4144
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda
çykaran 2487-nji karary bilen
tassyklandy
Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda
DÜZGÜNNAMA
1. Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) döwlet orta hünär bilimi edaralarynyň (mundan beýläk - orta hünär okuw mekdepleri) işini düzgünleşdirýär.
2. Orta hünär okuw mekdepleri öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şu Düzgünnamany we öz tertipnamasyny goldanýarlar.
3. Orta hünär okuw mekdepleriniň esasy wezipeleri:
1) Türkmenistanyň bilim ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek;
2) şahsyýetiň hünär bilimini almaga we ony çuňlaşdyrmaga, akyl we medeni taýdan ösmäge bolan islegini kanagatlandyrmak;
3) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň degişli pudaklary üçin orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamak (degişli ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda hünär-tehniki biliminiň bilim maksatnamalaryny hem amala aşyryp biler);
4) jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamak, goramak hem-de baýlaşdyrmak;
5) talyplarda milli taryh, medeniýet, däp-dessurlar hem-de ileri tutulýan umumadamzat gymmatlyklary bilen özara berk baglanyşykly ýokary medeniýeti, şeýle hem döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine, türkmen halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy terbiýelemek;
6) degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleri bilen bilelikde, zehinli hem-de ýokary derejede ukyply ýaşlary orta hünär okuw mekdepleri bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin orta mekdepleriň okuwçylarynyň we işleýän ýaşlaryň arasynda hünäre ugrukdyryş işlerini geçirmek;
7) talyplaryň orta hünär okuw mekdeplerinde okadylýan döwründe amaly işe taýýarlygyny üpjün etmek we orta hünär okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna okadylan uçurymlaryny işe ýerleşdirmek;
8) ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny hil taýdan kämilleşdirmek baradaky teklipleri işläp taýýarlamak;
9) ýaşlary terbiýelemegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, sport, medeni çäreleri we talyplary okatmagyň, olaryň dynç almagynyň, ýaşaýşynyň şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen beýleki çäreleri geçirmek;
10) okuwlary ýokary hilli guramagyň we okatmagyň öňdebaryjy usullaryny we serişdelerini ulanmak, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak bolup durýar.
4. Orta hünär okuw mekdepleriniň işiniň esasy ýörelgeleri:
1) özüniň ukyplaryny we zehinini doly amala aşyrmagynda her bir adamyň hukuklarynyň deňligini üpjün etmek;
2) orta hünär okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ynsanperwer häsiýetde bolmagyny, umumadamzat gymmatlyklarynyň, adamyň ömrüniň we saglygynyň, şahsyýetiň erkin ösmeginiň ileri tutulmagyny üpjün etmek;
3) orta hünär okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň Türkmenistanyň taryhy, türkmen halkynyň milli medeniýeti we däpleri bilen sazlaşykly arabaglanyşygyny saklamak;
4) talyplarda raýatlyk duýgusyny we watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormaty, maşgala, Watana, tebigy gurşawa bolan söýgini terbiýelemek;
5) orta hünär okuw mekdeplerinde berilýän bilim hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini her bir adama elýeterli etmek;
6) orta hünär okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ylym we önümçilik bilen utgaşdyrylmagyny hem-de daşary ýurt döwletleriniň bilim ulgamlary bilen özara baglanyşdyrylmagyny gazanmak;
7) orta hünär okuw mekdepleriniň dünýewi häsiýetliligini we onuň dini guramalardan aýrylygyny üpjün etmek;
8) pedagogik işgärleriň, talyplaryň orta hünär okuw mekdeplerini dolandyrmaga gatnaşmak hukugyny üpjün etmäge esaslanýan demokratik häsiýetliligini üpjün etmek;
9) orta hünär okuw mekdeplerini ýokary hünär derejeli pedagogik işgärler bilen üpjün etmek bolup durýar.
5. Orta hünär bilimi orta hünär bilimi edaralarynyň dürli görnüşlerinde (orta hünär okuw mekdebi, kollej we beýlekiler), şeýle hem degişli bilim maksatnamalaryna ygtyýarnamalarynyň bolan ýagdaýynda, ýokary hünär bilimi edaralarynda alnyp bilner.
