Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar
tm
ru
en

Baş sahypa

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
806 |
9 Sentýabr 2026 ý.

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý, röwşen geljegimiz bolan ýaşlary kemala getirmek ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky 1596 belgili «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň fewral aýynda ähli görnüşli umumybilim edaralarynda bäsleşigiň mekdep tapgyry, 2026-njy ýylyň mart aýynda etrap we şäher tapgyry, 2026-njy ýylyň aprel aýynda welaýat, Aşgabat, Arkadag şäher tapgyrlary guramaçylykly geçirildi. Bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäher, welaýat tapgyrlaryna jemi 1184 çaga, 65 sany çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.  

Eminler topary tarapyndan bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäher, welaýat tapgyrlarynda özüniň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we sahna başarnygy bilen tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanylyp alyndy. 

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda ir säher bilen zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň Ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan döwlet tapgyryna gatnaşyjylaryň jemleýji konserti uly ruhubelentlik ýagdaýynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna 21 sany aýdymçy çaga bilen birlikde 436 çagadan ybarat 14 sany döredijilik topary gatnaşdy.  

Jemleýji konsertde okalan Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagy ýüreklerde uly buýsanç we hoşallyk duýgusyny döretdi. 

Ýaş ýürekleri buýsançly, kalplarynda döredijilik ylhamlary joşýan bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren aýdym-saz, tans we edebi-sazly, foklor çykyşlarynda dost-doganlygyň, dünýä nusgalyk beýik işleriň, parahatçylykly ösüşleriň mekany bolan Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan tutumly işler, ýetilýän belent sepgitler, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasy, şan-şöhrata beslenen taryhymyz, görenleri haýrana goýýan medeni gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz, halkymyza mahsus watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler ýokary çeperçilik bilen wasp edildi. 

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

    • +993 (71) 46 62 18

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2026 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.