Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Aşgabatda «Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagyny gowşuryş dabarasy geçirildi
Aşgabatda «Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagyny gowşuryş dabarasy geçirildi
327 |
27 Iýun 2026 ý.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda hytaý dilini, medeniýetini we hytaý halkynyň däp-dessurlaryny öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň okuwçylaryna we talyplaryna «Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Bu başlangyç türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny bilim, ylym, medeniýet we ýaşlar alyşmalary ulgamlarynda mundan beýläk-de berkitmäge möhüm goşant bolup durýar. Sylag zehinli ýaşlary goldamaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmany höweslendirmäge, şeýle hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanlarynyň öňdengörüjilikli syýasaty, özara ynanyşmagy hem-de hemişelik ünsi netijesinde iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we has-da durnukly, okgunly häsiýete eýe bolýar. Dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy häzirki wagtda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar alyşmalary we ynsanperwer gatnaşyklar ýaly köp ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär.

Dabaranyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Şumin sylaga mynasyp bolanlary gutlap, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem hytaý dilini öwrenmegiň ýaşlar üçin bilim almak, akademiki alyşmalara gatnaşmak, dünýägaraýşyny giňeltmek we halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak babatda täze mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaý Halk Respublikasy bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bilim iki döwletiň arasyndaky ynsanperwer dialogyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, tejribe alyşmak we bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmen ýaşlarynyň hytaý dilini öwrenmäge we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga bildirýän gyzyklanmasynyň barha artmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý Hytaýyň bilim ulgamyna bolan ynamyň ýokarydygyny, şeýle hem bilimiň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň möhüm köprüsi hökmünde ornunyň barha artýandygyny görkezýär.

«Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagynyň gowşurylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle başlangyçlar medeniýetara dialogy pugtalandyrmaga, ýaşlar üçin bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygynyň geljekde-de yzygiderli berkidiljekdigine, ýaş nesil üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna, özara düşünişmegi çuňlaşdyrjakdygyna hem-de Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.