6. Orta hünär bilimi derejesiniň bilim maksatnamalary boýunça okatmak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.
7. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almagy «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
8. Orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň möhleti, giriş synaglarynyň geçiriljek ýerleri, şeýle hem orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.
9. Giriş synaglarynyň geçirilýän we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän döwründe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan okuwa kabul etmek boýunça Döwlet topary döredilýär.
10. Orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmegiň möhletleri, giriş synaglarynyň guralyşynyň, orta hünär okuw mekdebine seçip almagyň we kabul etmegiň tertibi hem-de beýleki şertler okuwa kabul etmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda kesgitlenýär.
11. Okuwa kabul edilýän döwürde arza-şikaýatlara seredýän topar döredilýär. Toparyň düzümi, ygtyýarlylygy we işi okuwa kabul etmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda kesgitlenýär.
12. Orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek dalaşgärleriň arzasy boýunça giriş synaglarynyň netijeierine görä, bäsleşik esasynda amala aşyrylýar. Bäsleşigiň şertleri adamyň bilim almaga bolan hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň berjaý edilmegini we adamlaryň arasyndan degişli hünär biliminiň maksatnamasyny özleşdirmäge has ukyply hem-de taýýarlykly bolanlarynyň kabul edilmegini üpjün etmelidir.
13. Okuwa girýänlerden belli bir döredijilik ukyplarynyň, beden we (ýa-da) ruhy häsiýetleriň bolmagyny talap edýän hünärler boýunça okuwa kabul edilende orta hünär okuw mekdepleriniň bäsleşik geçirilende netijeleri umumybilim derslerinden geçirilýän giriş synaglarynyň netijeleri bilen bir hatarda göz öňünde tutulýan goşmaça döredijilik we (ýa-da) hünär häsiýetli synaglary geçirmäge hukugy bardyr.
Okuwa kabul edilende goşmaça döredijilik we (ýa-da) hünär häsiýetli synaglar geçirilip bilinjek taýýarlyk ugurlarynyň (hünärleriň) sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
Okuwy Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna girmegi we döwlet syrlaryny düzýän maglumatlara ygtyýarynyň bolmagy bilen baglanyşykly orta hünär okuw mekdepleriniň goşmaça synaglarynyň we olara kabul etmegiň şertleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
14. Türkmenistanyň umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary orta hünär okuw mekdeplerine ders bäsleşikleriniň ugry boýunça giriş synaglaryna gatnaşmazdan kabul edilýär.
15. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, orta hünär okuw mekdeplerine bäsleşiksiz kabul edilýär:
l) ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar;
2) maýyplygy bolan çagalar, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolan adamlar;
3) harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalary;
4) şu Düzgünnamanyň on dördünji böleginiň şertlerini ýerine ýetirmedik umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary;
5) köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolan çagalar.
16. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýarlar:
1) okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary;
2) taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri;
3) taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri;
4) III topar maýyplygy bolan adamlar;
5) çagyryş boýunça harby gullugy geçen adamlar;
6) saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan adamlar.
17. Orta hünär okuw mekdeplerine Türkmenistanyň az ilatly, barmasy kyn we uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ýaşaýan raýatlarynyň hataryndan okuwa kabul etmek maksatlaýyn taýýarlamak esasynda amala aşyrylyp bilner. Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň kärhanalary we guramalary maksatlaýyn taýýarlygyň sargytçylary bolup durýarlar.
Maksatlaýyn taýýarlamak taraplary Türkmenistanyň raýaty we onuň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar, sargytçy, orta hünär okuw mekdebi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bolup durýan şertnama bilen resmileşdirilýär.
Şertnamada aşakdakylar hökmany suratda göz öňünde tutulýar:
1) talyp hakyny goşmak bilen, okuwy maliýeleşdirmegiň şertleri;
2) bilim edarasyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň raýatynyň şertnamada kesgitlenen möhletiň dowamynda degişli önümçilikde işlemek baradaky borçnamasy;
3) şertnamanyň şertleriniň, şol sanda maliýe şertleriniň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda taraplaryň jogapkärçiligi.
