
Türkmenistanyň Malaýziýa, şol sanda dünýäniň iri energetika kompaniýalarynyň biri bolan «PETRONAS» bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy diňe bir nebitgaz pudagyndaky önümçilik gatnaşyklary bilen çäklenmän, ýaş hünärmenleriň taýýarlygy, ylmy gözlegler, sanly tehnologiýalar ýaly ugurlary hem öz içine alýar.
«PETRONAS» kompaniýasynyň ýurdumyzda 1996-njy ýyldan bäri alyp barýan işi iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerine ýetirilen işleriň dowamynda toplanan tejribe we döredilen önümçilik gatnaşyklary häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary bilen baýlaşdyrylýar. Şol hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetli ugry ylym-bilim ulgamydyr. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda ençeme ýyllaryň dowamynda netijeli ylym-bilim hyzmatdaşlygy alnyp barylýar. Ýakynda bu kompaniýanyň we iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama gol çekilmegi hem bu gatnaşyklaryň dowamly häsiýete eýedigini görkezýär.
Bu gatnaşyklaryň mazmunynda talyplaryň we ýaş mugallymlaryň gös-göni gatnaşmagyndaky okuw-tejribe çäreleri göz öňünde tutulýar. Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde türkmen talyplary we ýaş mugallymlar her ýyl tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçip, öz hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar.
Hyzmatdaşlygyň ýene bir netijeli ugry professor-mugallymlaryň özara bilim tejribesini paýlaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Tehnologiýa uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin dürli temalar boýunça umumy okuw sapaklaryny geçirýärler. Şeýle sapaklarda dünýäniň häzirki zaman ylmy-tehniki ösüşinde möhüm orun eýeleýän ugurlar boýunça täze maglumatlar berilýär. Golaýda hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň professory tarapyndan sanly ulgam arkaly nebit we gaz fakultetiniň talyplarydyr ýaş mugallymlary bilen guralan «Deňiz desgalarynyň giňişleýin seljermesi we taslamalaşdyrylmagy» atly okuw sapagy netijeli häsiýete eýe boldy. Onda deňiz desgalaryny seljermek we taslamalaşdyrmak bilen baglanyşykly häzirki döwürde ulanylýan innowasion tehnologiýalar, täze usullar barada gyzykly maglumatlar beýan edildi. Oňa gatnaşyjylara «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite güwänamalary gowşuryldy.
Täze Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary hem kesgitlenildi. Ylaýta-da, 2026-2027-nji okuw ýylynyň dowamynda hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň birnäçe professorlarynyň sanly ulgam arkaly, şeýle hem baýry bilim ojagymyza gelip okuw sapaklaryny geçmegi meýilleşdirilýär. Sapaklar nebitgaz pudagyna emeli aňy ornaşdyrmak, himiýa we gaýtadan işlemek ýaly ugurlara bagyşlanýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk geljekki nebitgaz işgärlerini taýýarlaýan baýry ýokary okuw mekdebimiziň binýadynda bilimden önümçilige, ylmy gözleglerden döwrebap tehnologiýalara çenli uzaýar.
Döwran ESENOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.




