Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

tm
ru
en

Baş sahypa

Magtymgulynyň döredijiligi – türkmen medeniýetiniň pähim – paýhasy
Magtymgulynyň döredijiligi – türkmen medeniýetiniň pähim – paýhasy
447 |
26 Iýun 2026 ý.

2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymgulynyň döredijiligi – türkmen medeniýetiniň pähim – paýhasy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy maksady beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi-filosofik mirasyny häzirki zaman ylmy garaýyşlaryň esasynda seljermek, onuň döredijiligindäki milli ruhy gymmatlyklary, ynsanperwerlik ýörelgelerini we medeni mirasyň dowamatly ösüşindäki ornuny ylmy taýdan açyp görkezmekden ybarat boldy.

Maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Magtymguly Pyragynyň filosofik dünýägaraýşynyň türkmen jemgyýetiniň ruhy ösüşindäki ornuna bagyşlanan çykyş etdi. Çykyşda şahyryň döredijiliginde öňe sürülýän adalat, ynsanperwerlik, agzybirlik, watançylyk we ynsan kämilligi baradaky garaýyşlaryň diňe bir taryhy döwür bilen çäklenmän, eýsem häzirki döwrüň inženerçilik jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hem öz ähmiýetini saklaýandygy ylmy deliller arkaly esaslandyryldy.

Uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa öz çykyşynda Magtymgulynyň şygyrlarynda ahlak-medeni gymmatlyklaryň çeper beýanyna aýratyn üns berdi. Şahyryň ynsaplylyk, edeplilik, maşgala we jemgyýetçilik jogapkärçiligi, dost-doganlyk gatnaşyklary baradaky garaýyşlarynyň ýaş nesliň milli özboluşlylygyny kemala getirmekdäki ähmiýeti seljerildi. Maslahatda uly mugallymlar J.Sapargulyýewa hem-de Ş.Geldiýewa tarapyndan edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň çeperçilik aýratynlyklary, onuň söz sungatynyň kämil nusgasy hökmünde türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň ösüşine ýetiren täsiri barada giňişleýin pikir alşyldy.

Umumy mejlisden soňra ylmy-amaly maslahat sekiz bölümçede öz işini dowam etdirdi. Bölümçelerde 150-den gowrak ylmy çykyş diňlenilip, olarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň edebiýaty öwreniş, filosofiýa, medeniýet, taryh, ýaşlar syýasaty, terbiýeçilik we jemgyýetçilik ösüşi bilen baglanyşykly dürli ugurlary seljerildi. Maslahata uniwersitetiň professor-mugallymlary, ýaş alymlary, talyplary hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar işlemäge, okamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.