18. Orta hünär bilimi hakyndaky resminama onuň eýesine degişli hünär işini amala aşyrmaga, Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralaryna okuwa girmäge, şeýle hem resminamasynda görkezilen hünäre laýyk gelýän (ugurdaş) hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynda okatmagyň gysgaldylan görnüşi boýunça okuwyny dowam etmäge mümkinçilik berýär.
19. Ykdysadyýetiň pudaklarynda işgärleriň hünär derejesini ösdürmek we olary wezipede ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle hem ykdysadyýetiň telekeçilik bölegini hünärli işgärler bilen üpjün etmek üçin Türkmenistanyň işleýän raýatlaryna aşakdaky mümkinçilikler berilýär:
1) olaryň önümçilik işi bilen bagly bolan hünärler boýunça önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen orta hünär bilimini almagyna;
2) orta hünär bilimi hakynda diplomynyň bolan ýagdaýynda, ugurdaş hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça okuwyny ýokary hünär bilimi edaralarynda gysgaldylan maksatnama esasynda dowam etmegine.
20. Orta hünär okuw mekdeplerinde talyplaryň lybasy we daşky görnüşiň beýleki görkezijileri orta hünär okuw mekdebiniň tertipnamasy bilen bellenilýär.
21. Orta hünär okuw mekdeplerinde bilim işiniň guralyşy degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary tarapyndan tassyklanýan, orta hünär bilimi baradaky döwlet bilim standartlaryna esaslanýan hünärler boýunça okuw meýilnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy we okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär.
22. Orta hünär okuw mekdepleriniň okuw we önümçilik tejribeligi degişli kärhanalarda, edaralarda hem-de guramalarda geçirilýär.
23. Orta hünär okuw mekdepleri bilim işini guranlarynda, bilim tehnologiýalaryny, şol sanda okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalary, elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanýarlar.
24. Elektron okuw arkaly bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmek aşakdakylara esaslanýar:
1) maglumatlar binýadynda saklanýan we bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende ulanylýan maglumata;
2) maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegini üpjün edýän maglumat tehnologiýalaryna we tehniki serişdelere;
3) görkezilen maglumatyň aragatnaşyk ýollary arkaly geçirilmegini hem-de talyplaryň we pedagogik işgärleriň arasynda zerur bolan (talap edilýän) özara gatnaşyklary üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa ulgamlaryna.
Elektron okuw arkaly bilim maksatnamasy durmuşa geçirilende, orta hünär okuw mekdebi okaýanlara, pedagogik işgärlere, okuw-kömekçi işgärlere we dolandyryş işgärlerine aşakdakylary öz içine alýan elektron okuw-usulyýet toplumynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär:
1) bilim maksatnamasynyň okuw meýilnamasyny;
2) okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasyny;
3) dersleriň (tapgyrlaryň, modullaryň, okuwlaryň) okuw maksatnamalaryny;
4) elektron görnüşde elýeterli bolan we dersiň (tapgyryň. modulyň, okuwyň) okuw maksatnamasyna laýyklykda, işleriň ähli görnüşlerini üpjün edýän bilim maglumatlarynyň toplumyny;
5) maglumatyň özleşdirilişiniň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin serişdeleri;
6) dersiň (tapgyryň, modulyň, okuwyň) okuw maksatnamasyny öwrenmek boýunça okaýanlara usuly maslahatlary.
25. Uzak aralykly bilim tehnologiýalary diýlip, uzak aralykdan talyplaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryny üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa torlaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň we okuw işini guramagyň gurallaryna düşünilýär.
Uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda, orta hünär okuw mekdebi okaýanlara aşakdakylaryň elýeterliligini üpjün edýär:
1) elektron okuw-usulyýet toplumynyň;
2) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat- telekommunikasiýa torlarynyň toplumynyň;
3) degişli tehnologik serişdeleriň.
