Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Agzybirligiň berk binýady
Agzybirligiň berk binýady
168 |
23 Sentýabr 2026 ý.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de hal­ky­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­si ös­dü­ril­ýär, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­myz ro­waç­lan­ýar. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de halk de­mok­ra­ti­ýa­sy esa­syn­da il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri üs­tün­lik­li alyp bar­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da, mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi my­na­syp do­wam et­mek­de hem berk bin­ýat bo­lup dur­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 23-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze la­ýyk ge­lip, döw­let­li iş­le­ri üs­tün­lik­li alyp git­mek­de berk bin­ýat­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz has-da ro­waç­lan­ýar. Hal­ky­my­zyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­mek jem­gy­ýe­tiň je­bis­li­gi­ni üp­jün ed­ýär we mil­li de­mok­ra­ti­ýa­ny ös­dür­ýär.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça uly üs­tün­lik­ler ga­za­ny­lyp, be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­de çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Di­ýa­ry­myz­da ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len dur­nuk­ly ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýet­li hä­zir­ki za­man döw­le­ti­ni gur­mak, ada­lat­ly ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni ber­ka­rar et­mek ug­run­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň bin­ýa­dy kä­mil­leş­di­ril­ýär we ös­dü­ril­ýär. Bu iş­le­riň hem­me­si kuw­wat­ly döw­le­ti­mi­ziň bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga, döw­let we hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Hä­zir­ki dö­wür­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ta­ry­hy äh­mi­ýet­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Her ýy­lyň tyl­la güý­zün­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry giň ge­ri­me eýe bol­ýar. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň güý­zi hem ýur­du­myz­da Ga­raş­syz­ly­gyň 35 ýyl­ly­gy­nyň toý-da­ba­ra­la­ry­na bes­len­ýär. Şan­ly baý­ram­çy­ly­gyň esa­sy da­ba­ra­la­ry­nyň bi­ri-de hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyn­dan göz­baş al­ýan, il için­de ab­raý­ly, sy­lag­ly adam­la­ryň jem bol­ma­gyn­da ge­ňeş et­mek, mas­la­hat ge­çir­mek ýa­ly asyl­ly dä­bi­ne eýe­ri­lip ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de hem döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­miz da­ba­ra­la­nyp, il-ýurt bäh­bit­li çöz­güt­ler ka­bul edi­ler.

Ag­zy­bir­li­giň, je­bis­li­giň, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň nus­ga­sy bo­lan bu umu­my­mil­li fo­rum Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň ösüş ýo­lun­da ga­za­ny­lan sep­git­ler­dir öň­de du­ran we­zi­pe­le­re ser sal­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şeý­le ta­ry­hy wa­ka­la­ra ga­bat­lap, dür­li pu­dak­lar­da gö­rel­de­li zäh­me­tiň be­lent nus­ga­sy­ny gör­ke­zen, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň ha­ty­ra­sy­na ha­lal zäh­met çe­ken il­deş­le­ri­mi­ze sy­lag-ser­paý­la­ryň ýa­pyl­ma­gy, Şa ser­paý­la­rynyň gow­şu­ryl­ma­gy hem asyl­ly dä­be öw­rül­di.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly ta­ry­hyň gat­la­ry­na ýa­zyl­jak şan­ly wa­ka­la­ra baý bol­dy. Ola­ryň her bi­ri dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň was­py­na, bi­ziň her bi­ri­mi­ziň buý­san­jy­my­za my­na­syp­dyr. Bu gün­ki gün­de bi­ziň her bi­ri­miz bu be­ýik ösüş­le­ri wasp edip, wa­gyz-ne­si­hat ed­ýä­ris, Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­ni dil­le­ri­miz­de se­na edin­ýä­ris. Bu bol­sa wa­tansö­ýü­ji­lik bi­len ga­za­ny­lan bag­ty­ýar­lyk­dyr.

Şu ýyl ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik, dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de ru­hy-me­de­ni dur­mu­şyn­da ama­la aşy­ry­lan tu­tum­ly iş­ler hal­ky­my­zyň öň­de bel­le­nen be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek­de çe­ken päk, hy­juw­ly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de ama­la aşy­ryl­dy. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de tä­ze-tä­ze bi­na­lar, des­ga­lar, ýol­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Biz muňa Garaşsyzlyk baý­ra­myna ga­bat­la­nyp paý­tag­ty­myz­da gu­ra­lan ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň ser­gi­sin­de hem aý­dyň göz ýe­tir­dik. Çün­ki ser­gi­de ýur­du­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň be­ýik ösüş­le­ri, mil­li önüm­le­ri­miz giň­den gör­ke­zil­di. Bu­la­ryň äh­li­si mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­nyň ulu­dan da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Şeý­le toý-baý­ram­ly gün­ler­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ge­çi­ril­ýän­di­gi aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Çün­ki halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne jem­gy­ýe­tiň dür­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, ýa­şu­lu­la­ryň, aý­ra­tyn-da, il sy­lag­ly adam­la­ryň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär, il-ýurt bäh­bit­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek­de wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Hal­ky­my­zyň mil­li de­mok­ra­ti­ýa­sy­ny ös­dür­mek­de giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Ba­ba MY­RAT­BER­DI­ÝEW,

Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

    • +993 (71) 46 62 18

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2026 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.