Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

«Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli»
«Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli»
240 |
22 Sentýabr 2026 ý.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň watansöýüjilik ýörelgesi hakda söhbet

Türkmen halkynyň taryhyna ser salanyňda, döwürleriň biri-birinden üzňe däldigine göz ýetirýärsiň. Nesiller çalyşýar, zamananyň keşbi özgerýär, emma halkyň ruhy ýörelgeleri, döwletlilik däpleri, parahatçylyga bolan ynamy we Watana gulluk etmek baradaky düşünjesi nesilden-nesle geçip, täze mazmun bilen baýlaşýar. Şu nukdaýnazardan, häzirki döwürde milli syýasatymyzyň gözbaşyndaky ata-babalarymyzyň ruhy we ynsanperwerlik ýörelgeleri täzeçil esasda dowamata eýe bolýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde alyp barýan beýik işlerinde hem bu ýörelgäniň dürli ugurlardaky aýdyň beýanyny görmek bolýar. Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu günki maksatlary geljegimiziň bagtyýarlygy ugrundaky işleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilýär.

«TARYH BEÝIK IŞLER BILEN ÝAZYLÝAR»

Taryh, milli ruh, nesil we geljek. Her bir halkyň ýaşaýyş pelsepesini şeýle dört sütüne bölmek bolar. Geçmiş bolmasa, kimdigimizi bilmeris. Milli ruhumyz bolmasa, ýaşaýşymyzyň manysyny ýitireris. Nesil bolmasa, dowamat bolmaz. Geljek bolmasa, maksadymyz bolmaz. Bularyň ählisi nobatma-nobat aýlanyp-öwrülip, taryhyň sahypalaryndan orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýen sözleri bolsa bu baradaky garaýyşlarymyzy bitewi ylmy-filosofik kesgitlemä jemleýär.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlaryndan soň, şol ýylyň 19-njy martynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary döwlet wezipesine girişmegi bilen başlanan täze taryhy ösüş ýolumyzda Watanymyzyň ykdysady kuwwaty, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy täze derejelere göterildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm işler alnyp barylýar. Gazanylýan üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň oňyn netijesidir. Bu ynsanperwer ýörelgelerde düýpli özgertmeleriň many-mazmuny jemlenendir. Şol beýik özgertmeler bolsa iň täze taryhymyzyň sahypalarynda müdimi orun alýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly, ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda dünýä ähmiýetli Kararnamalaryň ençemesi kabul edildi, hemişelik Bitaraplygymyz bolsa üçünji gezek belent ykrar tapdy. Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň geljek nesiller üçin has adalatly we howpsuz dünýäni gurmak babatdaky pikir-ideýalarynyň miwesidir. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilýän şeýle Kararnamalaryň halkara hukuk güýji arkaly Ýer ýüzüniň ähli ynsanlarynyň ykbalyna dahylly işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny has-da berkitmek ugrunda öňde goýlan belent maksatlar, alnyp barylýan ynsanperwer daşary syýasatymyz dünýä derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Songýungwan uniwersitetinde bolmagy hem-de hormatly Prezidentimize syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň adyndan döwlet Baştutanymyza Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamanyň gowşurylmagy munuň täze beýany boldy. Çünki bütin dünýäde bolşy ýaly, Koreýa Respublikasynda hem hormatly Prezidentimiziň dolandyrmak başarnyklary esasynda Türkmenistanyň döwlet ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak babatda bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýär.

«OKAMAK — BEREKET, ÝAZMAK — KUWWAT, DÖRETMEK DÖWLETDIR»

