194
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe, ýokary derejede dynç almagy üçin ähli şertler döredilip, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň mart aýynyň 25—30-y aralygynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy geçirilipdi. Bilim bäsleşiginde ýokary netije görkezip,birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň zehinli mekdep okuwçylaryna gazna tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.
Russiýa Federasiýasynyň ýeňiji toparynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde bejergi alan çagalaryň, şonuň ýaly-da Döwletliler köşgüniň we Balkanabat şäherindäki Çagalyk öýüniň çagalarynyň halkara bäsleşikde gowy netije görkezen ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 1—10-y aralygynda «Daýanç» sagaldyş merkezinde täsirli dynç almaklary hemde saglyklaryny berkitmekleri üçin baý mazmunly, gyzykly çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirildi. Şonuň esasynda dostlukly çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen Awaza şatlykly mekana öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän uly mümkinçilikleri esasynda Awazada çagalar dynç aldylar we dostlaşdylar. Dostlukly pursatlary iň gowy ýatlamalary bilen çaga kalplaryna ebedi ýazdylar.
Bu ýere gelen Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylarynyň we türkmen çagalarynyň aralarynda «Dil bilen dünýäni gezer»atly daşary ýurt dillerinde çeper okaýyş, aýdym aýtmak ýaly çäreler gyzykly boldy.
Çagalaryň ruhy dünýäsine täsirini ýetiren sport we ýörite taýýarlanan aýdym-sazly tans agşamy ýaly çäreler bolsa has-da gyzykly boldy. Dynç alýan çagalaryň «Gämiler dünýäsi» muzeýine aýlanyp görmekleri olarda uly täsir galdyrdy. «Rowaç» atly gämide deňze gezelenç edildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, gazallar diňlendi.
«Tebigat gözelligi—ülkämiziň bezegi» atly tebigaty wasp edýän surat çekmek boýunça bäsleşik, «Kim çalasyn, kim çakgan?» atly hereketli oýunlar boýunça şadyýan ýaryşlardan täsirlenen çagalar üçin «Awaza» akwa parkynyň amfiteatrynda Balkan welaýat medeniýet merkeziniň aýdym sazly şowhunly çykyşlary has-da gyzykly boldy. Bu aýdym-sazly dabarada Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşy çagalary diýseň begendirdi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Interaktiw suw çüwdürimler toplumyna gezelenç çagalar üçin täsirli boldy. «Daýanç» sagaldyş merkeziniň amfiteatrynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň göçme çykyşlary bolsa ýatda galyjylygy bilen begendirdi. «Jadyly kenar» medeni-dynç alyş seýilgähinde guralan «Arkadag sahawaty—ömürleriň çyragy» atly dabaranyň geçirilmegi bu ýere gelen çagalarda, aýratyn hem Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylarynda gyzykly ýatlamalary galdyrdy.
Umuman, Awazada dynç alan çagalar bu ýere gelen Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary bilen dostlaşdylar, türkmen topragynyň mukaddeslikleri barada gürrüň berdiler, täsirli pikirleri alyşdylar.
Dynç alşyň tamamlanan gününde «Jadyly kenar» medeni-dynç alyş seýilgähinde hoşallyk maslahaty we aýdym-sazly çykyşlar boldy. Dabaranyň täsirli başlanmagy hemmeleriň ünsüni çekdi. Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusyny ýatdan aýtdylar. Türkmen çagalary bolsa belli rus şahyry Aleksandr Puşkiniň goşgularyny ýatdan aýtdylar. Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda küştdepdiniň ýerine ýetirilişi örän gyzykly boldy, muňa ähli çagalar goşulyp, köplük bolup tans etdiler. Dabaranyň ahyrynda bu dynç alşa gatnaşanlara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Awazada dynç alan çagalar döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.
Oguljahan Alamyşowa,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni
"Mugallymlar gazeti"
12.08.2024ý №66.