7826
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2019-njy ýylyň 01-nji martynda
çykaran 1158-njy karary bilen
tassyklandy
Döwlet umumybilim edaralary hakynda
DÜZGÜNNAMA
1. Şu Düzgünnama Türkmenistanda üznüksiz bilim bermegiň döwlet ulgamyna girýän we umumy orta bilimiň ýeke-täk milli maksatnamasyny durmuşa geçirýän hem-de bilim babatdaky döwlet syýasatynyň ýörelgelerine esaslanyp, çagalaryň bilim almaklaryny üpjün edýän döwlet umumybilim edaralarynyň (mundan beýläk – orta mekdepler) ähli görnüşleriniň guralyşynyň we olaryň işiniň tertibini düzgünleşdirýär.
2. Orta mekdepler öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şu Düzgünnamany we öz tertipnamasyny goldanýarlar.
3. Orta mekdepleriň tertipnamalary şu Düzgünnama esasynda taýýarlanylýar.
4. Orta mekdepleriň esasy wezipeleri:
1) milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine bolan garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna, ýa-da gaýra ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan bilim almak mümkinçiligi kepillendirmek;
2) bilim berýän edaralarda okuw-terbiýeçilik işiniň hilini we mazmunyny ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaýyn görkezmelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmek;
3) okuwçylarda ýokary medeniýetliligi we ahlak sypatlaryny terbiýelemek, terbiýeçilik işlerini türkmen halkynyň milli terbiýeçilik däpleri we umumadamzat ruhy gymmatlyklary, häzirki zaman terbiýeçilik usullary we görnüşleri bilen berk utgaşyklylykda guramak;
4) okuwçylarda watançylyk, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy baradaky asylly pikirleri, öz halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk duýgularyny kemala getirmek;
5) okuw işini türkmen halkynyň milli däpleriniň iň oňat nusgalaryny peýdalanmak bilen, dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy mugallymçylyk ylmynyň we usulyýetiniň gazananlary esasynda guramak;
6) okuwçylaryň pikirlerini we garaýyşlaryny erkin aýdyp bilmäge bolan hukugyny amala aşyrmagyna ýardam bermek;
7) okuwçylarda dünýä derejesine laýyk gelýän umumy we kesp-kär medeniýetini kemala getirmek;
8) okuwçylary Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirmäge taýýarlamak;
9) okuwçy ýaşlaryň arasyndan dürli bäsleşikleri, gözden geçirişleri we ýaryşlary geçirmek arkaly tebigy zehinli hem-de has ukyply okuwçylary ýüze çykarmak;
10) okuwçylara başlangyç zähmet endiklerini öwretmek we olary hünärlere ugrukdyrmak bolup durýar.
5. Orta mekdepler öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:
1) okuwçylara bilim we terbiýe bermekde dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy mugallymçylyk ylmynyň we usulyýetiniň gazananlaryny ulanyp, işini ýokary derejede guraýarlar;
2) okuwçylaryň çuňňur bilim we kämil terbiýe almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin zerur şertleri döredýärler;
3) umumadamzat gymmatlyklarynyň döremeginde we olaryň goralyp saklanmagynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň we milli medeniýetiniň tutýan ornuny okuwçylaryň aňyna ornaşdyrmak bilen, olarda Watana, halka, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk duýgularyny kemala getirýärler;
4) okuw meýilnamalaryna laýyklykda okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek işini guraýarlar;
5) okuwçylaryň tebigy zehinlerini, ukyplaryny, şahsy başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek boýunça dürli bäsleşikleri, çeper-döredijilik we beden saglygy çärelerini yzygiderli guraýarlar;
6) okuwçylara başlangyç zähmet endiklerini, durmuşa giňden ornaşýan ösen häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp bilmek başarnyklaryny öwretmek bilen, olary hünärlere ugrukdyrmak işini alyp barýarlar;
7) okuw meýilnamalaryna laýyklykda okuwçylary Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirmäge taýýarlaýarlar;
8) öz wezipeleriniň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýarlar.
6. Orta mekdebiň ýolbaşçylary hem-de mugallymçylyk işgärleri okatmagyň we terbiýelemegiň hili, okatmagy guramagyň we onuň usullarynyň saýlanylyp alnan görnüşleriniň çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna, saglyk ýagdaýyna laýyk gelmegi üçin döwletiň, ata-eneleriň we jemgyýetçiligiň öňünde jogapkärdir.
7. Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär. Türkmen dili döwlet dili hökmünde orta mekdepleriň ählisinde okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir.
Döwlet ähli görnüşlerdäki orta mekdeplerde Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt dillerini özleşdirmegine ýardam edýär.
8. Başlangyç, esasy we umumy orta bilim basgançaklaryny öz içine alýan umumy orta bilim şahsyýetiň bilimleri, başarnyklary we endikleri ele almagyna, umumy medeniýetiniň kemala getirilmegine, onuň jemgyýetdäki durmuşa uýgunlaşmagy, hünär biliminiň maksatnamalaryny oýlanyşykly saýlap almagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda mugtuna almaga haklydyr.
9. Orta mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işi bilimiň mazmunyny kesgitleýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary tarapyndan tassyklanýan esasy okuw meýilnamalaryna, olaryň esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan okuw meýilnamalaryna hem-de dersleriň okuw maksatnamalaryna we mekdep müdiri tarapyndan tassyklanan sapaklaryň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.
Orta mekdeplerde bilim almagyň gündizki görnüşi, aýratyn halatlarda eksternat we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny we dürli bilim tehnologiýalaryny, şol sanda okaýanlaryň we mugallymçylyk işgärleriniň özara gatnaşyk saklamagynda uzak aralykly düzgünde maglumatlar-telekommunikasiýa ulgamlarynyň ulanylmagy bilen durmuşa geçirilýän uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny we maglumatlar binýatlarynda bar bolan maglumatlaryň, maglumatlar tehnologiýalarynyň hem-de olaryň aragatnaşyk ugurlary arkaly berilmegi boýunça maglumatlar-telekommunikasiýa ulgamlarynyň jemlenilip ulanylmagyna esaslanýan elektron okuwy ýaly görnüşleri ulanylýar.
Bilim almagyň eksternat görnüşi öz wagtynda umumybilim maksatnamalaryny doly möçberde özleşdirmän, orta mekdebiň soňky alty synpy aralygyny tamamlap bilmedik raýatlar üçin niýetlenýär.
10. Umumybilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalaşdyrylan möhleti (başlangyç, esasy we umumy orta bilimi hasaba almak bilen) on iki ýyldan ybaratdyr. Umumybilim maksatnamalary gündizki görnüşde özleşdirilmelidir. Aýratyn halatlarda belli bir esasly sebäpler zerarly orta mekdebi gündizki görnüşde doly tamamlap bilmedik raýatlar islegleriniň we mümkinçilikleriniň göz öňünde tutulmagy bilen, diňe umumy görnüşli orta mekdepleriň umumybilim maksatnamalary esasynda orta mekdebi eksternat görnüşinde tamamlap bilerler. Umumybilim maksatnamalarynyň çäklerinde bilim almagyň ähli görnüşleri üçin bitewi döwlet bilim standartlary hereket edýär.
11. Umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan bilim edaralary hereket ediş şertlerine baglylykda aşakdaky görnüşlerde bolup biler:
1) umumy görnüşli orta mekdepler;
2) başlangyç mekdepler;
3) dürli ugurlar (tebigy, takyk, ynsanperwerlik we beýleki okuw dersleri, medeniýet, sport, harby we beýleki ugurlar) çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen hem-de zehinli çagalar üçin ýöriteleşdirilen orta mekdepler, mekdep-internatlar (mekdep-internatlar - okuwçylaryň mekdebe degişli umumy ýaşaýyş binasynda ýaşap, okamaklary üçin niýetlenen mekdepler);
4) welaýat, etrap merkezlerinden uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ýaşaýan çagalaryň kadaly bilim almaklaryny ýola goýmak üçin mekdep-internatlar;
5) ýöriteleşdirilen edaralarda jeza çäresini çekýänler üçin niýetlenen orta mekdepler;
6) uzak möhletli bejergä mätäç bolan çagalar üçin niýetlenen orta mekdepler;
7) akyl we beden taýdan ösüşinde ýetmezçilikleri bolan (kör we çala görýän, ker we soň eşidişden galan, akyl taýdan kemli we beýlekiler) çagalar üçin bejeriş-düzediş we okuw-terbiýeçilik işleri utgaşdyrylyp alnyp barylýan başlangyç, umumy orta bilim berýän ýörite mekdepler we mekdep-internatlar;
8) ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar üçin Çagalar öýleri.
Umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan başga görnüşli bilim edaralary hem döredilip bilner.
12. Orta mekdeplerde okaýanlaryň ýaş aýratynlyklaryna we okuw maksatnamalaryna laýyklykda synplar aşakdaky görnüşlere bölünýär:
1) başlangyç synplar (başlangyç bilim maksatnamasyna baglylykda 1-4-nji synplar);
2) orta synplar (esasy orta bilim maksatnamasy boýunça okadylýan 5-10-njy synplar);
3) ýokary synplar (umumy orta bilim maksatnamasy boýunça okadylýan 11-12-nji synplar).
13. Orta mekdeplerde medeni-köpçülik we bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
14. Orta mekdep okaýanlaryň dersler boýunça okuw maksatnamalaryny özleşdirmekleriniň netijeleriniň şahsy hasabyny ýöredýär, şeýle hem bu netijeleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen tertipde arhiwlerde kagyz we (ýa-da) elektron göterijilerde saklaýar.
15. Orta mekdeplerde synplaryň sany welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirlikleri, etrap, şäher bilim bölümleri bilen ylalaşylyp kesgitlenýär. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, umumy görnüşli orta mekdeplerde synplaryň dolulygynyň ortaça sany 25 okuwçydan ybarat bolmalydyr. Başlangyç synplarda okuwçylaryň sany 30-dan, orta we ýokary synplarda 34-den köp bolanda ugurdaş synplary açmaga rugsat edilýär. Ikiden köp bolan ugurdaş synplary açmagyň tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
16. Birinji synpa okuwa giren ýylynda 6 ýaşyny doldurýan çagalar, şeýle-de dürli sebäplere görä öz wagtynda okuwa çekilmedik çagalar kabul edilýär.
17. Öz wagtynda okuwa çekilmedik, şol sanda degişli Çagalar öýlerine iberilen ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar, olaryň ukyby göz öňünde tutulyp, okuw dersleri boýunça öz ýaşyndaky synplara çenli okuw maksatnamalaryny goşmaça özleşdirmäge mümkinçilik döredilen ýagdaýynda, şeýle hem aýratyn ukyp başarnygy bilen tapawutlanyp, ähli okuw derslerinden örän oňat bahalar bilen okaýan okuwçylaryň islegleri we mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, mugallymlar geňeşiniň karary bilen, okuw ýylynyň ahyrynda bir synp ýokary geçirilip bilner (umumy orta bilim basgançagynda okaýan okuwçylar, bu basgançagyň soňky ýylynyň okuw maksatnamasyny özleşdirip, jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran ýagdaýynda mekdebi gutardylyp bilner).
18. Okuw ýyly 1-nji sentýabrdan başlanýar we hersiniň dowamlylygy okuw meýilnamasy bilen bellenýän dört çärýege bölünýär. Okuw ýylynyň dowamlylygy azyndan 34 hepdeden ybarat bolup, rugsatlar okuw meýilnamasyna laýyklykda (güýzki-8 gün; gyşky-13 gün; ýazky-9 gün; tomusky azyndan-8 hepde) bellenýär. Mekdeplerde 6 günlük okuw hepdesi bellenýär, sapagyň dowamlylygy birinji synplar üçin 35 minut, beýleki synplar üçin 45 minut bolmalydyr.
19. Okuwçylaryň sanitariýa-gigiýena hem-de howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edişlerine gözegçilik etmek mekdebiň ýolbaşçylarynyň, mugallymçylyk we saglygy goraýyş işgärleriniň üstüne ýüklenýär.
20. Orta mekdeplerde okuwlar diňe bir salkynda alnyp barylmalydyr. Mekdepleriň okuw binalarynyň gurluşyk we sanitariýa-gigiýena düzgünlerine laýyklykda bir salkynda okatmak şertine laýyk gelmeýän ýagdaýynda, okuwlar iki salkynda alnyp barlyp bilner, ýöne şunda başlangyç we gutardyş synplarynyň okuwçylary hökmany tertipde günüň 1-nji ýarymynda okadylmalydyr.