26. Orta hünär okuw mekdebinde elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okatmaga başlamak üçin, aşakdakylaryň bolmagy hökmany şertdir:
1) her bir bilim maksatnamasy boýunça okuw meýilnamalaryndaky dersleriň (tapgyrlaryň, modullaryň, okuwlaryň) okuw maksatnamalarynyň ählisi boýunça elektron okuw-usulyýet toplumlarynyň;
2) elektron kitaphananyň;
3) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň;
4) maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň;
5) tehnologik serişdeleriň.
27. Orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň gündizki (gündizki, önümçilikden aýrylmak şertinde), gündizki-gaýybana (okuwyň iş wagtyndan başga wagtlarda okalmagy bilen, önümçilikden aýrylmazlyk şertinde) we gaýybana (önümçilikden aýrylmazlyk şertinde) görnüşleri ulanylýar.
Okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşleri göz öňünde tutulmaýan taýýarlygyň ugurlarynyň we hünärleriň sanawlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
28. Orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň gündizki- gaýybana we gaýybana görnüşlerine talyplyga kabul etmek raýatyň bilim edarasyndaky saýlap alan hünärine degişli bolan iş ýerinde ýa-da wezipede iki ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň we onuň iş berijisiniň hödürnamasynyň bolan şertinde amala aşyrylýar.
29. Orta hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça hünärler Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň Döwlet klassifikatory bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.
30. Orta hünär okuw mekdepleriniň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslar bilen şertnamalar baglaşmak arkaly, olara okuwyň bahasyny töletmek şerti bilen, şu aşakdaky ýagdaýlarda okatmagy amala aşyrmaga hukugy bardyr:
1) talyplar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän degişli hünär biliminiň maksatnamalary boýunça meýilnama görkezijilerinden daşary okuwa kabul edilende;
2) okatmagyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşine okuwa girilende;
3) orta hünär bilimi boýunça ikinji bilimi almak üçin okuwa girilende;
4) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulmaýan hünär boýunça okuwa girilende;
5) maksatlaýyn taýýarlyk esasynda okuwa girilende.
31. Orta hünär okuw mekdepleriniň degişli ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda ilata, kärhanalara, edaralara we guramalara beýleki tölegli bilim hyzmatlaryny etmäge hukugy bardyr.
32. Orta hünär okuw mekdepleriniň şu Düzgünnamanyň otuzynjy böleginde görkezilen tölegli işlerden alýan girdejileri olar tarapyndan tertipnamalaýyn maksatlary üçin ulanylýar.
Tölegli bilim hyzmatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän bilim işiniň deregine ýerine ýetirilmeýär. Bu kadanyň bozulmagy bilen gazanylan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna geçirilýär.
33. Orta hünär okuw mekdeplerinde okuw ýyly 1-nji sentýabrdan başlanýar. Okuw ýyly iki ýarymýyllykdan ybarat bolup, olaryň hersi hünäriň okuw meýilnamasyna laýyklykda hasap-synag möwsümi bilen tamamlanýar.
34. Orta hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti öwrenilýän hünäre we okatmagyň görnüşlerine baglylykda, iki okuw ýylyndan dört okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar. Okuwyň anyk möhleti okuw meýilnamalary bilen kesgitlenýär.
35. Okuw ýylynda talyplara 2 gezek, jemi 40 günden az bolmadyk dowamlylykda dynç alyş berilýär. Dynç alşyň takyk möhleti we dowamlylygy, hünär taýýarlygynyň degişli ugrunyň aýratynlygyna baglylykda, okuw meýilnamasyna görä kesgitlenýär.
36. Orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň dilleri «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenýär.
37. Türkmen dili döwlet dili hökmünde, orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir. Bilim maksatnamalarynyň maksadyndan we okuw işiniň aýratynlygyndan ugur alnyp, orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň esasy dili hökmünde daşary ýurt dili (dilleri) ulanylyp bilner.
