
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ulgamy ýokary derejede ösdürilýär. Döwrüň öňe çykarýan wajyplyklary bilen dünýä dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda ýola goýuldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary ýurtlar bilen halkara gatnaşyklarynyň ösmeginde hem berkemeginde iňlis dilini öwrenmek we doly derejede bilmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Orta mekdeplerde iňlis dili sapaklarynda sözleri öwretmek we sözlem düzmek ýaly endikler kemala getirilýär. Okuwçylar iňlis dilinde Garaşsyzlyk temasynda düzýän her bir sözlemini Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletine söýgi we buýsanç bilen beýan edýärler. Okuwçylar goşgulary we aýdymlary öwrenenlerinde, Watanymyzyň gülläp ösýändigini, döwletimiziň ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, ylymda we bilimde gazanýan uly üstünliklerini iňlis dilinde çeper beýan etmegi başarýarlar. Bu bolsa, öz gezeginde, çagalaryň diňe bir iňlis dilini öwrenmän, eýsem, täze maglumatlary hem düşünjelilik bilen özleşdirip bilýändigini görkezýär.
Iňlis dili sapaklarynda okuwçylaryň dünýägaraýşy baýlaşýar, olar täze sözleri öwrenip, pikirlerini beýan edip bilýärler. Bu bolsa olaryň iňlis dilinde sözleşmek endigini kemala getirýär. Sapaklarda diliň diňe bir sözleşmek, gepleşik serişdesi däl-de, eýsem, dost-doganlyk köprüsi bolýandygyny hem düşündirýäris.
Häzirki wagtda okuwçylaryň söz baýlygyny ösdürmekde, olaryň dünýä dillerini öwrenmeklerinde ähli mümkinçilik bardyr. Şunda sapagy döwrebap guramaga uly üns bermelidir. Has takygy, orta mekdeplerde döredilen şertlerden peýdalanmak, lingafon synp otaglarynda täze sözleri diňletmek we okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmak möhümdir. Çünki ýaşlar okamak we diňlemek arkaly iňlis dilini tiz özleşdirýärler. Şeýle hem synp otaglarynda multimedia tagtasyndan peýdalanmak arkaly dürli şekilli görnüşleri düzüp, sapakda görkezýäris. Bu bolsa sapagyň has-da netijeli bolmagyna täsir edýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde dil öwretmegiň iň kämil usullary kemala gelýär. Şunda iň täze enjamlar, kompýuterler we audio ses ýazgylary aýratyn orun eýeleýär. Bu enjamlaryň we ses ýazgylarynyň üsti bilen sözleri öwretmäge giň mümkinçilik alýarys. Şeýle hem sözleriň aýdylyşyny, manysyny ýat beklemekde kompýuter enjamlarynyň uly hyzmaty bardyr. Sözleriň dürs ýazuwyny we ýazuw kadalaryny öwretmekde okuw kitaplarynyň, şol sanda sözlükleriň aýratyn orny bar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda iňlis dilini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine, bilimde üstünlik gazanmaklaryna oňat ýardam edýär.
Maýa MOWLÝAMOWA,
Kerki etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.




