmalydyrlar. Aňlatmalary okamaklyga takyklyk, düşnüklilik, gysgalyk ýaly talaplar bildirilýär.
Aňlatmalaryň okalyşyna mysallar getireliň. 205 >124 deňsizlik «iki ýüz bäş uludyr bir ýüz ýigrimi dörtden», 79 < 185 deňsizlik «ýetmiş dokuz kiçidir bir ýüz segsen bäşden» diýip okalýar. 32 + 78 jem «otuz iki bilen ýetmiş sekiziň jemi» ýa-da «otuz iki goşmak ýetmiş sekiz», «otuz ikä ýetmiş sekizi goşmaly» diýip okalýar.
Kesgitlemelerdäki ýalňyşlygy tapyň, tassyklamalaryň haýsynyň dogrudygyny, haýsynyň nädogrudygyny kesgitläň ýaly şertler bilen berilýän logiki meseleleri ýerine ýetirmegiň hem matematiki sözleýşi ösdürmekde ähmiýeti uludyr.
Okuwçylaryň matematiki sözleýşini ösdürmäge ýardam edýän işleriň görnüşleriniň biri-de didaktiki oýunlardyr. Sapakda oýnuň ýerlikli ulanylmagy okuwçylarda ünslüligi, sözleýiş medeniýetini terbiýelemäge oňyn täsir edýär.
Okuw kitabyndaky tekstiň üstünde işlemegiň okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmekdäki ähmiýeti uludyr. Teksti okamak, seljerme bermek, labyzly okuw, sözlük üstünde işlemek örän peýdalydyr.
Sözlük üstünde işlemegiň, täze sözleriň, adalgalaryň düşündirilmeginiň okuwçylarda sözleýşi ösdürmekde uly ähmiýeti bar, ol okuwçylarda sözleýişde öwrenilen sözleri, adalgalary dogry ulanmagy terbiýeleýär.
Okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmekde sanly serişdelerden ýerlikli peýdalanylmalydyr. Kesgitlemeleriň, teoremalaryň aýdylyşynyň, meseleleriň çözülişiniň, funksiýalaryň grafikleriniň gurluşynyň düşündirilişiniň ekranda sesli görkezilmeginiň ähmiýeti uludyr.
Sapakda mugallymyň öz göreldesi bilen okuwçylaryň sözleýiş diliniň ösmegine ýardam etmegi örän möhümdir. Matematika sapagynda mugallym sapagyň temasyny düşündirýär, ýerine ýetirilýän gönükmelere düşündiriş berýär, okuwçylara soraglary bermeli, olaryň jogaplaryny ara alyp maslahatlaşmaly bolýar. Mugallymyň öz sözleýiş dili örän sowatly, medeniýetli, okuwçy üçin görelde we nusga alarlyk bolmalydyr.
Ol öz sözleýşinde nädogry düzülen sözlemlere we söz düzümlerine, aýdylyş kadalarynyň bozulmagyna ýol bermeli däl. Mugallymyň sözleýşi düşnükli, edebi taýdan sowatly bolmalydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle maslahat berýär: «Her bir aýdýan sözüň dogry, dürs we jaýdar bolsun! Öz ene diliňde — edebi dilde gürlemek mertebedir». Örän jaýdar aýdylan sözler. Mugallymlar şu dana sözlerden ugur alyp, okuwçylarda sözleýiş medeniýetini terbiýelemekde bilimini, ukybyny, yhlasyny gaýgyrmaly däldir.
Ýaş nesilde sözleýşi ösdürmek boýunça metbugatda makalalary çap etmek, teleradioýaýlymlarynda döredijilikli işleýän matematika mugallymlarynyň sapaklaryny görkezmek, gepleşikleri guramak hem wajyp meselelerdir.
Diwar gazetleri okuw-terbiýeçilik işiniň wajyp serişdeleriniň biri hasap edilýär. Olarda matematiki sözleýşi ösdürmäge degişli gazet-žurnallardan, dürli kitaplardan alnan gyzykly maglumatlar, krosswordlar, rebuslar, meseleler orun tapmalydyr.
Synp otaglarynda, dälizlerde ýerleşdirilýän diwarlyklar hem sözleýşi ösdürmekde goşmaça maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Matematikadan synp otagynda okuw ýylynyň bütin dowamynda dürli synplarda, sapaklarda peýdalanyp bilinjek, sözleýşi ösdürmäge ýardam etjek diwarlyklaryň bolmagy hem maksadalaýykdyr.
Bilim işgärleri bilen okuw merkezlerinde geçirilýän usuly-amaly okuwlarda hem ýaş nesillerde sözleýiş medeniýetini terbiýelemeklige degişli öňdebaryjy iş tejribeleriň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagy ähmiýetli işlerdir.
Mekdep okuwçylarynyň sözleýiş medeniýetini ýokarlandyrmak meselesi boýunça ders mugallymlarynyň tejribe alyşmagy we usuly birleşmeleriň maslahatlarynyň geçirilmegi hem ähmiýetlidir. Ähli okuw ders mugallymlarynyň tagallasy bilen okuwçylaryň sözleýşini ösdürmekde, kämilleşdirmekde üstünlik gazanyp bolar.
Gündogdy ŞADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler bölüminiň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent.