38. Daşary ýurt dillerini öwrenmek orta hünär biliminiň maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizilýär.
39. Okatmagyň esasy dili degişli daşary ýurt dili (dilleri) bolan orta hünär okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň döwlet dili bilim maksatnamasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän milli bölegine girýän okuw derslerini okatmakda ulanylýar.
40. Orta hünär okuw mekdebiniň okuw sapaklarynyň tertibi talyplaryň naharlanmagy üçin ýeterlik dowamlylykda arakesme wagtyny göz öňünde tutmalydyr. Okuw sapaklarynyň we arakesmeleriň takyk dowamlylygyny Türkmenistanyň Bilim ministrligi kesgitleýär.
Orta hünär okuw mekdebinde naharlanmagy guramak üçin şertleri döretmek orta hünär okuw mekdebiniň üstüne ýüklenýär. Orta hünär okuw mekdebinde okaýanlaryň naharlanmagy üçin jaý göz öňünde tutulmalydyr.
41. Orta hünär okuw mekdebinde okaýanlaryň lukmançylyk hyzmatyny saglygy goraýyş edaralary üpjün edýärler. Orta hünär okuw mekdebi saglygy goraýyş işgärlerine olaryň işlemegi üçin degişli şertleri bolan otagy bermäge borçludyr.
42. Orta hünär okuw mekdeplerinde terbiýeçilik işleri bu babatda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär.
43. Orta hünär okuw mekdeplerinde talyplary terbiýelemegiň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesilde durmuş ähmiýetli iň möhüm raýatlyk häsiýetlerini we olary adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine döredijilikli işde ýüze çykarmak ukyplaryny kemala getirmekden we ösdürmekden ybaratdyr.
44. Talyplary terbiýelemegiň esasy ugurlaryna aşakdakylar degişli edilýär:
1) ruhy-ahlak terbiýesi;
2) raýat-watançylyk terbiýesi;
3) harby-watançylyk terbiýesi;
4) durmuş terbiýesi;
5) medeni-taryhy terbiýe;
6) sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýesi.
45. Talyplaryň terbiýeçilik işi amala aşyrylanda pedagogik işgärler aşakdakylara borçludyrlar:
1) terbiýeçilik işini ussatlyk derejesinde amala aşyrmaga;
2) talyplaryň arasynda hukuk bozulmalaryny duýdurmak boýunça öňüni alyş işlerini alyp barmaga;
3) talyplaryň ýol berýän düzgün bozmalary barada olaryň ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara öz wagtynda habar bermäge;
4) talyplaryň, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň abraýyna we mertebesine hormat goýmaga;
5) ruhy, ahlak we estetik taýdan özüni alyp barmakda we daşky keşbi bilen okaýanlara görelde bolmaga.
46. Talyplaryň terbiýeçilik işi amala aşyrylanda pedagogik işgärleriň aşakdakylara hukuklary bardyr:
1) öz hukuklaryny, kanuny bähbitlerini, abraýyny we mertebesini goramaga;
2) döredijilik başlangyçlaryna, terbiýelemegiň pedagogika taýdan esaslandyrylan görnüşlerini we usullaryny erkin saýlamaga.
47. Orta hünär okuw mekdebi bilim maksatnamalarynyň özleşdiriliş hilini talyplaryň okuwa ýetişiginiň aralyk jemlemesini geçirmek, gyşky we tomusky hasap-synaglaryny hem-de jemleýji döwlet synaglaryny geçirmek ýoly bilen kesgitleýär.
48. Orta hünär okuw mekdebi okuw işiniň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan işlenip düzülýän bahalar ulgamyny we talyplaryň synaglarynyň görnüşlerini peýdalanýar.
49. Orta hünär okuw mekdebinde jemleýji döwlet synaglary hökmany bolup, ol okuw meýilnamasy doly özleşdirilenden soň geçirilýär. Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde jemleýji döwlet synagy hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan düzgünnama laýyklykda, orta hünär okuw mekdebini tamamlaýanlaryň biliminiň jemleýji bahalandyrylyşy hökmünde Döwlet synag toparynyň netijesi ulanylýar.
