
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Çeper edebiýat ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde iň täsirli usul hasaplanýar. Bu ugurda kitaplar hem ynsanyň iň ýakyn syrdaşy we akylly maslahatçysy hasaplanýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredijilik bäsleşikleri we duşuşyklary yzygiderli guralýar.
Golaýda «Halypa ýazyjylar — görelde mekdebi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu çäre ýazyjy-şahyrlary, edebiýat muşdaklaryny we talyp ýaşlary bir ýere jemläp, örän gyzykly hem-de täsirli pursatlara baý boldy. Döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşut Şamyýewiň döredijiligine bagyşlandy. Bu duşuşyga gatnaşanlar Gowşut Şamyýewiň döredijilik ýoluna, onuň taryhy we döwrebap temalardan ýazan gymmatly eserlerine ýokary baha berdiler. Çykyşlarda halypa ýazyjynyň galamyna degişli eserler hakynda gyzykly söhbet guraldy. Ýazyjynyň eserleriniň dil baýlygy, çeperçilik aýratynlyklary dörediji ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup durýar.
Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».