21. Orta mekdeplerde başlangyç bilim we esasy orta bilim maksatnamalaryny tamamlaýan okuwçylar sepgit synaglaryny tabşyrýarlar hem-de orta bilimiň indiki basgançagyna geçirilýärler. Umumy orta bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi okuwçylaryň hökmany jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmaklary bilen tamamlanýar. Jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlara umumy orta bilim alandyklaryny kepillendirýän we degişli orta mekdebiň ýolbaşçysynyň goly we möhri bilen tassyklanýan döwlet nusgasyndaky umumy orta bilim hakynda şahadatnama berilýär.
Akyl we beden taýdan ösüşinde ýetmezçilikleri bolan çagalar üçin niýetlenen mekdepleriň görnüşine baglylykda, olary tamamlan çagalara başlangyç ýa-da umumy orta bilim hakynda şahadatnamalar berilýär.
Orta mekdepleriň okuwçylarynyň bilimlerine, başarnyklaryna we endiklerine gözegçilik etmegiň, olary hasaba almagyň hem-de olara baha bermegiň görnüşlerini Türkmenistanyň Bilim ministirligi kesgitleýär.
22. Orta mekdep Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan işlenip düzülen okuwçylaryň baha ölçeglerini, aralyk baha berlişiniň görnüşlerini, tertibini we yzygiderliligini ulanýar. Ähli derslerden oňyn jemleýji bahalary bolan okuwçylar synpdan-synpa geçirilýär.
23. Orta mekdebi tamamlap bilmediklere, jemleýji döwlet synaglaryna gatnaşmadyklara ýa-da jemleýji döwlet synaglarynda kanagatlanarsyz baha alanlara bilim edarasynda okandygy baradaky bellenen nusgadaky kepilnama berilýär.
Jemleýji döwlet synaglaryna gatnaşmadyklara ýa-da jemleýji döwlet synaglarynda kanagatlanarsyz baha alanlara bir ýyldan az bolmadyk möhletden soň jemleýji döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyrmaga hukuk berilýär.
Orta mekdebiň soňky alty ýylyny tamamlap bilmediklere berlen kepilnama olaryň orta bilim maksatnamasyny eksternat görnüşinde dowam etmegi üçin esas bolup durýar.
24. Okuwçynyň orta mekdepden çykarylmagy onuň on alty ýaşy dolandan soň terbiýeçilik häsiýetli çäreler netije bermedik we okaýanyň bu orta mekdepde mundan beýläk bolmagy beýleki okaýanlara ýaramaz täsir edýän, olaryň hukuklaryny we işgärleriň hukuklaryny bozýan, şeýle hem orta mekdebiň kadaly işlemegine päsgel berýän ýagdaýynda amala aşyrylyp bilner.
Okuwçynyň orta mekdepden çykarylmagy baradaky çözgüt Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan onuň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň pikirini göz öňünde tutup, onuň işe ýerleşdirilmegi we umumy orta bilim almagynyň başga görnüşde dowam etdirilmegi boýunça çäreleri kesgitleýän kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparyň razylygy bilen kabul edilýär.
Ýetim çagalary we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalary okuwdan çykarmak baradaky çözgüt,mundan başga-da, olaryň umumy orta bilim almagynyň başga görnüşde dowam etdirilmegi, geljekde hünär bilimini almagy we işe ýerleşdirilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýan, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen kabul edilýär.
25. Akyl taýdan sagdyn, emma fiziki taýdan şikesli çagalara (hereket-daýanç synasy bozulan çagalar we beýlekiler) aýratyn okuw meýilnamalaryna we okuw maksatnamalaryna laýyklykda, ýörite bilim edaralarynda ýa-da öýde okatmak arkaly orta bilim almak mümkinçilikleri döredilýär.
26. Okuwçy näsaglygy sebäpli, Lukmanlaryň maslahat beriş toparynyň gelen netijesi esasynda sepgit (4-nji we 10-njy synplardan soň) we gutardyş synaglaryndan boşadylyp bilner. Synaglaryň geçirilýän döwründe kesellän okuwçy, sagalandan soň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bellän tertibine laýyklykda synaglary tabşyrýar.
27. Okuwçylary ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň we özleriniň razyçylygy bolmadyk ýagdaýynda bilim maksatnamasynda göz öňünde tutulmadyk zähmete çekmek gadagan edilýär.
