
Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Şu jähetden, 23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilip, halk bähbitli taryhy çözgütleriň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şöhratly ata-babalarymyzyň mizemez ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Biz hem bu umumymilli foruma gatnaşyp, jemgyýetiň dürli gatlaklaryndan wekilçilik eden ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy:
— Döwletli geňeşe gatnaşmak, aýratyn hem, umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty dogrusynda çykyş etmek bagt. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Milli Liderimiziň geçen umumy okuw sapagynda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlary beýan edildi. Bu taryhy wakanyň ähmiýetini ählihalk forumynda hem buýsançly nygtadyk. Forumyň esasy aýratynlygy jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki, dürli ýaşdaky raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçiligiň döredilýänligindedir. Bu bizi örän guwandyrýar. Gurmagyň we döretmegiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Türkmen halkynyň ykbalyny arşa göterýän beýik tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!
Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
«Nesil».