Bir halk hakynda ýazylan kitapda şol halkyň taryhyna bolan garaýyş, onuň ruhy gymmatlyklaryna berilýän baha, geçmişden geljege uzaýan ýoly baradaky düşünje jemlenýär. Kitap — döwür hakyndaky pikir, halk hakyndaky söhbet. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň döredijilik dünýäsine, ajaýyp eserlerine göz aýlanymyzda, kämil garaýyşlaryň edebi-çeper çeşmesine, binýatlyk taglymatlaryň gymmatyna has gowy düşünýäris. Ylmy-döredijilik işinden ussatlyk bilen baş çykarýan hormatly Prezidentimiziň paýhas çeşmesi Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan, milli edebiýatymyzdan gözbaş alýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplary halkymyzyň taryhynyň, medeni mirasymyzyň, ýaş nesliň jemgyýetdäki ornunyň we ýurdumyzyň halkara syýasatynyň dürli taraplaryny öwrenmek üçin ylmy-filosofik çeşmelerdir. Bu eserleriň her biri aýratyn tema bagyşlanan hem bolsa, olaryň arasynda umumy filosofik baglanyşygy görmek bolýar. Şeýle hem bu kitaplarda milli taryhy-syýasy tejribämizi dünýäniň umumy pikir giňişligine çykarmak, milli gymmatlyklarymyzy halkara derejesinde wagyz etmek işlerine aýratyn üns berilýär.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz okamagyň, ýazmagyň, döretmegiň maşgalasyna mahsus häsiýetleriň biridigini, bularyň berlen terbiýäniň esasyny düzýän aýratynlyklardygyny nygtaýar. Şunda «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýlen jümle ýatlanylyp, köp kitap okamagyň, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamagyň ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýandygy bellenilýär. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerini okanymyzda, biz bu hakykata doly we dürs göz ýetirýäris.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly ajaýyp şygrynyň halkymyza ýetirilmegi baýramçylyk ruhumyzy galkyndyrdy. Milli buýsanç duýgusyna ýugrulan bu şygyrda döwrümiziň pelsepesi, halkymyzyň dünýägaraýşy, milli gymmatlyklarymyzyň waspy belentden ýetirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp şygrynyň her bir setirinde beýan edilýän çuňňur many milli mirasymyz, medeni baýlyklarymyz, ruhy ýörelgelerimiz dogrusynda giňişleýin pikir öwürmäge ugrukdyrýar.

«WATANA SÖÝGI — HALKA SÖÝGI»

Ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýolunda durnukly ykdysadyýet, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, milli miras, edebiýat, halkara başlangyçlar ýaly birnäçe ugurlar biri-biri bilen özboluşly sazlaşýar. Bular dürli şahalar ýaly görünse-de, ählisi bir kökden güýç alýar. Ol kök — Watan söýgüsi, watançylyk düşünjesi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne bir döräýen jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär».

Beýik şahsyýetler taryhy hakydalary, milli ýörelgeleri öz kalbynda jemläp, il-halkyň, döwletiň ykbalyny öz ykbaly hasaplap, mertebeli ýaşaýşyň nusgasyny görkezýärler. Şeýle beýik ynsanyň ady halkyň aňyna, taryhyň gatlaryna müdimi ýazylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk ýoly, durmuş tejribesi hem heňňam hakykatlaryny jemleýän kitaba çalymdaş. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, geçilen ýollar, külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri. Şu jähetden bolsa, döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň ynamyna, söýgüsine mynasyp bolmagy, berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşlerini ömrüniň manysyna deňäp, hemişe şu mukaddes düşünjelere hyzmat etmegi ýaş nesilleriň kalbynda iň belent söýgini, ýagny Watan söýgüsini çuňlaşdyrýar. Hut şu söýgi bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýüreklerimize, aň-üşügimize, dünýägaraýşymyza, ideýalarymyza täzeçe mazmun bagyşlaýar.

Ata Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiziň aýgytly, yzygiderli we maksada okgunly hereketi täze taryhy döwürde beýik özgertmeleriň dowam etdirilmegine ýardam berýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni durmuşyndaky şanly wakalar milli kuwwatymyzy artdyrýar, berkararlyk we döwletlilik binýadyny berkidýär. Ylmy-tejribe taýdan çuňňur esaslandyrylan durmuş-ykdysady syýasat we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler Türkmenistana jemi içerki önümiň ösüşini ýokary depginde saklamaga, senagat pudagynyň önümçiliginiň möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga, içerki bazarda harytlaryň hem-de hyzmatlaryň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň Türkmenistan döwletimiziň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine itergi berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

* * *

...Gije asmana seredeniňde, ýyldyzlaryň biri-birinden uzak görünýändigine garamazdan, olaryň ählisiniň bir giňişlikde ýerleşýändigine göz ýetirýärsiň. Taryh hem şeýle. Wakalar biri-birinden uzak ýaly görünýär, emma olaryň arasynda üznüksiz baglanyşyk bar. Düýnki tejribe şu günki düşünjä täsir edýär. Şu günki karar ertirki taryha öwrülýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amal edilýän giň möçberli işler geljek nesilleriň hem bagtyýarlygynyň mizemez binýadydyr. Öňümizde bolsa heniz edilmeli işler juda köp. Heniz geçilmeli menziller bar. Heniz açylmaly kitaplar bar. Heniz öwrenilmeli taryh bar. Heniz beýgelmeli ylym bar. Ýolumyz bolsa nazarlan menzilimize tarap dowam edýär. Ak ýol dowam edýär. Bu ýol — halkyň beýik ogly Gahryman Arkadagymyzyň guran ýoly! Bu ýol — dowamatyň ak ýoly! Bu ýol — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýoly!

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

«Nesil».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

    • +993 (71) 46 62 18

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2026 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.