
Golaýda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde geçirilen «Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnologiýalar» atly ylmy-amaly maslahatda bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmagyň ylmy-amaly çözgütleri, türkmen halkynyň taryhyny we baý pedagogik mirasyny öwrenmegiň ylmy çemeleşmeleri barada giňişleýin pikir alşyldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli guralan foruma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, ýaş alymlar gatnaşdylar.
Umumy mejlisde Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda milli bilim ulgamynyň döredilendigine, häzirki wagtda oňa täzeçil innowasion usullaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyna, okuw kitaplarydyr gollanmalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyna üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, ylym-bilim şahsyýetiň ruhy-ahlak dünýäsini baýlaşdyrýan, onuň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagyna kömek edýän gymmatlykdyr. Şunuň bilen birlikde, bilim arkaly halkymyzyň milli gymmatlyklary, asylly däp-dessurlary we edep kadalary ýaş nesillere geçirilýär.
Çykyşlaryň käbirinde 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynyň taryhy ähmiýeti bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Milli Liderimiziň watançylyk sapagy ýurdumyzyň her bir raýaty, şol sanda ylmy-pedagogik işgärler, mugallymlar üçin sazlaşykly ösen şahsyýetleri kemala getirmekde, olary jemgyýetçilik durmuşyna işjeň aralaşdyrmakda, ahlak gözýetimini giňeltmekde esasy ýolgörkeziji bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söz sözlänler Gahryman Arkadagymyzyň: «Perzent terbiýesi ata-enäniň mukaddes wezipesidir. Perzende türkmençilige mahsus at dakmak, bilim-terbiýe bermek, öýli-işikli etmek ata-enäniň perzendiň öňündäki esasy üç borjudyr» diýen jümlelerine üns çekdiler. Çünki ähli döwürlerde-de at maddy däl baýlyk hökmünde adam ömrüniň gymmatlygyny emele getiripdir. Adamyň şahsy ady onuň jemgyýete goşulmagynyň usulydyr.
Mundan başga-da, umumy mejlisde umumybilim edaralarynda hünär we şahsyýetara gatnaşyklaryny guramagyň ygtybarly gurallarynyň biri bolan halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ýola goýluş aýratynlyklary, türkmen etnopedagogikasyna häzirki zaman ylmy çemeleşmeler, bilim işine innowasiýalary ornaşdyrmagyň pedagogik, hukuk netijeleri barada gürrüň edildi.
Soňra ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi. «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary nesil terbiýesinde pedagogik gollanmadyr» atly bölümçede Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň çuňňur filosofiýa ýugrulan eserleriniň pedagogik işgärler üçin gymmatly gollanmadygy bellenildi.
«Türkmen halkynyň taryhyny we baý pedagogik mirasyny öwrenmegiň ylmy esaslary» atly bölümçede türkmen dil biliminiň ösüşi, türkmen žurnalistikasynyň taryhynyň öwrenilişi, halk döredijiliginde we çeper edebiýatda türkmen bedewleriniň wasp edilişi barada durlup geçildi.
Onlaýn we garyşyk okuw modeliniň, başlangyç synp okuwçylarynyň ekopedagogik ukyplaryny ösdürmekde STEAM usulyýetiniň aýratynlyklary, okatmagyň innowasion görnüşi hökmünde toparlaýyn işleri guramagyň zerurlygy, saz edebiýaty dersini okatmakda dersara gatnaşyk tejribeleriniň we täze tehnologiýalaryň peýdalanylyşy, jemgyýetçilik bilimlerini okatmagyň ylmy-didaktik esaslary, talyplaryň gymmatlyk-mazmun ugrukmalaryny kemala getirmekde inklýuziw gurşawyň orny, çagalaryň sözleýşini ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň peýdalanylyşy barada «Bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmagyň ylmy-amaly çözgütleri» atly bölümçäniň çäginde pikir alşyldy.
«Mekdebe çenli we başlangyç bilim: milli tejribe, innowasion ösüş» atly bölümçede başlangyç synp okuwçylarynyň özbaşdaklygyny ösdürmekde fiziki işjeňligiň orny, mekdebe çenli çagalar edaralarynda iňlis dili sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň ähmiýeti, irki çagalyk döwründe halk döredijilik eserleriniň psihofiziologik we pedagogik ähmiýeti baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýeri gelende bellesek, ylmy-amaly maslahatda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň taýýarlan «Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnologiýalar» atly kitaby hem tanyşdyryldy. Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen ýygyndyda milli bilim ulgamynyň häzirki ýeten belent sepgitleri, mekdebe çenli ýaşly çagalary terbiýelemekde, umumybilim berýän orta mekdeplerde okatmagyň usulyýetiniň aýratynlyklary beýan edilýär. Şeýle hem ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bilen Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy.
Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.




