
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen buýsançly şygar astynda geçýän taryhy ýylda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-nji synpyna okuwa barjak körpelere Şa sowgatlary garaşýar. Megerem, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan ýaş nesliň durmuşyna üýtgeşik ýakym çaýýan bu pursat aýratyn ýatda galyjy bolsa gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri bagtly çagalygyň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilýändiginden habarly bolup, her täze okuw ýylynyň öň ýanynda bu şatlykly pursada sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda mundan 15 ýyl öň ýurdumyzda ilkinji gezek orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterler sowgat berlip başlandy. Bu gezek döwlet Baştutanymyzyň adyndan kompýuter sowgat almak nobaty täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň birinji synp okuwçylarynyňky.
Elektron senagatyň ösdürilmegi, sanly ulgama geçilmegi bilen, bu ugurdan uly isleg bildirilýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly harytlaryň önümçiligi barha artýar. Şunda her ýyl birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara sowgat berilýän “Bilimli” noutbuk kompýuterleriniň öz ýurdumyzda öndürilýändigi hem buýsandyryjydyr. Bu ýyl hem, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine birinji synpa barýan okuwçylara gowşuryljak noutbuk kompýuterleri «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilip, häzirki wagtda doly taýýar edildi. Bu kärhanalaryň ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň ýokarlandyrylmagynda, milli bilimiň sanlylaşdyrylmagynda mynasyp goşandy bar.
Biz ýakynda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň daşary ykdysady departamentiniň sertifikatlaşdyrma we standartlaşdyrma bölüminiň guramaçy-terjimeçisi Mahym Kakaýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, täzeçe çemeleşmeler, elektron hyzmatlar, «akylly» tilsimatlar halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Biziň hojalyk jemgyýetimiz hem häzirki zaman tehnologik çözgütleri hem-de infrastruktura önümçiligine degişli ulgamlary üpjün etmek, ornaşdyrmak we bu ugurda ýokary hilli, ygtybarly, halkara ülňülere laýyk gelýän hyzmatlary hödürlemek ugruna ýöriteleşendir. Önümçilige girişen günümizden halkara derejede iş alyp baryp, halkymyzy elektron enjamlaryň dürli görnüşleri bilen üpjün etmegimiz, daşary ýurtlaryň birnäçesinde açylan şahamçalarymyz arkaly milli önümlerimizi dünýä ýaýmagymyz on ýylyň dowamyndaky irginsiz zähmetimiziň miwesidir.
Önümçilikde daşary ýurt kompaniýalarynda hem-de daşary döwletleriň innowasion tehnologiýalary öndürýän merkezlerinde kämilleşdiriş okuwyny geçip, tehniki enjamlary öndürmek boýunça bilimlerini artdyran tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler. Olardan Hangeldi Orazbaýew, Artýom Çeşnow, Aýmyrat Garajaýew dagynyň ýokary ussatlyk bilen işleýändiklerini aýtmaly. Hiline, ýygnalyşyna, işleýşine berk gözegçilik edilmegi önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar. Kompýuterler çagalaryň saglygy üçin howpsuz bolup, onuň meýilnamasyna türkmen, rus, iňlis dilleri, dürli söz düzümleri, saz amallary, öwrediji oýunlar, hasap maşklary, mekdep döwrüniň başky üç ýylynda özleşdirilýän esasy dersler, okuw gollanmalary girizildi. Olaryň daşky görnüşi we gurluşy işlenilip taýýarlanylanda, hünärmenleriň maslahatlary göz öňünde tutuldy we olardaky goşundylaryň ählisi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde işlenilip düzüldi. Bu kompýuterleriň operasion ulgamy «Android 15», operatiw ýady 6 gigabaýt, çeýe diski 128 gigabaýt bolup, olar täze, köpugurly sensor paneli, goşmaça multifunksional LED paneli, ýörite gözi goramak üçin pes ýagtylyk derejesi bolan ekran we yşyklandyryjy nyşan, USB kabelli «syçanjyk» we zarýad beriji adapter bilen üpjün edilendir. Noutbuklarda göz öňünde tutulan programma üpjünçiligi, ulanyljak sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar, elektron sözlüklerdir kitaplar okuwçylaryň has giň möçberdäki maglumatlary kabul etmegine ýardam berýär. Okuw maksatly goşundylardan başga-da, iş ulgamy dürli aň ösdüriji goşundylary oturtmaga hem mümkinçilik berýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň uludan bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-nji synpyna barýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Munuň özi, Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna, Bilimler we talyp ýaşlar gününe hojalyk jemgyýetimiziň işçi-hünärmenleriniň hem mynasyp zähmet sowgady bolar. Önümçilik kärhanasyny ýola goýup, nurana geljegimiz bolan körpe nesliň zehin we bilim babatda kämilleşmegine, milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşmagyna goşant goşmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Bilimli» bilen ak mekdebiň gapysyny açýan mähriban körpelere bolsa: «Ak mekdebe ilkinji ädimiňiz gutly-mübärek bolsun! Siziň bilimler dünýäsine ilkinji ädimiňiz ylym-bilimiň täzeçil, innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýän täze taryhy döwre gabat geldi. Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen kompýuterlerden peýdalanyp, okaň, öwreniň, kämillige ýetiň!» diýesimiz gelýär — diýip, ýaş hünärmen gürrüňini körpe nesle ak arzuw-niýetler bilen jemledi.
Hawa, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň adyndan öwrediji kompýuterleri sowgat alýan körpe nesilleriň geljekde orta mekdepleri üstünlikli tamamlap, ýokary bilim alyp, ylmyň çuňluklaryna aralaşyp, innowasion açyşlary, täze teklipleri, iri taslamalary bilen eziz Diýarymyzyň bedew batly özgerişlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynanýarys.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».




