
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleri berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn we hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler edip kemala getirmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzda tomus möwsüminde çagalaryň beden we ruhy taýdan ösmegi üçin amatly şertler döredilen. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen arassa howada gezelenç edip, irden howa gyzmanka, 10 — 20 minut Gün şöhlesinden ýeterlik paýyny almaga, suwda taplanmaga, witaminlere we ýokumly minerallara baý bolan ir-iýmişler, miweler, gök önümler bilen iýmitlenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçilikler tomus möwsüminiň işini doly we dogry ýola goýmagyň aýratynlyklaryny emele getirýär.
Ejegül ÖWEZOWA,
Aşgabat şäherindäki 78-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.




