Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

tm
ru
en

Baş sahypa

Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
768 |
7 Awgust 2026 ý.

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy. Bu barada “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi saýtynda (https://tebigatchy.co.tm/tm/news/regular-competitions-in-fire-applied-sports-held-in-gokdere-jqw4) habar berildi. 

10–14 ýaşly ýetginjek oglanlar ýangyna garşy göreşmek ukyplaryny 5 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde görkezdiler. Olar agaç päsgelçiliklerden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküji guraly suw geçirijä birikdirip hem-de aýryp ylgawyny dowam etdirmek, pökgüleri nyşananyň içine düşürmek, ýangyn söndürijini dogry ulanmak, emeli ýangyna garşy göreşmegiň dogry düzgünini ýerine ýetirip, ýangyny söndürmek boýunça bäsleşip, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler. 

Bu çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi. 

Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 2-nji orna «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 3-nji orna bolsa «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň höwesek toparlary mynasyp boldular. 

Mundan başga-da, bäsleşigiň dowamynda aýratyn tapawutlanan türgenler we tälimçiler hem ýörite baýraklar boýunça sylaglandylar. Şeýlelikde, Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinden Hudaýberdiýew Allanur «Iň ýaş türgen», «Altyn Ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinden Begjanow Ahmet «Iň çalasyn türgen» diýlip yglan edildi. «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň terbiýeçisi Pirliýew Kemalnazar bolsa, «Iň gowy tälimçi» diýen ada eýe boldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we aýratyn tapawutlanan gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.