
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda dil barada: «Dil — ýüregiň açarydyr» diýen jümle bar. Şu babatda öz mähriban ene dilimiziň halkymyzy we ýaş nesilleri terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitirýän hyzmaty uludyr. Çünki biz ene dilimiziň söz gorunyň üsti bilen Watanymyza, il-günümize bimöçber söýgimizi beýan edýäris.
Türkmen diliniň söz baýlygyny artdyrmakda, ony gorap saklamakda hem-de ýaş nesillere dogry gürlemegi, dürs ýazmagy öwretmekde ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Mekdep partasyndan başlap ene dilimiziň öwredilmegi, ýokary okuw mekdeplerinde ýörite hünärmenleriň taýýarlanmagy, milli metbugatymyzyň çap edilmegi, dilçi alymlaryň ylmy işleri ýazmagy onuň esasyny düzýär. Dil boýunça gazet-žurnallarda, teleradioýaýlymlarda ýörite rubrikalar boýunça gepleşikleriň taýýarlanmagy, makalalaryň ýazylmagy, usuly okuw sapaklarynyň geçirilmegi bolsa, gadymy dilleriň biri bolan türkmen diliniň gurluşy, söz baýlygy, leksikologiýasy, morfologiýasy, orfografik we orfoepik kadalaryny özleşdirmek boýunça öňden bar bolan bilimlerimizi berkidip, özara tejribe alyşmagyň iş guralyna öwrülýär.
Ogulbeg JUMAÝEWA,
žurnalist.




