img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmen wekiliýeti Astanada geçirilen Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ministrler maslahaty gatnaşdy

62

...

7-8-nji noýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanýaz Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astana şäherinde geçirilen 23-nji Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler maslahaty geçirildi.

Bu çärä Aziýa ösüş bankynyň Prezidenti Masatsugu Asakawa, CAREC institutynyň direktory Kabir Jurazoda, Ýewropa Komissiýasynyň Ýakyn Gündogar, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça direktory Peteris Ustubs, Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň we beýleki maliýe guramalaryň wekilleri, şeýle hem Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetleri gatnaşdylar.

Döwletleriň ykdysady we maliýe durnuklylygy, infrastrukturany ösdürmek, söwda, energetika, suw serişdeleri, kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak we ş.m. ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy seljerildi. Maslahat rassa energiýa geçişini, innowasion howa çözgütleriniň ornaşdyrylmagyny we ulag geçelgeleriniň durnukly ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.

Hususan-da, gatnaşyjylar sebitiň ulag durnuklylygyny berkitmäge we ykdysady ösüşini höweslendirmäge gönükdirilen Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň “Corridor 2” taslamasyna ünsi jemlediler. Işlenip düzülýän ýa-da durmuşa geçirilýän tapgyryndaky taslamalar hödürlendi (mysal üçin Gazagystanyň Aktau portundaky konteýner merkezi; Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak taslamalary).