Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Oguz ýoly we törelik
Oguz ýoly we törelik
171 |
23 Sentýabr 2026 ý.

«...Men özüme Oguz hany pikir hanasy edinenligimi-de aýdaýyn» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň edebi taglymaty oguznamaçylyk däplerine täze taryhy döwrüň ylmy nukdaýnazaryndan baha bermegiň ýol-ýörelgelerini özünde jemleýär. Oguznamaçylyk ýörelgesini täzeçilligiň ruhy bilen ösdüren Gahryman Arkadagymyz: «Her bir ynam-ygtykadyň, durmuş ýörelgesiniň özeninde ynsanyň ýaradylyşa yhlasy bar. Ýaradylyşa yhlas-söýgi bolsa, tutuş äleme söýgüdir. Oguz hakykaty şol söýgüden telwaslydyr» diýip, oguz hakykatyny — oguz taglymatyny bütin barlyga bolan söýginiň simwoly, umumadamzada bolan belent ynsanperwer başlangyçlaryň baş çelgisi hökmünde ykrar edýär.

Beýik şahsyýetleriň pähim-parasady bilen kemala gelen durmuş ýörelgesi bütin halkyň älem-jahana bolan mähir-muhabbeti bilen baglanyşdyrylýar. Olar il-günüňe, ýurduňa hyzmat etmek kuwwatyny äleme ýaýýarlar. Munuň şeýledigini edebiýatdaky töre we törelik bilen bagly beýan etmeler hem subut edýär.

Töre we törelik ir döwürlerden bäri türkmen halkynyň döwlet gurluşynda, jemgyýetçilik dolandyrylyşynda döwlet we düzgün-nyzamyň nyşany hökmünde uly ähmiýete eýedir. XI asyrda Ýusup Balasagunly: «Urugy ýagşy bolsa, kişi ýagşy bolar, kişi ýagşy bolsa, soň töre çykar», «Dünýäni tutan ynsan akylly bolmalydyr, halkyň başynda bolan kimse-de mert bolmalydyr. Bu ikisinden soňra hyzmatkärleriň hem töre we tejribeli bolmaklary lazymdyr», «Adamlar halkyň edarasyny we begleriň işini açyk-aýdyň bir töre we usula görä ýörederler» diýipdir. Bu pikir-garaýyşlarda onuň töre çykmak, töre bolmak ýaly birnäçe aýratynlyga ünsi çekmegi ýöne ýere däldir. Halkyň asyrlarboýy toplan durmuş tejribesiniň, däp-dessurlarynyň, ahlak kadalarynyň jemi, ýokary hukuk guraly — töre hem-de onuň dolandyrylyşynyň jogapkärçilik ýüküni göterýän, halkyň daşary howpdan goralmagy we içerki gapma-garşylygyň oňyn çözgütlerini gazanmagyň ýoly bilen jebisleşdiriji wekil — törelik döwlet dolandyrylyşynyň esasy nyşany we sütüni bolupdyr.

Sözlüklerde berilýän maglumata görä, töre uly derejeli, belent wezipeli, şeýle hem ýol, ýörelge, däp-dessur, adat diýen manylara eýedir. Alymlaryň bellemegine görä, ol türki döwletlerde hanlykdaky han — baş wezir — töre diýen üçlükde orun alýar. Mahmyt Kaşgarly «töre» sözüniň aslynyň «türemek» sözünden gelip çykandygy hakda habar berýär. Häzirki zaman türkmen dilindäki «döremek» sözüniň asly bolan türemek — ýaradylyş, döreýiş diýen manylara hem eýedir. Şeýlelikde, Pyragynyň:

Törelikde — taýsyz, ärlikde — eňsiz —

diýen setirindäki «törelik» sözünde orta asyrlaryň meşhur dilçisiniň ýaradylyş hakdaky beýan etmelerine pikirdeşligi ýüze çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň bellemegine görä, «Taryhyň gatynda eýýam bolup galan şahsyýetler täzelik döredenligi bilen, wagtyň belentligine galýarlar diýmek hem o diýen dogry däldir. Täzelik olaryň dünýä inmeginiň özüdir, täzelik ýaradylyşdadyr».

Asyrlaryň dowamynda toplanylan nakyllar, atalar sözleri — ata-babalarymyzdan miras galan hikmetli sözler oguz wesýeti hökmünde halk hakydasynda ýaşap ýör. Edebiýatyň taryhynda oguz wesýetiniň aýratyn orny bar: «Menden maslahat alsaň, oguz wesýetiniň esasynda her biriniň derejesi, ýoly, töresi, ady we lakamy aýry-aýry belli edilsin. Her biriniň nyşany we tagmasy bolsun. Olar biri-birleri bilen uruş we dawa etmez ýaly, her biri öz permanlaryny, hazynalaryny, ýylkydyr dowarlaryny şol nyşanlar bilen tagmalasynlar. Şeýle etseň, her biriniň oglanlary, agtyklary we boýlary zaman geçdigiçe öz adyny we lakamyny, ýoluny we töresini bilerler. Haçan-da öz ýol-ýörelgesini bilseler, döwletleri gaýym bolup, dünýäde we ahyrýetde ýagşy at gazanarlar». Oguz hanyň ýaşaýyş-durmuş kadalaryny gazanmagyň ýörelgelerinde döwleti dolandyrmakdaky taryhy tejribäniň düzgün-nyzamy jemlenendir. «Size berýän maslahatymy we öwüdimi üns bilen diňläň. Bu maslahat we öwüt sözlerini bagt çeşmesi we döwletiň binýady hasaplaň hem-de olary ähli hereketleriňizde ýolgörkeziji ediniň. Meniň öwütlerimi, sözlerimi we wesýetimi ogullaryňyza, çagalaryňyza, maşgalaňyza, nesliňize we hatda hemmelere ýetiriň» diýen pendi-nesihatlar hem oguz pentleridir. Adamyň öz nesillerine goýjak iň uly mirasynyň edep kadalarydygyny ündeýän oguz sargytlarydyr.

