Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Pe­der ýoly — ter­bi­ýe mek­de­bi
Pe­der ýoly — ter­bi­ýe mek­de­bi
19 |
12 Awgust 2026 ý.

Her bir yn­sa­nyň dur­mu­şyn­da onuň kal­byn­da öç­me­jek yz gal­dyr­ýan, dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len ýol gör­kez­ýän, asyl­ly hä­si­ýet­le­ri bi­len gö­rel­de bol­ýan be­ýik şah­sy­ýet bol­ýar. Per­zent üçin ata şeý­le mu­kad­des yn­san­dyr. Ata di­ňe bir maş­ga­la­nyň sü­tü­ni däl, eý­sem, per­zen­diň dur­muş ýo­lu­nyň il­kin­ji mu­gal­ly­my, ter­bi­ýe­çi­si we gö­rel­de­si­dir.

Özü­niň ma­ny­ly öm­rü­ni hal­ky­na, mäh­ri­ban top­ra­gy­na ba­gyş eden Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň kyb­la­sy, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ata­sy Mä­lik­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň ma­ny­ly ömür ýo­ly hem şeý­le nus­ga­lyk dur­muş mek­de­bi­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döwlet guşy» romanynda ka­ka­sy ba­ra­da: «Mäh­ri­ban kyb­la­myň ömür ýo­ly — ma­ňa nus­ga­lyk ýol, onuň asyl­ly be­ýik ah­lak sy­pat­la­ry me­niň idea­lym, me­niň dur­muş uni­wer­si­te­tim» di­ýen söz­le­ri pe­der bi­len per­zen­diň ara­syn­da­ky ru­hy bag­la­ny­şy­gyň, ata gö­rel­de­si­niň örän äh­mi­ýet­li­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Mä­lik­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň ça­ga­lyk ýyl­la­ry Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň agyr döw­rü­ne ga­bat ge­lip­dir. Ol ba­ry-ýo­gy 11 ýa­şyn­da­ka ka­ka­sy Ber­di­mu­ha­met aga ur­şa gid­ýär. Şeý­le kyn dö­wür­de ýaş­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, ol ruh­dan düş­män, oba adam­la­ry­ny zäh­me­te, ag­zy­bir­li­ge we ýeň­şe ruh­lan­dyr­ýan goş­gu­lar dö­re­dip­dir. Onuň «Köp eke­liň dä­nä­ni!» at­ly goş­gu­sy­nyň 1944-nji ýyl­da «Ýag­ty ýol» ga­ze­tin­de çap edil­me­gi hem şol dö­wür­dä­ki ru­hu­be­lent­li­giň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Bu ýag­da­ýyň özi ne­sil ter­bi­ýe­si üçin uly sa­pak­dyr. Kyn­çy­ly­gyň öňün­de ejiz­le­män, hal­kyň bi­len bi­le bol­mak, adam­la­ra gol­daw ber­mek, ýag­şy umyt dö­ret­mek yn­sa­nyň be­lent ah­lak sy­pat­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mä­lik­gu­ly aga­nyň ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da gör­ke­zen ru­hu­be­lent­li­gi onuň dur­muş ýo­lun­da hem hem­ra­sy bo­lup­dyr.

Ol zäh­met ýo­lu­ny mu­gal­lym­çy­lyk­dan baş­la­ýar. 1950-nji ýyl­da öz oba­syn­da­ky mek­dep­de il­ki ki­tap­ha­na­çy, soň baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my bo­lup iş­le­ýär. Soň­ra uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da içe­ri iş­ler ul­ga­myn­da gul­luk edip, dür­li jo­gap­kär we­zi­pe­ler­de zäh­met çek­ýär. 1982-nji ýyl­da hor­mat­ly dynç al­şa çy­kan­dan soň hem bi­lim-ter­bi­ýe işin­den daş­laş­man, ýaş­la­ra bi­lim ber­mek ug­run­da zäh­me­ti­ni do­wam et­dir­ýär.

