22
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-nji ýylyň 24-25-nji iýuny aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Mekdep okuwçylaryň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşigiň geçirilýändigini yglan edýär.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky 218 belgili buýrugy bilen tassyklanan Mekdep okuwçylaryň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşigi geçirmegiň düzgünnamasyna laýyklykda geçiriler. Bu Düzgünnama laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany zehinli 6-14 ýaşly mekdep okuwçylary gatnaşarlar. Olar, bäsleşigiň birinji gününde Mental arifmetikanyň «Zehin senenamasyny hasaplamak», «Mental kwadrat kök (alty belgili) almak», «Ýatdan goşmak», «Ýatdan köpeltmek (8x8)» görnüşleri boýunça zehinlerini synarlar. Bäsleşigiň ikinji gününde okuwçylar Mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça zehinlerini we ukyplaryny görkezerler.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan ediler we degişli diplomlar bilen sylaglanar.