28. Okuwçylary jemgyýetçilik, jemgyýetçilik-syýasy birleşmelere, hereketlere we partiýalara girmäge mejbur etmäge, şeýle hem olary bu guramalaryň işine we wagyz etmek çärelerine hem-de syýasy hereketlere gatnaşmaga mejbur etmäge ýol berilmeýär.
29. Degişli ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda goşmaça (şol sanda tölegli) bilim hyzmatlary hökmünde umumy orta bilim basgançagynyň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän umumybilim edaralary kärhanalar, edaralar we guramalar bilen şertnamalar boýunça okuwçylaryň hünär taýýarlygyny geçirip bilerler. Hünär taýýarlygy diňe okuwçylaryň we olaryň ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň razylygy bilen geçirilýär.
30. Orta mekdep Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirlikleriniň, etrap, şäher bilim bölümleriniň guraýan ýaryşlaryna, bäsleşiklerine we beýleki çärelerine gatnaşmak üçin has zehinli okuwçylardan topar taýýarlaýar.
31. Orta mekdep okuwçylar bilen özara gatnaşyklarda çagalaryň hukuklarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berk berjaý edilmegini üpjün edýär. Orta mekdeplerde tertip-düzgün mugallymçylyk işgärleriniň we okuwçylaryň adam mertebesine özara sarpa goýmaklary esasynda saklanýar. Okuwçylara fiziki güýç we psihiki zorluk usullaryny ulanmaga ýol berilmeýär.
32. Orta mekdebiň dolandyrylyşy ýeke-täk ýolbaşçylyk we kärdeşler maslahaty ýörelgeleri boýunça amala aşyrylýar.
33. Orta mekdebiň işini ýeke-täk ýolbaşçylyk ýörelgeleri arkaly dolandyrmak gönüden-göni müdir tarapyndan amala aşyrylýar.
34. Orta mekdebiň müdiri wezipesine ýokary mugallymçylyk bilimi hem-de azyndan 5 ýyl mugallymçylyk iş tejribesi bolan adam bellenilip bilner. Müdir Türkmenistanyň Bilim ministrligi we degişli häkimlikler bilen ylalaşylyp, welaýat we welaýat hukukly şäher baş bilim müdirlikleriniň ýa-da degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.
35. Orta mekdebiň müdiri:
1) okuwyň hili, okuw-terbiýeçilik işiniň kämilleşdirilmegi, okaýanlar üçin zerur bolan okuw, zähmet we dynç alyş şertleriniň döredilmegi, olaryň janynyň we saglygynyň goralyp saklanmagy üçin döwletiň, ata-eneleriň we jemgyýetiň öňünde şahsy jogapkärçilik çekýär;
2) okuw-terbiýeçilik işini guraýar we onuň barşyna, netijelerine gözegçilik edýär, mekdebiň işiniň hili hem-de netijeliligi üçin jogap berýär;
3) synpdan we mekdepden daşary işi guramak üçin zerur şertleri döredýär;
4) öz orunbasarlaryny we beýleki mugallymlary seçip alýar hem-de olary işe kabul etmek, şeýle hem işden boşatmak üçin welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirliklerine, etrap, şäher bilim bölümlerine hödürleýär;
5) orta mekdebiň hyzmat ediş işgärlerini işe kabul edýär we işden boşadýar;
6) orta mekdebiň mugallymlarynyň döredijilik taýdan ösmegi, okatmagyň hem-de terbiýelemegiň öňdebaryjy görnüşleriniň we usullarynyň ornaşdyrylmagy üçin şertleri döredýär;
7) kärhanalarda, edaralarda we guramalarda mekdebiň bähbitlerine wekilçilik edýär;
8) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary tarapyndan tassyklanan esasy okuw meýilnamalarynyň we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegi we mekdebiň maliýe-hojalyk işleriniň kanunçylyga laýyklykda alnyp barylmagy üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.
36. Orta mekdebiň işini kärdeşler maslahaty ýörelgeleri arkaly dolandyrmak mekdepde döredilýän mugallymlar geňeşiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Mugallymlar geňeşiniň başlygy mekdebiň müdiridir. Mugallymlar geňeşiniň maslahaty ýylda azyndan 6 gezek geçirilýär. Mugallymlar geňeşiniň çözgütleri mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymçylyk we beýleki işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir. Orta mekdebiň işgärleri mekdebiň okuw ýyly üçin tassyklanan iş meýilnamasy esasynda işleýärler.