«Oguz hana düşünmezden, milli-ruhy dünýämize düşünmek kyndyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň milli özboluşlylygynyň — mentalitetiniň, türkmençilik däp-dessurlarynyň, medeni, aň-bilim ideologiýasynyň gözbaşynda oguz wesýetleriniň durandygyny ykrar edýär. Oguz wesýetlerine türkmen halkynyň milli mirasyna, taryhy-medeni gymmatlyklaryna baha bermegiň ölçeg birligi, edebi-ruhy ýazuw ýadygärligi, asyrlar aşyp gelen ahlak kadalary hökmünde baha berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Oguz ýörelgeleri kitaba ýazylmady, gaýtam, ýazylmadyk kanun bolup durmuşa ornady. Ol halkyň ruhy gurbatynyň tebigy ýagdaýyna laýyk ýaşady, özgerdi. Oguz ýörelgeleri şeýdibem asyrlary aşdy». Halkyň hakydasynda mäkäm orun alan, gündelik durmuşyna siňen kada-kanunlar taryhda oguz ýoly diýlip tanalýar.

Oguz han atamyzyň öz ogullaryna eden pendi-nesihaty iň uly durmuş sapagyna öwrüldi. Şeýle bolansoň, Milli Liderimiz: «Türkmeniň ruhy dünýäsiniň gözbaşynda oguz ýörelgeleri bar. Olary belli bir eserden okap, öwrenip bolmaýar. Ylmyň belli bir ugry babatdaky has çynlakaý gyzyklanmalaryňy anyk kitaplar kanagatlandyrýar. ...Oguz öwütlerine türkmen bolup düşünmelidir. Eger Oguzda ähli adamlara dahylly hemme döwür üçin wajyp mesele jemlenmedik bolsa, onuň şu güne çenli ýaşamajagyna, islendik döwrüňem ruhy isleglerini kanagatlandyryp bilmejegine aň ýetirilmelidir» diýip, bu oguz ýolunyň durmuşa ukyplylygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan, hemişe döwrebaplyk mahsus bolan edebi-ruhy gymmatlygynyň umumadamzat bähbitli miras hökmündäki ähmiýetini ýaýýar.

Maglumatlara görä, töre soramak döwleti dolandyrmak, il-günüň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi babatynda höküm çykarmak, düzgün-nyzam girizmek diýen ýaly manylara eýedir. Bu many türkmen dilinde höküm etmek, döwleti dolandyrmak manysyndaky ýurt soramak durnukly söz düzüminde hem gabat gelýär. Töre soralyşyna mysal hökmünde şeýle maglumata ýüzlenmek bolar: «Munuň we oglanlarynyň zamanyna çenli şu aşakda getiriljek beýtler tertibinde töre soralardy. Sag gol begler begligi gaýy we baýat begine, sol gol begler begligi baýyndyr we çawnydyr begine berlerdi. Galan beglikler bu ýigrimi dört boýuň begleriniň ogullaryna berlip bolýança gaýra berilmezdi».

Edebi çeşmelerde töre soraşmak görnüşi hem gabat gelýär. Olaryň haýsy birini alyp görenimizde hem, oguz taýpalarynyň taryhyndaky geňeşmek, geňeş, gurultaý ýa-da maslahatlaşmak medeniýeti ýüze çykýar.

«Soý soýlamak, boý boýlamak» aslyňy, kökleriňi ýatlamak we olaryň asylly keşplerini suratlandyrmak arkaly şanyna dessan baglap mertebelendirmek diýen ýaly manylara eýedir. Hormat goýmak we goşgy görnüşindäki dessany sazlaşykly äheňde aýtmakdyr. Ol diňe ýatlamak hem däl, öz taryhyňa göz aýlamak we geljegiň binýadyny gurmakdyr.

«Dädem Gorkut soý soýlady, boý boýlady» diýlen ýörelgäniň gözbaşy Oguz atamyzyň her taýpanyň, tiräniň, urugyň hökümdarlykdaky orny hem-de soltanlaryň, hanlaryň, töreleriň özüňi alyp barmagyň medeniýeti babatda türkmen mekdebiniň ýol-ýörelgelerini özünde jemleýär. «Oguz içinde sag gol hanlary urugyndan hanlyk eder ýaly hiç kim tapylmandy. Onsoň begler, ulular we kethudalar gurultaý we ýygnak edip, geňeşip, töre soraşdylar we maslahat etdiler» diýen setirlerden mälim bolşy ýaly, han saýlamak, wezir, wekil, häkim bellemek ýaly dessurlar bu ýörelge arkaly amala aşyrylypdyr.

Oguz töresi hakdaky maglumatlardan gelip çykýan netije şeýledir: Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Bagt-u-döwletiň görnüşleri we pursatlary özünden döremeýär. Bu ata-babalaryň bize ýaradylyşyň ebedi kanunlary hakyndaky goýan tymsallarydyr. Onuň köki gadymdan gaýdýar. Olaryň heňňam aýlanyp, adaja eşidilýän sedasy Oguzyň namalaryndadyr».

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

    • +993 (71) 46 62 18

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2026 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.