
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hyzmatdaşlygyň iň oňyn we netijeli ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer ulgamdyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň bu abraýly guramada başlyklyk etmeginiň çäklerinde halkara gatnaşyklar täze belentliklere göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasaty milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýäde dabaralandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Türkmen döwletiniň daşary syýasy ugrunyň esasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri düzýär. Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň bitewi we uzak möhletleýin medeni-ynsanperwer strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy şertidir. Türkmenistan GDA agza ýurtlaryň halklarynyň medeni we ruhy gymmatlyklary babatda dialogy has-da durnukly ösdürmäge çalyşýar. Ýerine ýetiriji häkimiýetleriň özara gatnaşyklaryny utgaşdyrýan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylda geçirilen Aşgabat duşuşygy hem ulag, energetika, senagat we infrastruktura bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy-da çuňlaşdyrmaga uly itergi berdi.
Aýmämmet IŞANGULYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kafedra müdiri.




