
— Halk Maslahatynyň şu gezekki taryhy mejlisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylyny aýratyn many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Ählihalk geňeşi guramaçylykly we agzybirlikde geçdi. Halka daýanylyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň röwşen geljegiň berk binýadyna öwrüljekdigine ynanýarys.
Umumymilli forumyň barşynda maňa-da, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Zenan kalby» ordeniniň gowşurylmagy durmuşymda ýatdan çykmajak waka boldy. Zenan dünýäsine goýulýan şeýle belent sarpa, olaryň jemgyýetdäki işjeňligine bildirilýän uly ynam ene ýüregimi has-da joşdurdy.
Çärýek asyr wagt bäri Balkanabat şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi bolup işläp gelýärin. Döredijilik öýünde ençeme ýaş nesliň sungatyň dürli ugurlaryndan ukyp-başarnygynyň açylmagyna ýardamçy bolandygyma begenýärin. Olara bezeg işini millilik bilen sazlaşykly ýerine ýetirmegi ündärdim. Bu ýerde halk döredijiliginiň, el işleriniň dürli ugurlary boýunça hem çagalara hünär öwredilýär.
Şa serpaýy halal zähmete hormat bilen birlikde, uly jogapkärçiligi hem egnimize ýükleýär. Mundan beýläk-de ýaş nesle görelde bolup, olaryň milli mirasymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegine öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly täze taryhy döwürde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň bagtyýar günleri dowamat-dowam bolsun!
Nurgözel MUHAMMEDOWA,
Garagum etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi




