
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar we jemgyýeti kämilleşdirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşi maksatnamalaýyn esasda berkidilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da artýar. Türkmen halkynyň toý-baýramlary bedewler bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Ol bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýaýrapdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary ahalteke bedewlerine bagyşlanandyr. Bu ajaýyp eserlerde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlaryny dikeltmek we aýawly saklamak barada giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary dünýä dilleriniň birnäçesine terjime edilip, türkmen bedewleri barada gyzykly maglumatlary öwrenmekde ylmy çeşmä öwrüldi.
Türkmen halkynyň seýisçilik sungaty hem ýokary baha mynasypdyr. Häzirki döwürde öz gözbaşyny bäş müň ýyllyk taryhdan alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Altyn-kümüş şaýlar bilen bezelen bedewler toý-baýramyň hem gelşigi bolupdyr. Özüniň milli medeni mirasy bilen tutuş dünýäniň ösüşine mynasyp goşandyny goşan türkmen halkynyň baý medeniýetini, sungatyny ylmy esasda öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol milli gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, halk zehininiň mähek daşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasy belent tutulyp, olara goýulýan hormat has-da artdy.
Halk döredijilik eserlerinde hem milletiň ruhy dünýäsinde uly orun eýelän bedewiň keşbi çeper beýan edilýär. Atyň ynsan durmuşyndaky orny bilen baglanyşykly etnografik maglumatlar, gadymy ýazuw ýadygärlikleri onuň milli gymmatlyk hökmünde ykrar edilendiginden habar berýär. Arheologlar, taryhy öwrenijiler tarapyndan Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan atyň dürli şekiljikleri bedewiň türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolandygynyň güwänamasydyr.
Türkmeniň seýisçilik sungatynyň hiç bir halkyňka meňzeş bolmadyk özboluşly ýolunyň, aýratynlygynyň bolmagynda ata-babalarymyzyň ummasyz zähmeti bardyr. Bu hünäre baş goşan her bir türkmen öz ömrüniň dowamynda bu ugurdaky iş tejribesini kämilleşdirip, öz gezeginde, indiki nesle miras goýupdyr. Şeýlelikde, türkmen seýisçilik sungaty wagtyň geçmegi bilen kämilleşip, uly bir mekdebe öwrülipdir.
Welidat HUDAÝNAZAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.