50. Orta hünär okuw mekdepleri jemleýji döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen uçurymlara degişli bilimi alandyklaryny kepillendirýän we möhür bilen tassyklanýan döwlet nusgasyndaky resminamalary berýär.
51. Pedagogik ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryna bilim hakynda resminamany bermek synag möhletini üstünlikli geçmek bilen şertlenýär, onuň dowamynda ýaş hünärmenler hünäre giriş maksatnamasyny geçýärler hem-de onuň çäklerinde tejribeli pedagogik işgärleriň hataryndan berkidilen halypalaryň kömegi bilen ilkibaşdaky (binýatlyk) taýýarlyk döwründe alan bilimlerini we endiklerini berkidýärler.
52. Bilim hakynda resminamalaryň berilmegi üçin töleg alynmaýar.
53. Bilim hakynda resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde ýa-da Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen tertipde Türkmenistanyň döwlet dilinde we daşary ýurt dilinde resmileşdirilýär.
54. Bilimiň anyk derejesini tamamlamadyk, jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synagynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenlere orta hünär okuw mekdebinde okandygy hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky kepilnama berilýär.
Jemleýji döwlet synaglaryna gatnaşmadyklar ýa-da jemleýji döwlet synaglarynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenler bir ýyldan az bolmadyk möhletden soňra jemleýji döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyrmaga haklydyrlar.
55. Orta hünär okuw mekdebiniň uçurymyna we orta hünär okuw mekdebini tamamlaman okuwdan çykýan talyba onuň şahsy bukjasyndan okuwa kabul edilende tabşyran bilimi hakyndaky resminamasy gaýtarylyp berilýär. Resminamanyň tassyklanan göçürmesi we beýleki resminamalar (okuwa kabul edilendigi, okuwy gutarandygy ýa-da okuwdan çykarylandygy baradaky buýruklardan göçürme, hasap-synag depderçesi, talyp şahadatnamasy we beýlekiler) şahsy bukjada saklanmak üçin galdyrylýar.
56. Orta hünär okuw mekdebini dolandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şu Düzgünnama we orta hünär okuw mekdebiniň tertipnamasy esasynda amala aşyrylýar.
57. Orta hünär okuw mekdebi raýaty kabul edende ony we (ýa-da) onuň ata-enesini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary bilim edarasynyň tertipnamasy, bilim işini alyp barmaga we degişli bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminamany bermäge hukuk berýän rugsat beriji resminamalar, bu bilim edarasy tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary we bilim işini guramagy düzgünleşdirýän beýleki resminamalar bilen tanyşdyrmaga, şol sanda bilim edarasynyň Internet torundaky resmi saýtynyň üsti bilen tanyşdyrmaga borçludyr.
58. Orta hünär okuw mekdepleriniň dolandyrylyşy Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasynda olaryň tertipnamalaryna laýyklykda, ýeke-täk ýolbaşçylyk we köpçülikleýin dolandyryş ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýar.
Orta hünär okuw mekdebini gönüden-göni dolandyrmagy onuň direktory amala aşyrýar.
59. Orta hünär okuw mekdebiniň direktory ussat, abraýly işgärlerden teklip edilýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan wezipä bellenýär hem-de wezipeden boşadylýar.
Direktor Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, orta hünär okuw mekdebiniň işgärleriniň wezipe borçlaryny kesgitleýär.
60. Orta hünär okuw mekdepleriniň gurluş birlikleriniň ýolbaşçylary degişli ministrlik, pudaklaýyn dolandyryş edarasy bilen ylalaşylyp, orta hünär okuw mekdepleriniň direktorlary tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdepleriniň gurluş birlikleriniň ýolbaşçylary, şol edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.
61. Orta hünär okuw mekdebinde okaýanlara talyplar, diňleýjiler we beýlekiler degişlidir.
Bellenen tertipde orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň buýrugy bilen orta hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça okuwa kabul edilen adam talyp, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň bilim maksatnamalary boýunça okuwa kabul edilen adam diňleýji hasaplanylýar.
