img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary

Bilim barada döwlet nusgasyndaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ylalaşyk

3567

...

Bilim barada döwlet nusgasyndaky resmi namalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda
YLALAŞYK

Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň Hökümeti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti,

Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Turkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky 2002-nji ýylyň 23-nji aprelindäki Şertnamany goldanyp,

bilim babatda döwletara aragatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam bermek isläp,

bilim barada döwlet nusgasyndaky resmi namalary özara ykrar etmegiň kadalaryny ýola goýmaga çalşyp,

şular barada ylalaşdy:
 

1-nji madda

Şu Ylalaşyk Taraplaryň döwletleriniň bilim beriş edaralary tarapyndan Taraplaryň döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda berilýän bilim barada döwlet nusgasyndaky resmi namalara degişlidir.

2-nji madda

Okatmagyň dowamlylygy bilim bermegiň şu derejesinde azyndan 9 ýyl bolan mahaly Türkmenistanda berilýän orta bilim hakyndaky şahadatnama Russiýa Federasiýasynyň kanunçylygyna laýyklykda orta (doly) umumy bilimiň, başlangyç hünär we orta hünär biliminiň bilim beriş maksatnamalary boýunça okuwy dowam etdirmäge hukuk berýän resmi nama hökmünde Russiýa Federasiýasynda ykrar edilýär.
Okuwyň dowamlylygy bilim bermegiň şu derejesinde azyndan 10 ýyl bolan mahaly Türkmenistanda berilýän orta bilim hakyndaky şahadatnama we orta (doly) umumy bilim hakynda Russiýa Federasiýasynda berilýän şahadatnama olaryň eýelerine kabul edýän bilim beriş edarasynyň döwletiniň kanunçylygyna laýyklykda Taraplaryň döwletleriniň bilim beriş edaralarynda bilim bermegiň soňraky derejesiniň bilim beriş maksatnamalary boýunça okuwy dowam etdirmäge hukuk berýän resmi namalar hökmünde Taraplar tarapyndan ykrar edilýär.

3-nji madda

Russiýa Federasiýasynda berilýän, başlangyç hünär bilimi (orta (doly) umumy bilim bolanda) hakyndaky diplom we orta hünär bilimi hakyndaky diplom olaryň eýelerine Türkmenistanyň bilim beriş edaralarynda Turkmenistanyň kanunçyiygyna laýyklykda ýokary hünär biliminiň bilim beriş maksatnamalary boýunça okuwy dowam etdirmäge hukuk berýär.
Hünär işine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýol berilýär.

4-nji madda

Bilimiň şu derejesinde okuwyň dowamlylygy azyndan 4 ýyl bolan mahaly Türkmenistanda berilýän ýokary hünär bilimi hakyndaky diplom we Russiýa Federasiýasynda berilýän bakalawryň diplomy olaryň eýelerine Taraplaryň döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda alnan taýýarlygyň derejesini nazara almak bilen, Taraplaryň döwletleriniň bilim beriş edaralarynda ýokary hünär biliminiň bilim beriş maksatnamalary boýunça okuwy dowam etdirmäge hukuk berýär.
Hünär işine Taraplaryň döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda ýol berilýär.

5-nji madda

Bilimiň şu derejesinde okuwyň dowamlylygy azyndan 5 ýyl bolan mahaly Türkmenistanda berilýän ýokary hünär bilimi hakyndaky diplom we Russiýa Federasiýasynda berilýän hünärmeniň diplomy, ýokary hünär bilimli hünärmeniň diplomy olaryň eýelerine Taraplaryň döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda Taraplaryň döwletleriniň bilim beriş edaralarynda ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň bilim beriş maksatnamalary boýunça okuwy dowam etdirmäge hukuk berýär.
Hünär işine Taraplaryň döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda ýol berilýär.

6-njy madda

Degişlilikde Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda berilýän hem-de okuwyň gündizki görnüşi boýunça ýokary hünär biliminiň bilim beriş maksatnamalarynyň lukmançylyk hünärleri boýunça olary özleşdirmegiň azyndan 6 ýyl, stomatologiýa we farmasewtika hünärleri boýunça bolsa azyndan 5 ýyl möhlet bilen bilim beriş maksatnamalarynyň özleşdirilmegini tassyklaýan hünärmeniň diplomy, ýokary hünär bilimi bolan hünärmeniň diplomy hem-de ýokary hünär bilimi hakyndaky diplom olaryň eýelerine Taraplaryň döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda, Taraplaryň döwletleriniň bilim beriş we ylmy edaralarynda ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň bilim beriş maksatnamalary boýunça okuwy dowam etdirmäge hukuk berýär.
Hünär işine Taraplaryň döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda ýol berilýär.

7-nji madda

Russiýa Federasiýasynda berilýän magistriň diplomy onuň eýesine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň bilim beriş ya¬da ylmy edaralarynda ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň bilim beriş maksatnamalary boýunça okuwy dowam etdirmäge hukuk berýär.
Hünär işine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýol berilýär.

8-nji madda

Taraplaryň döwletleriniň ýokary hünär bilimiň bilim beriş edaralary tarapyndan berilýän akademiki delilhatlar alnan taýýarlygyň derejesini nazara almak bilen we kabul edýän bilim beriş edarasynyň döwletiniň kanunçylygyna laýyklykda, Taraplaryň döwletleriniň ýokary hünär bilimiň bilim beriş edaralarynda ýokary hünär biliminiň degişli bilim beriş maksatnamasy boýunça okuwy dowam etdirmäge hukuk berýär.

9-njy madda

Şu Ylalaşygyň 2-8-nji maddalary bilim beriş maksatnamalaryny özleşdirmegiň möhletinde we mazmunynda düýpli tapawutlaryň ýok şertlerinde ulanylýar.

10-njy madda

Şu Ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin, Taraplar bilim hakyndaky döwlet nusgasyndaky resmi namalaryň nusgalaryny, şeýle hem olary resmileşdirmegiň hem-de bermegiň tertibini we amallaryny düzgünleşdiryän milli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny birek-birege berýärler.

11-nji madda

Şu Ylalaşyga Taraplaryň ikisiniň ylalaşmagy bilen üýtgetmeler girizilip bilner, olar aýry-aýry teswimamalar arkaly resmileşdirilýär.

12-nji madda

Şu Ylalaşygy ulanmak ýa-da düşündirmek bilen bagly Taraplaryň arasynda döreýän jedeller Taraplaryň arasynda geňeşmeler we gepleşikler arkaly çözülýär. 

13-nji madda

Şu Ylalaşyk kesgitlenmedik möhlete baglaşylýar we oňa gol çekilen seneden güýje girýär.
Taraplaryň her biri beýleki Tarapa diplomatik ýollar boýunça bu barada ýazmaça habarnama iberip, şu Ylalaşygyň hereketini bes edip biler. Ylalaşyk beýleki Татар degişli habarnamany alandan on iki aýdan soň öz hereketini bes edýär.
Moskwa şäherinde 2009-njy ýylyň 25-nji martynda her biri türkmen we rus dillerinde iki nusgada amal edildi, özi-de iki nusganyň hem birmeňzeş güýji bardyr.

Türkmenistanyň
Hökümetiniň adyndan

 

Russiýa Federasiýasynyň
Hökümetiniň adyndan

 

Ýükle