37. Orta mekdepleriň işgärleriniň wezipe sanawy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanýar.
38. Orta mekdeplerde mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga degişli mugallymçylyk bilimi bolanlaryň hukugy bardyr. Diňe mugallymçylyk bilimli hünärmenleriň ýetmezçilik edýän halatlarynda mugallymçylyk bilimli hünärmenler bilen üpjün edilýänçä, mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga degişli ugurdaş başga hünär bilimi bolan raýatlar wagtlaýyn işe kabul edilip bilner.
Lukmançylyk görkezmeleri esasynda lukmanlaryň maslahat beriş toparynyň netijenamasy ýa-da eden jenaýaty üçin kazyýetiň hökümi boýunça mugallymçylyk işi bilen meşgullanmak gadagan edilen‚ şeýle-de bilkastlaýyn ortaça agyr, agyr we aýratyn agyr jenaýatlary üçin iş kesilenlik aýby bolan adamlara bilim edaralarynda mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga rugsat berilmeýär.
39. Mugallymlaryň işini kämilleşdirmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de hünär derejesini kesgitlemek, olara degişli zähmet hakyny bellemek üçin mugallymçylyk işgärleri hünär synagyndan geçirilýär.
Mugallymçylyk işgärleriniň hünär synagy azyndan bäş ýylda bir gezek geçirilýär. Onuň wagty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli Orunbasary bilen ylalaşylyp, Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
40. Işgärler bilen iş berijiniň arasyndaky zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
41. Mugallymçylyk işgärleriniň iş ýüküniň möçberi her okuw ýyly üçin tassyklanan okuw meýilnamasy boýunça okuw derslerine berlen sagat sanlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen hepdelik iş ýüküne laýyklykda bellenilýär.
42. Mugallymlaryň:
1) okatmagyň we terbiýe bermegiň usulyýetini, okuw gollanmalaryny tassyklanan maksatnamalaryň çäginde erkin saýlap almaga;
2) hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmäge we öz islegi boýunça degişli hünär derejesini almak üçin hünär synagyndan geçmäge hukugy bardyr.
Mugallymlar:
1) okaýanlaryň, olaryň ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, şeýle hem bile işleýän kärdeşleriniň abraýyna we mertebesine sarpa goýmaga;
2) orta mekdebiň içki düzgün-nyzam kadalaryny berjaý etmäge;
3) tassyklanan okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;
4) okuwçylara ylmy esasda çuňňur bilim bermäge, olaryň bilesigelijiligini we zehinini ösdürmäge, saglygy barada alada etmäge, durmuş şertleri bilen gyzyklanmaga;
5) mugallym diýen hormatly ada mynasyp adamkärçiligiň, salyhatlylygyň ýokary nusgasyny görkezmäge we daşky keşbiniň estetiki taýdan sazlaşykly bolmagy üçin alada etmäge borçludyrlar.
43. Okuwçylaryň:
1) döwlet bilim standartlaryna laýyklykda bilim almaga, goşmaça (şol sanda tölegli) bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaga, şeýle hem döwlet bilim edaralarynda okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny mugt ulanmaga;
2) şahsy pikiriň, beden hem ruhy taýdan kemsitmeleriň ähli görnüşlerinden goranmaga hukugy bardyr.
Okuwçylar:
1) päk ýürekden yhlasly okamaga, mekdepde talap edilýän içki düzgün-nyzam we jemgyýetçilik durmuşynyň talaba laýyk gelýän düzgünlerini berjaý etmäge;
2) orta mekdepde okaýanlaryň we işleýänleriň mertebesini we abraýyny goramaga, hormatlamaga;
3) orta mekdepde talap edilýän mekdep lybaslaryny geýmäge borçludyrlar.
44. Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalary hökmany umumy orta bilimi alýançalar bilim almagyň görnüşlerini, bilim edarasyny saýlamaga, çaganyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, bilim edarasynyň işine gatnaşmaga hukugy bardyr.
Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar:
1) çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okamagy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, olarda kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara, şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak medeniýetini terbiýelemäge;
2) çagalarynyň hökmany umumy orta bilim almaklaryny üpjün etmäge;
3) bilim edarasynyň Tertipnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge;
4) çagalaryny bellenen nusgadaky mekdep lybaslary bilen üpjün etmäge borçludyrlar.
Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalarynyň terbiýesi, olaryň bilim almagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärcilik çekýärler.
45. Orta mekdepde okaýanlaryň durmuşynyň goralmagyny we saglygynyň berkidilmegini kepillendirýän şertler döredilýär.
46. Orta mekdeplerde okaýanlaryň lukmançylyk hyzmatyny saglygy goraýyş edaralary üpjün edýärler. Orta mekdebiň ýolbaşçylary saglygy goraýyş işgärlerini degişli şertleri bolan iş otagy bilen üpjün etmäge borçludyr.
47. Orta mekdepleriň sapaklarynyň tertibi okaýanlaryň iýmitlenmegi üçin ýeterlik dowamly arakesme wagtyny göz öňünde tutmalydyr. Okaýanlaryň iýmitlenmegi üçin ýörite jaý göz öňünde tutulmalydyr.
48. Orta mekdepleriň mugallymçylyk işgärleri işe kabul edilenlerinde we okuw ýyly başlanmazyndan öň her ýylda bir gezek iş berijiniň hasabyna lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler.
49. Orta mekdepler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Orta mekdepleriň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenen tertipde goşmaça tölegli bilim hyzmatlarynyň we Düzgünnamada göz öňünde tutulan beýleki hyzmatlaryň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslarynyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslarynyň meýletin haýyr-sahawatlarynyň we maksatlaýyn gatançlarynyň hasabyna goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge hukugy bardyr.
Şol bir wagtyň özünde goşmaça serişdeleriň çekilmegi bilen, Döwlet býujetinden maliýeleşdirmegiň kadalarynyň we (ýa-da) möçberiniň peseldilmegine ýol berilmeýär.
50. Orta mekdepleri maliýeleşdirmek olarda okaýanlaryň birine düşýän hasaba görä düzülen, orta mekdepler üçin kabul edilen maliýeleşdiriş kadalary esasynda amala aşyrylýar. Orta mekdepler maliýeleşdirilende mugallymçylyk işgärleriniň lukmançylyk gözegçiliginiň çykdajylary hem göz öňünde tutulmalydyr.
Beýleki umumybilim edaralaryndan uzakda ýerleşýänliginden, ulag bilen gatnatmak mümkinçiliginiň şertlerinden we (ýa-da) okuwçylaryň sanyndan ugur alnyp kesgitlenilýän, obalardaky az toplumly we şolar ýaly edaralar hökmünde seredilýän orta mekdepleriň maliýeleşdirilmeginiň kadalyk ölçegleri olarda okuwçylaryň sanyna bagly bolmadyk harajatlary göz öňünde tutmalydyr.
51. Orta mekdebiň maddy binýady binalardan, desgalardan, enjamlardan, ulag serişdelerinden, okatmak, terbiýelemek we bilim ulgamynyň beýleki meselelerini çözmek üçin ulanylýan sarp ediş, ýaşaýyş-durmuş, medeni we beýleki maksatly emläklerden ybaratdyr.
52. Welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirliklerine, etrap, şäher bilim bölümlerine degişli orta mekdepleriň işi boýunça buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, esasan, merkezleşdirilen buhgalteriýalar tarapyndan amala aşyrylýar.
Aýratyn ýagdaýlarda orta mekdepleriň özbaşdak buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy bolup biler. Bu orta mekdepleriň işi boýunça bugalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy bellenen tertipde amala aşyrylýar.
53. Orta mekdepler Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan kanunçylyga laýyklykda döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.
Umumy orta bilim maksatnamasyny amala aşyrýan ýöriteleşdirilen ugurly (medeniýet, sport, harby, terbiýelemesi kyn çagalar üçin niýetlenen we beýleki ugurly) orta mekdepler Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar. Orta mekdepleri döretmek üçin olaryň ýerleşjek binalarynyň kabul edilen gurluşyk, arassaçylyk we enjamlaşdyryş kadalaryna laýyk gelmegi hökmandyr.
54. Orta mekdep ýuridik şahsdyr, onuň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri bar.