
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, bu ulgamyň hiline garaşsyz monitoringi hem-de «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlaryny öwrenmek maksady bilen, bilim edaralary häzirki zaman okuw tehnologiýalary bilen üpjün edilýär, öňdebaryjy usulyýetlere esaslanylýar. Şunda ýokary we umumybilim berýän orta mekdepleriň hyzmatdaşlygy ilerledilip, mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri hem-de olimpiadalar yzygiderli guralýar.
Ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça olimpiada geçirildi. Oňa ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan 11-nji we 12-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Şeýle olimpiadalaryň guralmagy mekdep okuwçylarynyň arasynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek, sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň üsti bilen ýokary okuw mekdepleriniň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak ýaly wezipelerden ugur alýar.
Bäsleşigiň jemleri boýunça birinji orna Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sähetmyrat Garaýew mynasyp boldy. Ikinji orny Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Güljemal Maksadowa hem-de Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýnur Annamämmedowa eýeledi. Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Şanazar Aşirow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýlar Esenowa hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mähri Atajanowa ders bäsleşiginde üçünji orny gazandylar.
Ýurdumyzda dowamly geçirilýän şeýle ders bäsleşikleri biologiýa dersine degişli ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, jemgyýetimizde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, ýaşlaryň bilimlerini has-da artdyrmaga, umumybilim berýän orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünär ugurlaryna ugrukdyrmaga itergi berýär.
(Ýörite habarçymyz).




