
Tomus paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde çagalaryň sagdyn ösmekleri üçin işler guramaçylykly alnyp barylýar. Esasan hem, çagalar bakja-baglarynda olaryň wagtly-wagtyna dynç almaklary, sagdyn iýmitlenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu möwsümde terbiýeçileriň döwrebap işleri alyp barmaklary, körpeleriň arasynda arassaçylyk kadalaryny berk gözegçilikde saklamaklary we oýunlary guramaklary hökmandyr. Şonuň üçin körpe nesilleriň şu günleri aýratyn şadyýanlykda geçýär.
Ýakynda Mary şäherinde ýerleşýän 51-nji çagalar bakja-bagymyzda welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Göwnaçmalary guramakda elektron serişdeleriň ähmiýeti» atly usuly sagat geçirildi. Oňa ussat hünärmenler, öňdebaryjy bilim işgärleri, çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçi-usulyýetçileri, terbiýeçileri, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlar we aýdym-saz ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gözel TOÝLYÝEWA,
Mary şäherindäki 51-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.