Şeý­le ömür ýo­ly ada­myň di­ňe bir hü­när taý­dan däl, eý­sem, ru­hy taý­dan hem kä­mil­leş­me­gi­niň nus­ga­sy­dyr. Mu­gal­lym­çy­lyk, har­by gul­luk, ýol­baş­çy­lyk we bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik işi — bu­la­ryň äh­li­si­niň öze­nin­de hal­ka hyz­mat et­mek, özü­ňe yna­ny­lan bor­jy ha­lal ýe­ri­ne ýe­tir­mek dü­şün­je­si dur­ýar.

Mä­lik­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň ne­sil ter­bi­ýe­sin­dä­ki nus­ga­lyk ýo­lu­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy hem şu ýer­de ýü­ze çyk­ýar. Ol per­zent­le­ri­ne di­ňe bir öwüt-ün­dew bi­len däl, eý­sem, öz dur­mu­şyn­da­ky gö­rel­de­si bi­len hem ter­bi­ýe be­rip­dir. Zäh­met­sö­ýer­lik, ter­tip-düz­gün, ru­hu­be­lent­lik, Wa­ta­na we­pa­ly­lyk, mil­li däp-des­sur­la­ra hor­mat goý­mak ýa­ly hä­si­ýet­ler maş­ga­la oja­gyn­da ke­ma­la gel­ýän ter­bi­ýä­niň berk esas­la­ry­dyr.

Türk­men hal­kyn­da ata-enä hor­mat goý­mak mu­kad­des borç ha­sap­lan­ýar. Per­zent ata-ene­si­niň dur­mu­şyn­dan gö­rel­de alyp, zäh­me­tiň ga­dyr-gym­ma­ty­ny, sa­byr­ly­ly­gy, adam­la­ra hor­mat goý­ma­gy öw­ren­ýär. Şo­nuň üçin Mä­lik­gu­ly

Ber­di­mu­ha­me­do­wyň ömür ýo­ly di­ňe bir maş­ga­la­nyň ta­ry­hy däl, eý­sem, ýaş ne­sil üçin hem ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýet­li dur­muş mek­de­bi­dir.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň eser­le­rin­de ka­ka­sy­nyň dur­muş ýo­lu­na aý­ra­tyn orun be­ril­me­gi tö­tän­den däl­dir. «Döw­let gu­şy», «Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar», «Öm­rü­miň ma­ny­sy» at­ly eser­ler­de Mä­lik­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň dur­mu­şyn­dan we zäh­met ýo­lun­dan mag­lu­mat­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar» atly ese­rin­de onuň içe­ri iş­ler ul­ga­myn­da­ky köp­ýyl­lyk gul­lu­gy we şah­sy go­şan­dy ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.

Şeý­le eser­le­riň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti hem ulu­dyr. Olar ýaş nes­le Wa­ta­na gul­luk et­me­giň, kyn­çy­lyk­la­ra döz gel­me­giň, mak­sa­da ok­gun­ly bol­ma­gyň, mert­lik we adam­kär­çi­lik ýa­ly be­lent hä­si­ýet­le­ri dur­muş­da ýö­rel­ge edin­me­giň, ru­hu­be­lent­li­giň be­ýik nus­ga­syny gör­kez­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýaş nes­li wa­tan­sö­ýü­ji­lik, zäh­met­sö­ýer­lik, mil­li buý­sanç we ýo­ka­ry ah­lak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Mä­lik­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň ömür ýo­ly ýaş­la­ra öw­ren­mek, gö­rel­de al­mak we ýag­şy ýö­rel­ge­le­ri do­wam et­dir­mek üçin şam­çy­rag­dyr. Çün­ki ne­sil ter­bi­ýe­si söz­den baş­lan­ýar, gö­rel­de bi­len ber­ke­ýär. Ata ta­ra­pyn­dan gör­ke­zi­len ýag­şy gö­rel­de per­zen­diň kal­byn­da ömür­lik orun al­ýar.

Ogul­şat DUR­DY­ÝE­WA,

Gök­de­pe et­ra­byn­da­ky Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len 27-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.