Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
  • Baş sahypa
  • Biz barada

    • Milli Maglumat Merkezleriniň Bitewi Ýewropa tory
    • Guramanyň gurluşy
    • Umumy maglumatlar
  • Ykrar etmek işi

    • Ykrar etmek işiniň guralyşy
    • Ykrar etmek işiniň tertibi
    • Zerur resminamanyň sanawy
    • Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji
  • Resminamalar

    • Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary
    • Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary
    • Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri
    • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
    • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar
    • Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary
  • Daşary ýurt bilimi

    • Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar
    • Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
    • Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda
  • Metbugat gullugy

    • Täzelikler
    • Makalalar

Türkmenistanyň Milli maglumat merkezi

tm
ru
en

Baş sahypa

TÜRKMENISTANLY ÝAŞLAR GRUZIÝADA GEÇIRILÝÄN HALKARA OKUW TÜRGENLEŞIGINE GATNAŞÝARLAR
TÜRKMENISTANLY ÝAŞLAR GRUZIÝADA GEÇIRILÝÄN HALKARA OKUW TÜRGENLEŞIGINE GATNAŞÝARLAR
790 |
11 Sentýabr 2026 ý.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň wekilleri Gruziýa Respublikasynyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň gurnamagynda geçirilýän halkara ýaşlar okuw türgenleşigine ýokary işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Bu halkara çäre 2026-njy ýylyň 5 — 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýanyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Kahetiýa welaýatynyň Kwareli şäherinde geçirilýär.

Halkara okuw türgenleşigi döwrebap bilim bermek, ýaşlaryň özara tejribe alyşmagyny gazanmak, olaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guralýar. Çäräniň çäginde gatnaşyjylar üçin dürli mowzuklar boýunça amaly sapaklar, interaktiw seminarlar we medeni çäreler guralyp, ýaşlaryň giň gözýetimini we liderlik başarnyklaryny ösdürmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, gatnaşyjylar toparlaýyn taslamalary taýýarlamak, köpmedeniýetli gurşawda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ylym, bilim we innowasiýalar ugurlary boýunça amaly çözgütleri öndürmek ýaly meseleleriň üstünde bilelikde işleýärler. Şeýle hem maksatnama laýyklykda halkara ýaşlar wekilleri Kaheti welaýatynyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, baý medeni mirasy we milli däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Bu bolsa dürli ýurtlardan gelen ýaşlaryň arasynda dostlukly we özara düşünişmek meýillerini berkitmäge uly goşant goşýar.

Bu halkara taslamada Türkmenistana wekilçilik etmek üçin ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary gatnaşýarlar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ýaşlar syýasaty döwletimiziň ilkinji derejeli ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenip, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy, halkara okuw türgenleşiklerine hem-de maslahatlaryna gatnaşmagy üçin giň şertler döredilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. 

Türkmen ýaşlaryna saýlap alan hünärleri boýunça dünýä derejesinde kämilleşmäge we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ähli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Beýlekiler
TäzeliklerMakalalar

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň
Milli maglumat merkezi

  • Email
    • nic@bilim.tm

    • nic@sanly.tm

  • Telefon belgi
    • +993 (12) 36 19 25

    • +993 (12) 36 19 26

    • +993 (71) 46 62 18

  • Ýerleşýän ýeri
    • 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

© 2026 Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Milli maglumat merkezi. Ähli hukuk goragly.