Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

tm
ru
en

Baş sahypa

“IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar
“IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar
603 |
8 Awgust 2026 ý.

2026-njy ýylyň 2-7-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherinde “IWISE Global Final London 2026” atly abraýly halkara bäsleşigi geçirildi. Dünýäniň 25 döwletinden okuwçylaryň gatnaşmagynda geçen bu bäsleşikde mekdep okuwçylarymyz üstünlikli çykyş etdiler.

Bu halkara bäsleşigine ýurdumyzyň mekdeplerinden saýlanan jemi 10 okuwçy gatnaşdy. Okuwçylarymyza Myrat Sähetgulyýew (Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy) we Goçmyrat Baýramow (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy) ýolbaşçylyk etdiler. Ýaryşda okuwçylarymyz çyzygy yzarlaýan robot (Line follower robot), labirintden çykalga tapýan robot (Maze solving robot), kiçi göreşiji robot (Mini-sumo robot) ýaly  ugurlary boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça mekdep okuwçylarymyz 6 altyn we 4 kümüş medal gazanmagy başardylar.

Bu ýaryşda Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew, Resul Geldiýew (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary), Selim Begmuradow (Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy) hem-de Nurmyrat Kulow (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy), şeýle hem Mälikmyrat Annamuradow (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy) altyn medala mynasyp boldular.

Mundan başga-da Salyh Altyýew (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy), Rozymyrat Ýagşymyradow (Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy), Ebubekir Berdiýew (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy) we Umyt Atamyradow (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy) kümüş medala eýe boldular.

Okuwçylarymyzyň bäşisiniň bu ýaryşda aýratyn tapawutlanyp, “Iň gowy gatnaşyjy” (Best of the best) diýlip yglan edilmegi we ýörite pul baýraklarynyň gowşurylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Mekdep okuwçylarymyzyň bu halkara üstünlikleri ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden gözbaş alýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2024 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.