
— Maňa 2022-nji ýylda Koreýanyň milli çeperçilik uniwersitetiniň talyby bolmak miýesser etdi. Hünär ugrum boýunça sungaty öwreniji. Ýörite maksatnama esasynda synagdan geçmek üçin koreý dilini öwrendim. Çagalyk döwrümden çeperçilik bilen meşgullanyp gelýärin. Aşgabatdaky Sejong merkezine gatnadym. 2018-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, uniwersitetiň talyp hakly görnüşine kabul edildim.
Ýokary okuw mekdebimiz Seul şäherinde ýerleşýär. Ýurduň paýtagtynda bilim alýan türkmen talyplarynyň sany az däl. Olar ýurduň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bolan Seul milli uniwersitetinde, Ýonse we Korýo uniwersitetlerinde okaýarlar. Beýleki şäherlerde hem bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça bilim alýan ildeşlerimiz bar.
Hormatly Prezidentimiziň bu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda ylym-bilimde hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekilmegi türkmen ýaşlaryna ýokary derejede bilim alyp, ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarys. Şeýle mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Abadan BABAÝEWA,
Koreýanyň milli çeperçilik uniwersitetiniň talyby




