Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

tm
ru
en

Baş sahypa

TOHU «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly halkara elektron žurnalyny çap eder 
TOHU «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly halkara elektron žurnalyny çap eder 
361 |
27 Iýun 2026 ý.

 Ýurdumyzyň öňdebaryjy agrar ýokary okuw mekdebi ählumumy ylym-bilim giňişligine goşulmagyň täze derejesine çykýar. Hepdäniň anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan neşir ediljek «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny esaslandyrmak baradaky teklip makullandy. Täze sanly taslama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmaga, ýaş alymlaryň düýpli ylmy barlaglarynyň netijelerini wagyz etmäge hem-de ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda tehnologik ugurlary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

 Täze elektron neşir halkara derejesine eýe bolup, ol türkmen, iňlis we rus dillerinde çap ediler. Bu bolsa türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurtly bilermenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin netijeli gepleşik meýdançasyny döretmäge mümkinçilik berer. Žurnalyň sahypalarynda häzirki zaman oba hojalygynyň esesasy ugurlary boýunça ýöriteleşýän professorlaryň, mugallymlaryň, doktorantlaryň we talyplaryň innowasion makalalaryny we seljerme materiallaryny çap etmek meýilleşdirilýär. 

 Çap ediljek makalalaryň tematikalary pudagyň iň köp isleg bildirilýän we ýokary tehnologiýaly ugurlaryny öz içine alar. Awtorlaryň üns merkezinde takyk we sanly ekerançylyk meseleleri, agrosenagat toplumynyň önümçiligine ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, häzirki zaman agronomiýasy, agroekologiýa hem-de suwdan rejeli peýdalanmak şertlerinde gidromeliorasiýa ýaly meseleler bolar. 

 Şu başlangyjy makullap, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga we amaly ylymyň netijeligini ýokarlandyrmaga döwletimiz tarapyndan mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini nygtady we degişli wise-premýere bu platformany işe girizmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Çeşmesi:Orient

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.