Talyba talyp şahadatnamasy we hasap-synag depderçesi berilýär.
62. Talyp orta hünär okuw mekdebiniň bilim maksatnamasyna laýyklykda, saýlan käri (hünäri) boýunça orta hünär bilimini alýar.
Talybyň hukuklary, borçlary we durmuş taýdan goldanylmagy «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny, şu Düzgünnama hem-de orta hünär okuw mekdebiniň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.
63. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna okuwa kabul edilen talyplar talyp haklary, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri we haýyr-sahawat guramalary tarapyndan bellenilýän talyp haklary bilen üpjün edilýär.
64. Orta hünär okuw mekdeplerinde okamagyň gündizki görnüşinde okaýan ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň eklenji we okuwy olaryň ýaşy 24-e ýetýänçä doly döwlet üpjünçiligi esasynda amala aşyrylýar.
65. Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamada bellenilen şertlere laýyklykda, sebäpli (akademiki) rugsat almaga, orta hünär okuw mekdebiniň içinde, şeýle hem beýleki bir orta hünär okuw mekdebine başga bir hünäre (taýýarlygyň ugruna) geçmäge, ozal talyplaryň hataryndan çykarylanlaryň talyplyga dikeldilmäge hukugy bardyr.
66. Orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen tertipde umumy ýaşaýyş jaýlaryndan ýaşaýyş ýerleri bilen üpjün edilýär.
Hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan, 45 (kyrk bäş) senenama gününden köp möhlete başga ýere bilim edaralarynda okamak maksat bilen wagtlaýyn giden, bilim edaralarynda okaýan raýatlaryň bellige alynmagy olaryň bilim edarasyna kabul edilendigi barada degişli buýrugyň çykarylan senesinden 5 (bäş) iş gününiň dowamynda şol edaralaryň ygtyýarly wekiliniň häkimlige ýüz tutmagy arkaly amala aşyrylýar. Talyplar okuw möhletiniň tamamlanýan wagtyna çenli bellige alynýarlar.
67. Orta hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça okuwy tamamlan orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna laýyklykda işe ugradylýar.
68. Pedagogik işgärler işe kabul edilende deslapky, şeýle hem işleýän döwründe iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna döwürleýin we nobatdan daşary lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge borçludyrlar.
69. Orta hünär okuw mekdepleriniň alymlyk derejeleri we (ýa-da) alymlyk atlary bolan mugallymlary ylmy-pedagogik işgärler hökmünde hem kesgitlenýärler. Orta hünär okuw mekdebiniň ylmy-pedagogik işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hukuklardan peýdalanýarlar hem-de borçlaryny ýerine ýetirýärler.
70. Orta hünär biliminiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin, pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň aşakdaky iň pes derejesi bellenilýär:
hünär dersleri mugallymy - ýokary okuw mekdebiniň degişli hünäri boýunça hünärmeniň diplomy ýa-da taýýarlygyň degişli ugry boýunça bakalawryň diplomy. Eger diplom pedagogik hünär derejesini göz öňünde tutmaýan bolsa, onuň eýesi pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça pedagogik taýýarlygy okuwyny geçýär.
71. Orta hünär okuw mekdepleri hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmäge, pedagogik işgärleriň ussatlygyny ýokarlandyrmaga, okuwy ylmy-usuly taýdan guramaga gönükdirilen işleri geçirýär.
72. Orta hünär okuw mekdepleri talyplarda milli taryhyň, medeniýetiň we däp-dessurlaryň esaslaryna ýugrulan düýpli ahlak ýörelgeleri hem-de umumy medeniýeti, şeýle hem sagdyn durmuş endiklerini terbiýelemek boýunça zerur şertleri döredýär.
73. Orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin bellenen tertipde ýyllyk iş ýüki kesgitlenýär.
74. Orta hünär okuw mekdepleri bilen işgärleriň arasyndaky zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
75. Orta hünär okuw mekdepleriniň maliýeleşdirilişi bilim maksatnamalarynyň mazmunyny, okatmagyň tehnologiýalaryny, okatmagyň görnüşlerini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlaryň bilim almagynyň ýörite şertlerini, okatmagyň we terbiýelemegiň howpsuz şertlerini üpjün etmegi, okaýanlaryň ömrüni we saglygyny goramagy hasaba almak bilen, olarda okaýanlaryň birine düşýän hasaba görä düzülen, orta hünär okuw mekdebiniň görnüşine laýyklykda, maliýeleşdiriş kadalyk ölçegleri esasynda amala aşyrylýar.
76. Orta hünär okuw mekdepleriniň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;
2) raýatlaryň hususy serişdeleri;
3) hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;
4) ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;
5) az ilatly, barmasy kyn we uzakdaky ilatly ýerlerde ýaşaýan raýatlardan maksatlaýyn taýýarlamak üçin hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri.
77. Orta hünär okuw mekdepleriniň öz işlerini amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, bilim edarasynyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tölegli goşmaça bilim we beýleki hyzmatlary etmek, bilim maksatnamalary boýunça okuwa tölegli esasda kabul etmek arkaly, şeýle hem Türkmenistanyň we (ýa-da) daşary ýurt döwletleriniň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslarynyň meýletin haýyr-sahawatlarynyň we maksatlaýyn gatançlarynyň hasabyna serişdeleri çekmäge hukugy bardyr.
Orta hünär okuw mekdebi tarapyndan goşmaça serişdeleriň çekilmegi esaslandyryjy tarapyndan maliýeleşdirmegiň kadalyk ölçegleriniň azalmagyna getirmeýär.
78. Orta hünär okuw mekdebi bar bolan býujetden daşary serişdeleriň çäklerinde mätäçlik çekýän talyplara durmuş goldawyny özbaşdak berip biler.
Orta hünär okuw mekdebiniň maddy binýadyny ýer, binalar, desgalar, enjamlar, ulag serişdeleri, şeýle hem okatmak, terbiýelemek, bilim babatda beýleki meseleleri çözmek üçin ulanylýan sarp ediş, ýaşaýyş-durmuş, medeni we beýleki maksatly emläkler düzýär.
79. Orta hünär okuw mekdebinde okaýan raýatlara Türkmenistanda bilim karzlary arkaly döwlet goldawy berilýär.
80. Orta hünär okuw mekdebine berkidilen döwlet emlägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kärendesine berlip bilner.
Kärende tölegi hökmünde alnan serişdeler orta hünär okuw mekdepleriniň bilim işini üpjün etmek we ösdürmek üçin ulanylýar.
81. Orta hünär okuw mekdepleriniň dessin dolandyryşyndaky ýa-da garamagyndaky okuw, önümçilik, ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly binalardaky önümçilik we ýaşaýyş-durmuş infrastrukturalarynyň desgalary we umumy ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem lukmançylyk bilim edaralarynyň kliniki binýatlary hususylaşdyrylmaga (döwlet eýeçiliginden aýrylmaga) degişli däldir.
82. Orta hünär okuw mekdebiniň eýeçiligine berkidilen emlägiň alynmagyna we (ýa-da) aýrylmagyna diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýol berilýär.
83. Orta hünär okuw mekdebi emlägiň eýesiniň öňünde berlen emlägiň abatlygy we netijeli peýdalanylmagy üçin jogapkärçilik çekýär.
84. Orta hünär okuw mekdepleri statistik we buhgalteriýa hasabatlaryny bellenen tertipde alyp barýarlar.
85. Orta hünär okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda hünär-tehniki, orta hünär, pedagogik we beýleki bilim işleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga hukuklary bardyr.
86. Orta hünär okuw mekdepleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralar üçin işgärleri taýýarlamagyň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän ähli görnüşlerdäki orta hünär okuw mekdepleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.
87. Orta hünär okuw mekdebi ýuridik şahsdyr, onuň aýrybaşgalanan emlägi, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri, möhürçeleri, resmi blanklary, şeýle hem Türkmenistanyň banklarynda hasaplaşyk hasaplary bar.